Demirgazyk Koreýanyň lideri ABŞ-ny duşmançylygy bes etmäge çagyrýar
Demirgazyk Koreýanyň lideri Waşingtony Pyongyanga garşy duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmäge çagyrdy.
Yonhap habar gullugynyň habaryna görä, "Kim Juň Un" Baýdeniň Kongres tarapyndan ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawynda resmi taýdan tassyklanmagyndan soň eden ilkinji çykyşynda Amerikany bu ýurduň iň uly duşmany diýip atlandyrmak bilen Waşington ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak üçin Pyongyanga garşy duşmançylykly syýasatlaryny bes etmelidir diýdi.
Şol bir wagtyň özünde Kim Juň Un, ABŞ-da häkimiýetiň üýtgemeginiň Waşingtonyň Pyongyanga bolan garaýşyny üýtgetmejekdigini aýtdy.
Demirgazyk Koreýanyň lideri şeýle-de, duşman güýçleri ýadro ýaraglaryny ulanmasa, ýadro ýaragyny ulanmajakdygyny aýtdy.
Waşington bilen Pyongyangnyň resmileriniň üç tapgyr duşuşygyna we Pyongyangnyň ýadro we raketa çärelerini çäklendirmek üçin çäreleri görendigine garamazdan, ABŞ-nyň resmileri Demirgazyk Koreýa ýadro we raketa çärelerini togtatýança Waşingtonyň Pyongyanga garşy girizen sanksiýalarynyň hiç biriniň ýatyrylmajakdygyny birnäçe gezek aýtdylar.