Amerikanyň daşary işler ministri Eýrana garşy toslamasyny ýene bir gezek gaýtalady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i967-amerikanyň_daşary_işler_ministri_eýrana_garşy_toslamasyny_ýene_bir_gezek_gaýtalady
Amerikanyň daşary işler ministri Reks Tilerson Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygyny aýyply ylalaşyk hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 28, 2017 16:58 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň daşary işler ministri Eýrana garşy toslamasyny ýene bir gezek gaýtalady

Amerikanyň daşary işler ministri Reks Tilerson Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygyny aýyply ylalaşyk hasaplady.

Reks Tilerson Nýu-ýork gazetinde çapa beren matlabynda indiden beýläk Eýran bilen gol çekilen aýyply ýadro ylalaşygy Waşington döwletiniň Tehran baradaky syýasatyny esasy bolup bilmez diýip yglan etdi.

Reks Tilerson şeýle-de ýadro ylalaşygyndaky kemçilikleri düzeltmek ugurda Amerika döwleti, ýaranlary hemde Kongress bilen  edýän hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdir diýip sözüne goşdy.

Amerikanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýranyň raketa we goranyş programmalaryna hem yşarat edip Waşington döwleti Tehrana garşy sebitleýin maslahatlaryny dowam etdirjekdir diýip nygtap geçdi.