May 10, 2025 12:21 Asia/Ashgabat
  • bölüm 1011, süre Mumtahana, aýat 1-6

bölüm 1011, süre Mumtahana, aýat 1-6

برنامه تفسیر نور (ممتحنه1)

1011

Mumtahana süresi

Geçen gepleşikde mübärek häşir süresiniň gutarmagy bilen bu hepteki sanymyzda biz mumtahana süresiniň tefsirini başlamakçy . bu süre medeni sürelerdendir we onuň 13 aýaty bar aýatlaryň süreleri hem köplenç allanyň duşmanlary bilen dos bolmakdan gaça durmaklyga degişlidir we şu ýerlikde hezret ybraýym (a) möminlere bir ülňi hökmünde tanydylandyr.

Mumtahana süresi, 1 we 2-nji aýatlar:

یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا تَتَّخِذُوا عَدُوِّی وَعَدُوَّکُمْ أَوْلِیَاءَ تُلْقُونَ إِلَیْهِمْ بِالْمَوَدَّةِ وَقَدْ کَفَرُوا بِمَا جَاءَکُمْ مِنَ الْحَقِّ یُخْرِجُونَ الرَّسُولَ وَإِیَّاکُمْ أَنْ تُؤْمِنُوا بِاللَّهِ رَبِّکُمْ إِنْ کُنْتُمْ خَرَجْتُمْ جِهَادًا فِی سَبِیلِی وَابْتِغَاءَ مَرْضَاتِی تُسِرُّونَ إِلَیْهِمْ بِالْمَوَدَّةِ وَأَنَا أَعْلَمُ بِمَا أَخْفَیْتُمْ وَمَا أَعْلَنْتُمْ وَمَنْ یَفْعَلْهُ مِنْکُمْ فَقَدْ ضَلَّ سَوَاءَ السَّبِیلِ ﴿١﴾ إِنْ یَثْقَفُوکُمْ یَکُونُوا لَکُمْ أَعْدَاءً وَیَبْسُطُوا إِلَیْکُمْ أَیْدِیَهُمْ وَأَلْسِنَتَهُمْ بِالسُّوءِ وَوَدُّوا لَوْ تَکْفُرُونَ ﴿٢﴾

<< eý iman getiren adamlar! meniň duşmanymy we öz duşmanyňyzy özüňize dost tutunmaň . siz olar bilen dostluk taslamany duzýandyrsyňyz olaryň , hakdan size gelene kapyr bolandyrlar , olar pygamberi we sizi , allaga imanly bolmagyňyz zerarly mekgeden kawup çykarandyrlar. eger siz meniň ýolumda jahad etmek we meniň razylygym üçin watandan daşary çykan bolsaňyz olar bilen dostlyk etmäň , siz öz dostlygyňyzy ýaşrynlykda olara ýetirýänsiňiz emma men siziň we olaryň arasynda bolan penhan we äşgär zatlara danarakdyryn we her kimse sizden şeýle bir işe baş goşsa şeksiz ol dogry ýoldan azaşandyr.// eger size musallat bolsalar siziň güçli duşmanyňyz boljakdyrlar we size telekelik bilen el uzatjakdyrlar dilleri size ýaramazlyklary aýtmak üçin açyljakdyr we olar siziň kapyr bolmagyňyzy gawy görýändirler.>>

Taryhy dakumentleriň esasyna gürä hezret resül äkrem (s) we musulmanlar Mekgede bolan mahallary , yslam şerigatyny gyrakda goýmak ugurda müşrükler tarapyndan yza eziýetlere we gynaglara gabat gelýärdiler şeýlelik bilen hezret resul äkrem(s) Medinde hijret etdi we musulmanlar hem müşrükleriň yza ezýetlerinden gutulmak üçin topur topur bolup medinä hijret etmeli boldylar.

