Amerikanyň daşary işler ministri Eýrana garşy toslamasyny ýene bir gezek gaýtalady
Amerikanyň daşary işler ministri Reks Tilerson Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygyny aýyply ylalaşyk hasaplady.
Reks Tilerson Nýu-ýork gazetinde çapa beren matlabynda indiden beýläk Eýran bilen gol çekilen aýyply ýadro ylalaşygy Waşington döwletiniň Tehran baradaky syýasatyny esasy bolup bilmez diýip yglan etdi.
Reks Tilerson şeýle-de ýadro ylalaşygyndaky kemçilikleri düzeltmek ugurda Amerika döwleti, ýaranlary hemde Kongress bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdir diýip sözüne goşdy.
Amerikanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýranyň raketa we goranyş programmalaryna hem yşarat edip Waşington döwleti Tehrana garşy sebitleýin maslahatlaryny dowam etdirjekdir diýip nygtap geçdi.