Demirgazyk Koreýanyň lideri ABŞ-ny duşmançylygy bes etmäge çagyrýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9762-demirgazyk_koreýanyň_lideri_abŞ_ny_duşmançylygy_bes_etmäge_çagyrýar
Demirgazyk Koreýanyň lideri Waşingtony Pyongyanga garşy duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmäge çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 09, 2021 12:34 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýanyň lideri ABŞ-ny duşmançylygy bes etmäge çagyrýar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Waşingtony Pyongyanga garşy duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmäge çagyrdy.

Yonhap habar gullugynyň habaryna görä, "Kim Juň Un" Baýdeniň Kongres tarapyndan ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawynda resmi taýdan tassyklanmagyndan soň eden ilkinji çykyşynda Amerikany bu ýurduň iň uly duşmany diýip atlandyrmak bilen Waşington ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak üçin Pyongyanga garşy duşmançylykly syýasatlaryny bes etmelidir diýdi.

Şol bir wagtyň özünde Kim Juň Un, ABŞ-da häkimiýetiň üýtgemeginiň Waşingtonyň Pyongyanga bolan garaýşyny üýtgetmejekdigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri şeýle-de, duşman güýçleri ýadro ýaraglaryny ulanmasa, ýadro ýaragyny ulanmajakdygyny aýtdy.

Waşington bilen Pyongyangnyň resmileriniň üç tapgyr duşuşygyna we Pyongyangnyň ýadro we raketa çärelerini çäklendirmek üçin çäreleri görendigine garamazdan, ABŞ-nyň resmileri Demirgazyk Koreýa ýadro we raketa çärelerini togtatýança Waşingtonyň Pyongyanga garşy girizen sanksiýalarynyň hiç biriniň ýatyrylmajakdygyny birnäçe gezek aýtdylar.