Hijretden soň hem müşrikler ençeme gaýtar Medinede höjüm edip pygamber äkrem (s)ň tersine pitne döretdiler . emma yslam we musulmanlary ýok etmek üçin bolan öz maksatlaryna ýetip başarmadylar . 8-nji ýyl hijretden soň hudaý resüli , Mekgäni alyp bu şähäri müşrükleriň elinden azat etmek üçin musulmsnlaryň köpüsi bilen mekgä tarap hereket etdi . gowum garyndaşlary Mekgede ýaşaýan musulmanlaryň biri , bu habary bir hatda ýazyp ony bir zenana tabşyrdy we ondan bu habary ýaşrynlykda Mekge müşrüklerine ýetirmekligi talap etdi . hudaý resüli jebreýl arkaly bu meseleden habarly boldy we ol haty ýazan kişini öz huzuryna çagyrdy bir topury hem ol zenany tussag etmek üçin borçly etdi şeýlelik bilen musulmanlar ol zenany tapyp haty elinden alyp başardylar. Bu aýatlar şu hili adamlary ýazgarmak üçin nazyl bolandyr. Bu hili adamalar müşrükler bilen dos bolmaklary zerarly musulmanlaryň ýaşryn maglumatlaryny olara ýetirýärler we müşrükler hem olary gawy görýän mykan diýip oý edýärler . emma olar dilleri bilen musulmanlary ýamanlaýandyrlar we eger hem müsellit bolsalar , iman ähline yza ezýet berýändirler.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- bir ýürege 2 dostluk sygýan däldir bir zamanda hemä hudaý hemde onuň pygamberini gawy görüpde şol ýagdaýda hem allanyň dininiň tersine pitne duzýanlary dos hölminde saýlap boljak däldir.

2- diniň duşmanlary , möminleriň hudaýa imanly bolmakly zerarly olar bilen duşmançylyk edýärler olar musulmanlaryň ýeke täk hudaýa bolan imanlaryndan el çekipde olar ýaly kapyr bolmaklaryny isleýändirler.

3-din syasatdan özňe däldir . daşary sýasatda , beýleki ýürtler bilen aragatnaşyk gurmak ýada gatnaşyklary togtadmak din ölçegleri esasynda bolmalydyr.

4- duşmanlar bilen dostlukly gatnaşyklary dikeltmek ynsany şum agybata gyryptar edip ony kapyrçylyga we gyşarnyga tarap çekýändir.

Mumtahana süresi, 3-nji aýat :

 لَنْ تَنْفَعَکُمْ أَرْحَامُکُمْ وَلا أَوْلادُکُمْ یَوْمَ الْقِیَامَةِ یَفْصِلُ بَیْنَکُمْ وَاللَّهُ بِمَا تَعْمَلُونَ بَصِیرٌ ﴿٣﴾

<< kyýamat güni , siziň kapyr kowum garyndaşlaryňyzyň we perzentleriňiziň hiç gaýsy peýdaly däldir şol günde perwerdigär siziň bilen olaryň arasynda jydalyk düşürjekdir we perwerdigär siziň ýerine ýetirýän işleriňizi görýändir.>>

Geçen aýatlarda , kä bir möminleriň öz kowum garyndaşlarynyň Mekgede ýaşaýandyklary sebäpli olary musulmanlaryň syrlaryndan ägä etjek bolýandyklaryna yşarat boldy bu aýat şonuň dowamynda şeýle permaýyş edýär : iman ähli bolmadyk kowum garyndaşlar we perzendler sizi dünede ylahy gahar gazapdan gutuldyryp başarjak däldirler kyýamatda hem olar sizden aýry düşüp duzaha ýollanjakdyrlar şol sebäpli olar üçin özüňizi duzahy etmäň.

Bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- dini arabaglanşyklar içeri maşgalalyk baglanşyklardan mühümrakdyr şol sebäpli biz öz duýgylarmyzyň we ruhy ýagdaýlarymyzyň dini ynançlarymyza üstüm çykmagy  hakda esewan bolmalydyrys.

2- biz kapyrlardan umydymyzy özüpde olary özümize himaýatçy etmekden saklanmalydyrys . hata egerde olar biziň ýakyn kowum garyndaşlarymyzdan bolsalarda .

Mumtahana süresi, 4, 5 we 6-njy aýatlar:

