Durmuş gurmaklyga Pygamberiň (s.a.w) garaýyşy
Maşgala we öý hojalygy , köpçüligiň kiçi görnüşi hökmünde , köpçüligiň ykbalynda uly täsir galdyrýandyr.Maşgala ojagy, çagalaryň önüp – ösüp terbiýelenýän ýeridir şonuň üçin maşgalada çagalaryň terbiýelenişiniň hili , köpçüligiň ýagdaýynda köp täsirlidir .
Maşgala binýadyndan söz açylanda, Resulallanyň maşgala we durmuş gurmak baradaky sözlerini we tabşyryklaryny beýan etmän geçmek bolmaz.Ol hezretiň sözleri, garaýyşlary we beýanatlary, durmuş gurjaklar üçin hydaýat ýoluny salgy berýändir.
Erkekleriň we zenanlaryň rahat we karar tapmagy üçin durmuş gurmak, ilkinji ädim hasaplanýar.Yslam dininde , durmuş gurmaklyga ýörite sarpa goýulýar.Hudaýtagala, Nur süresiniň 32-nji aýatynda başy boşlaryň öýlenmeklerini buýurýar we kynçylyklary çözjekdigini we garyplary goldajakdygyny açyk şekilde beýan edýär.
Durmuş gurmak, Hak hebibi Hz Muhammediň (s.a.w) sünneti-däbidir we her bir musulman, bu sünneti berjaý etmelidir.Pygamber (s.a.w) , bir hadysynda şeýle aýdar “Durmuş gurmak meniň sünnetimdir her kes meniň sünnetimden boýun gaçyrsa , ol menden däldir”.
Iki dünýäniň buýsanjy beýik Pygamberimiz (s.a.w) , gymmatly sözünde şeýle aýdýar : “Yslam dininde gurlan hiç bir bina , Hudaýyň ýanynda durmuş gurmak ýaly ähmiýetli däldir”.
Bu hadyslardan, durmuş gurmagyň Yslam dininde neneň uly ähmiýeti bardygyny aňsa bolýar.Aslynda , öýlenmek- durmuş gurmak, köpçüligiň sagdyn bolmagyna hem sebäp bolýandyr .Durmuş gurmak, ynsanlary, ahlaky bozgaklyklardan alyp galýandyr.
Mömin kişi, Hudaýyň dostlugyny her bir zatdan eý görýändir . Pygamber (s.a.w) , Hudaýyň dostlugyna , mähir – muhapbetine sebäp bolýan ýollary we etmeli işleri musulmanlara görkezendir , şol ýollaryň biri hem durmuş gurmakdyr.Her kes Hudaýyň razylygy üçin durmuş gursa , Hudaý bilen dostluk açdygy bolar .Pygamber (s.a.w) şeýle beýan edýär “Her kes Hudaý üçin durmuş gursa we Hudaý üçin biriniň durmuş gurmagyna sebäpkär bolsa , ol , Hudaýyň dostlugyna laýyk bolar”.