Dünýäde Kowid-19-a ýolugan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 57 million 817 müň adama ýetdi
Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 781 müň 790 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 81 million 680 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 57 million 817 müň adama ýetdi.
Koronawirus epidemiýasy sebäpli 931 adamyň ýogalan we 149 müň 653 adamyň wirusa ýolugan Kuweýtde, Kowid-19 epidemiýasynyň has çalt ýaýraýan görnüşine garşy görülen çäreleriň çäginde ýapylan serhetleriň ýaňadandan açylandygy mälim edildi. Uçar gatnawlarynyň şu gün ýaňadandan başlajakdygy, emmä gury ýer we deňiz serhetleriniň şenbe gününden başlap ýerli wagt bilen sagat 09:00-15:00 aralygynda açyk boljakdygy habar berildi.
Ýaponiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 338 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 224 müň 488 adama ýetdi.
Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan we şu günki güne çenli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, soňky 1 günde adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 27 adamlyk artyş bilen 87 müň 3 adama ýetdi.
Günorta Koreýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 859 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 58 müň 725 adama ýetdi.
Filippinler Kowid-19-yň has çalt ýaýraýan görnüşiniň gabat gelinen ýurtlardan geljek syýahtçylara gadagançylyk girizdi. Ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Fransisko Duke, Döwlet baştutany Rodrigo Duterte tarapyndan tassyklanan gadagançylygyň 30-nji dekabr ýerli wagt bilen sagat 12:01-da güýje girjekdigini we 15-nji ýanwara çenli dowam etjekdigini habar berdi.
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Hindistanda 148 müň 190 adama, Russiýada 55 müň 265 adama, Eýranda 54 müň 814 adama, Günorta Afrikada 27 müň 71 adama, Indoneziýada 21 müň 452 adama, Yrakda 12 müň 791 adama ýetdi.