çaga dogulmagy bilen bagly dörän yrymlar(1)
Çagasy bolmaýan aýalyň kellesine ýolbarsyň bir bölejik tüýüni daňyp goýmalymyş. * * * Çagasy bolmaýan aýaly ilkinji gezek täze köprüden geçirmelimiş.
Çagasy bolmaýan aýal iki sany gurjak ýasap (biri-gyz gurjak, biri oglan gurjak), bir garry aýal bilen öwlüýä aýlanyp, ol ýerden toprak getirip, bir çümmük duz bilen garyp, dogajyk edip, alaja işip, gurjagyň boýnuna dakyp, öýüň bir ýerinden asmalymyş.
* * *
Çile düşen aýalyň çagasy bolmaýarmyş. Çile düşende dürli sapakdan aýalyň boýuna deňme-deň kesip, ýola zyňmalymyş ýa-da öwlüýäde bir agaja ildirip goýmalymyş. Ol sapaklar ýedi dürli bolmalymyş.
* * *
Çile düşüp, çagasy bolmaýan aýal täze doglup, çileden çykarylan çaganyň çile suwuna ýanýoldaşy bilen suwa düşmelimiş.
* * *
Merhum jaýlanylyp gelnende, ýaş gelinli, ikigat gelinli öýe gölegçi gelip girse, şol gelinlere çile düşýärmiş. Şonda ýaş gelne çile düşse, çagasy bolmazlygy ahmalmyş. Ikigat gelniň çagasyna çile düşse, şol çaga dünýä inenden soň hem hiç eýikmezmiş. Şonuň üçin, cagasy bolmaýan aýal maşgalany ýa-da eýikmeýän çagany öwlüýä barýan gölegçiniň öňünden geçiripdirler.
* * *
Eger-de bir gelin çörege çagyrylsa, öýde ýaş gelin (kyrk gün bolmadyk) ýa-da kyrk çileden çykmadyk çaga bar bolsa, olar ilki daş çykmaly, çagyrylan gelin öýe girenden soň, olar girmelimiş, ýogsa çile düşmegi ahmal. «Çile düşen gelinden çaga önmez» diýilýär. Çile 3, 5, 7, 14 ýyllyk düşüp bilýärmiş.
* * *
Aýal adam, aýratyn hem ýaş gelin kir suw, kül, hapa dökülen ýerlerden geçmezlige çalyşmaly. «Ol ýerlerde arwah-jyn gezermiş, bu ýagdaýlar çaga bolmazlygyna sebäp bolup biler» diýilýär.
* * *
Merhum öýden çykarylmanka, şol öýe hamyla gelin girse, çile düşüp, çaga bolmazlygy ahmal.
* * *
Çile düşen aýal maşgala böwet basylgy akar suwuň öňünden böwedi aýran wagtlary ylgap geçmelimiş.
* * *
Eger-de çaga çile düşüp eýikmese, tereziniň bir tarapyna çagany salyp, beýleki tarapyna duz goýup çekmelimiş.
* * *
Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gurbanlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.
* * *
Täze edinilen iki ýaş gelin biri-biriniň öňünden çyksa, çile düşüp, gelinleriň biriniň çagasynyň bolmazlygy ahmal. Şonuň üçin hem, gelinleri ýolda gabat getirmejek bolup çalyşmaly. Her hili çilelerden gorap saklamaly. Eger täze gelin öňünden gelýän bolsa, beýleki gelin başga tarapa sowlyp gitmeli.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal täze gelen gelniň öňünden geçse, ýaş gelne çile düşermiş, şol gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.
* * *
Çagasy bolmaýan aýal öwlüýä gidip, çile agajynyň daşyndan aýlansa ýa-da aşagyndan geçse, çilesi açylarmyş.
* * *
Çagaly gelin öwlüýä barýan gölegçileriň öňüni kesip geçse, çile düşer, gelniň çagasynyň bolmazlygy ahmal, eger çaga çile düşse, çaga eýikmezmiş.
* * *
Çagasy durmaýan aýal iki sany gurjak (gyz we oglan gurjak) ýasap, bir garry aýal bilen öwlüýä gidip, bir gara towugyň damagyny çaldyryp, onuň ganyndan gurjaklara çalyp, öwlüýäde goýup gaýtmaly. «Şeýle edilse, çaga durarmyş» diýilýär.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, enesi ýa-da atasy göbegini kesse, şol çaga durýarmyş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolan wagty, onuň depesinde bir gara towugyň damagyny çalyp, şol çaganyň ýoldaşy bilen bilelikde ýere gömmelimiş. Şeýle edilse, çaganyň duraýmagy ahmal, towuk onuň başynyň sadakasy bolup, onuň ýoldaşy bilen ýere gömülýär, ýerine çaga ýaşar.
* * *
Çaga durmaýan bolsa ýa-da çaga bolmaýan bolsa, her hili yrymlar edilipdir. Eger maşgalada öň bir çaga bar bolsa, şondan soň çaga durmadyk bolsa, şol çaganyň maňlaýyna, aýagynyň aşagyna, syrtyna «yrym-yrym, ýom-ýom» edip, çalaja ot degräýmelimiş.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, yrym edip, başga bir aýala «ogurladan» bolup, soňra şol çagany ol aýaldan «satyn alan» bolup, adyna «Satlyk, Satlykgül, Satlykgylyç, Satlykdurdy» diýen atlar dakylýar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolsa, ony gundap, itiň öňünde goýýarlar, eger-de it çagany ysgap gidiberse, «Bu çagany it hem almady, ite-de gerek däl ekeni, indi muny ölüm hem almaz» diýşip, çaganyň adyna Italmaz dakypdyrlar.
Çagasy durmaýan maşgalalar, çagany göz-dilden gorar ýaly, adamynyň mertebesini peseldýän atlary dakypdyrlar. Mysal üçin: Çörli, Porsy, Kürre, Eşekguly we ş. m.
* * *
Çagasy durmaýan adamlar «Köpelip, tirkeşip gitsinler» diýen niýet bilen doglan çagalarynyň adyna «Hemra, Tirkiş, Tirkeş, Jora, Joraguly» ýaly atlary dakýarlar.
* * *
Çagasy durmaýan aýalyň ogly bolsa, ony gundapjyk taganyň aşagyndan geçirýärler-de, adyna «Tagan, Tagandurdy, Tagangeldi, Tagangül, Taganbibi» ýaly atlar dakýarlar. Umuman, Tagan bilen utgaşdyrylan atlar çaganyň ömrüniň uzak bolmagy arzuwlanyp hem dakylýar. Halk arasynda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen nakyl hem bar.