Maýk Pensiň Eýrana garşy aýyplamalary
Amerikanyň wise-prezidenti ABŞ resmileriniň Eýrana garşy toslamalaryny gaýtalady.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň wise-prezidenti "Maýk Pens" Kaliforniýa ştatynyň "Lemoore" howa bazasynda prezident Donald Trumpyň administrasiýasynyň soňky günlerinde beren gürrüňlerinde Dört ýyl ozal býudjetiň gaty azaldylmagy bilen ýok edilen goşuny miras aldyk diýdi.
Soňra Maýk Pens Trump administrasiýasynyň, esasanam Eýrana garşy alyp barýan daşary pozisiýasyny, we sionist režimi goldamak barada palestinalylara garşy işlerini öwdi.
Pensiň toslamagyna görä, Trump administrasiýasynyň başynda we ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň nädogry pozisiýalary sebäpli Eýranyň güýji Günbatar Aziýa sebitinde gaýtadan dikeldildi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň administrasiýasy syýasy ömrüniň soňky hepdelerinde Eýrana garşy sanksiýalar girizmek işini çaltlaşdyrdy.
Trump administrasiýasy, Eýrany gepleşik stoluna getirmek üçin 2018-nji ýylyň maý aýynda halkara ýadro ylalaşygyndan bikanun çykandan bäri Eýrana dürli sanksiýalar girizdi.
Trumpyň bu çäresi içerki we halkara derejesinde giňden ýazgaryldy.