Kovid-19 Täsirini Dowam Etdirýär
Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Kovid-19 sebäpli 360 müň adam ýogaldy, 21 milliondan gowrak adam hem hasaba alyndy.
Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Kovid-19 sebäpli 360 müň adam ýogaldy, 21 milliondan gowrak adam hem hasaba alyndy.
Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 851 müň 700, wirusa ýoluganlaryň sany 85 million 552 müň, sagalanlaryň sany 60 million 521 müň adamdan geçdi.
Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Kovid-19 sebäpli 360 müň adam ýogaldy, 21 milliondan gowrak adam hem hasaba alyndy.
Kovid-19 sebäpli Britaniýada 75 müň 24 adam ýogaldy, ýurtda Oksford uniwersiteti bilen AstraZenika firmasy tarapyndan öndürlen koronawirus sanjymy tapgyry başlady.
Koronawirus Gresiýada 4 müň 957 adamyň ýogalmagyna, 140 müň 9 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Ýurtda Britaniýadan paýtagt Afina gelen 5 grek we 1 iňlis raýatynda koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşine gabat gelindi.
Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 65 müň 37, wirusa ýoluganlaryň sany 2 million 655 müň 728 adama ýetdi. Ýurtda 27-nji dekabrda başlan Kovid-19 sanjym tapgyrynda häzire çenli diňe 450 adama sanjym edilmegi uly garşylyga sebäp boldy.
Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 75 müň 332, wirusa ýoluganlaryň sany 2 million 155 müň 446 adama ýetdi.
Koronawirus sebäpli:Braziliýada 196 müň 18,Meksikada 127 müň 213,Ispaniýada 50 müň 837,Kolumbiýada 43 müň 965,Argentinada 43 müň 482,Peruda 37 müň 830,Germaniýada 36 müň 105,Polşada 29 müň 119,Belgiýada 19 müň 701,Ukrainada 18 müň 927,Çilide 16 müň 767,Ruminiýada 15 müň 979,Kanadada 15 müň 865,Ekwadorda 14 müň 59,Çeh Respublikasynda 12 müň 70,Gollandiýada 11 müň 612 adam ýogaldy. Hindistanda epidemiýa sebäpli 149 müň 686 adam ýogaldy, 10 million 341 müň 291 adam hem hasaba alyndy. Hindistan ulanylmagyna rugsat berlen Oxford/AstraZenikanyň Kowid-19 sanjymyny öndürýan firmanyň başga ýurtlara sanjym satmagyny wagtlaýyn gadagan etdi.
Kowid-19-yň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan we häzirki wagta çenli 4 müň 634 adam pidasy çekilen Hytaýda soňky bir günde ýogalan bolmady. Hasaba alynanlaryň sany bolsa 87 müň 150 adama ýetdi. Ýurtda gyssagly ulanylmagyna rugsat berilen iki Kodiw-19 sanjymynyň howply toparlara edilmäge başlanandygy habar berildi. Paýtagt Pekinde hepdäniň ahyrynda 220 sanjymlaýyş merkezinde 73, 537 adama ilkinji doza sanjymlary edildi. Sanjymlananlarda haýsydyr bir zyýanly täsiriň ýüze çykmandygy habar berildi.
Günorta Koreýada wirus sebäpli aradan çykanlaryň sany 981 adama, hasaba alynanlaryň sany 64,264 adama ýetdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýoşihide gürlen çärelere garamazdan paýtagt Tokioda we golaýdaky 3 ştatda wirus ýolugýanlaryň sanynyň azalmandygy sebäpli adatdan daşary dolanşyk düzgüniniň giriziljekdigini beýan etdi. Ýurtda epidemiýa sebäpli ölenleriň sany 3,634, hasaba alynanlaryň sany 245,924 adama ýetdi.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda wirus sebäpli 8 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1,640 adama ýetdi.
Kipriň grek böleginde bolsa wirus sebäpli 131 adam aradan çykdy, 23,974 adama hasaba alyndy. Britaniýadan baran 12 adamda mutasiýa sezewar bolan wirusyn bardygy anyklandy.
Kuweýt korobawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşini hasaba alan Britaniýa bilen özara uçar gatnawyny bes etmek hakynda karar kabul etdi. Karar 6-njy ýanwarda güýje girer.
Saud Arabystany Kowid-19-a garşy görülen çärelere laýyklykda 20-nji dekabrda ýapylan howa, deňiz we guryýer gümrük geçelgelerini düýn açdy.
Beýleki käbir ýurtlarda Kowid-19 sebäpli çekilen adam pidalary şeýle: Russiýa: 58,506, Eýran: 55,540, Günorta Afrika: 29,577, İndoneziýa: 22,734, Yrak: 12,834 we Pakistan: 10,350.