 قَدْ کَانَتْ لَکُمْ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ فِی إِبْرَاهِیمَ وَالَّذِینَ مَعَهُ إِذْ قَالُوا لِقَوْمِهِمْ إِنَّا بُرَآءُ مِنْکُمْ وَمِمَّا تَعْبُدُونَ مِنْ دُونِ اللَّهِ کَفَرْنَا بِکُمْ وَبَدَا بَیْنَنَا وَبَیْنَکُمُ الْعَدَاوَةُ وَالْبَغْضَاءُ أَبَدًا حَتَّى تُؤْمِنُوا بِاللَّهِ وَحْدَهُ إِلا قَوْلَ إِبْرَاهِیمَ لأبِیهِ لأسْتَغْفِرَنَّ لَکَ وَمَا أَمْلِکُ لَکَ مِنَ اللَّهِ مِنْ شَیْءٍ رَبَّنَا عَلَیْکَ تَوَکَّلْنَا وَإِلَیْکَ أَنَبْنَا وَإِلَیْکَ الْمَصِیرُ ﴿٤﴾ رَبَّنَا لا تَجْعَلْنَا فِتْنَةً لِلَّذِینَ کَفَرُوا وَاغْفِرْ لَنَا رَبَّنَا إِنَّکَ أَنْتَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿٥﴾ لَقَدْ کَانَ لَکُمْ فِیهِمْ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ لِمَنْ کَانَ یَرْجُو اللَّهَ وَالْیَوْمَ الآخِرَ وَمَنْ یَتَوَلَّ فَإِنَّ اللَّهَ هُوَ الْغَنِیُّ الْحَمِیدُ ﴿٦﴾

<< dogrudan-da sizler üçin Ybraýym we onuň bilen bolanlaryň şiwesi ýagşy nusha we ülňidirler öz kowumlaryna aýdan mahallary : biz sizden we siziň hudaýyň ýerine ybadat edýänlerňizden bizardyrys biz siziň şerygatyňyza kapyr bolduk we biziň we siziň araňyzda ebedi we hemişelik kine we duşmançylyk ýüze çykandyr eger siz ýeke hudaýa iman getirmeseňiz . ybraýym we möminleriň bizarlyklaryny yglan etmeklerinden başga sözleri butparazlar bilen bolmazdy. meger ybraýymyň atasyna dimek onuň eýeçiligini boýun alan adama aýdan sözi : diydi : men saňa magfyrat talap etjekdirin emma saňa hudaýyň barabarynda başga hiç hili erkim ýokdur. Bar hudaýa saňa tüwekgel edip saňa tarap öwrülendirin we dolanmak saňa tarapdyr// bar hudaýa! bizi kapyrlaryň synalmagynyň abzaly karar berme , bar hudaýa sen özüň hekim we ezezdirsiň// şeksiz sizlere olarň şiwelaryndan ýagşy nusha bardyr hudaýa we soňky güne umytly bolanlar üçin , we her kimse ýüz öwürse bilsin , perwerdigär bay we söýerlidir.>>

Gurhany kerimiň terbiýe şiwelarynyň biri ahlak ugurda bolan ýagşy nushalary tanatmakdyr ylahy pygamberler , allanyň sargydyny ilata ýetirmek jogapkärçilige eýe bolmakdan daşgary öz çykyşlary we amallary bilen hem ilata ýagşy we söýürli ülňi bolmalydyrlar olar rüşen beýanlar we aýdyň sözleri bilen ilata , hudaýyň sargytlaryny ýetiripde amallary bilen hem ony görkezmelidirler . hezret ybarym (a) hem jühüid , kristiýen we yslam ýaly uly ylahy dunlaryň atasydyr ol bu aýatlarda , allanyň duşmanlaryna garşy görüşmekde we olardan byzarlyk bildirmekde bir ülňi hökmündetandylandyr. Ybraýym (a) hemä öz zamanynyň möminlerine hemde soňraky döwürdäki iman ähline bir ülňidir we ilat öz ýaşaýyşlarynda bu beýk pygamberi özlerine nusha hökmünde tutunmalydyrlar . elbetde hezret ybraýym (a) özüni saklamakda jogapkär bolan adama , egerde iman getirse onuň üçin alladan magfyrat talap etjekdirin emma ol iman getirmänseň beýlekiler ýaly ondan hem byzarlygyny yglanedendir.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- pygamberleriň aýdanlary we amallary ilata delildir olaryň aýdanlary we amallary ilata nushadyr tä ilat , olaryň aýdan zatlarynyň durmuşa geçýänini bilerler ýaly.

2- dostluklar we duşmançylyklar , ylahy ölçegler esasynda bolmalydyr, şahsy we salygatly dostluklar we gahar gazaplar ölçeginde bolmaly däldir.

3- müşrüklerden bolan ýigrençler we byzarlyklar diliň bilen hem aýdylmalydyr diňä ýürekden olary ýegrenmeklik ýeterlik däldir.

////////////