Trump: Häkimiýetiň geçirilmegi 20-nji ýanwarda bolar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9748-trump_häkimiýetiň_geçirilmegi_20_nji_ýanwarda_bolar
Amerikanyň prezidenti ahyrsoňy prezident saýlawynda ýeňlişi kabul etdi we Ak tamda häkimiýetiň geçiriljekdigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jan 07, 2021 17:14 Asia/Ashgabat
  • Trump: Häkimiýetiň geçirilmegi 20-nji ýanwarda bolar

Amerikanyň prezidenti ahyrsoňy prezident saýlawynda ýeňlişi kabul etdi we Ak tamda häkimiýetiň geçiriljekdigini yglan etdi.

CNN habar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump öz beýanynda şeýle diýdi:saýlawyň netijelerine düýbünden garşy çykýaryn we bar bolan hakykatlar onyň  ýeňşini tassyklaýar, ýöne häkimiýetiň adatça 20-nji ýanwarda saýlanan prezident Jo Baýdene geçiriljekdigi aýdylýar.

Trump şeýle-de saýlawçylaryň hukuklary ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini toslady.

Jo Baýden ABŞ-nyň Kongresiň binasyna edilen hüjüme garamazdan bu ýurduň 46-njy prezidenti hökmünde resmi taýdan tassyklandy.