Jogapkärçilik näme?
Biz haçan , nirede we kimler hakda jogapkärçilik duýmaly ? biz başda bir ynsan höküminde özümiz hakda jogapkärdiris . ilkiden her bir ynsan köpçülik hakynda töwerek daşyndakylar hakynda we bulardan möhümräk hudaý hakynda jogapkärdir . emma her bir ynsan özi hakda näme etmeli ?
Jogap : ilkiden özüni tanamaly . näme işleri başarýan digini bilmeli . öwrenmeli zatlary öwrenmeli we öz hakynda keýeňlik etmeli däldi . şeýle bolsa şol ynsan üstünlik gazanar . jogapkärçilik duýmak diýdigi özüňe buýurylan işleri boldygyndan bir kemsiz gowy ýerine ýetirmekdir . bir zat ýatdan çykarylmaly däldir ; ynsanlar ylaýtada ýaşlar diňe özleri hakynda jogapkär däldirler-de eýsem ene atalary , dogan garyndaşlary we töwerek daşy hakda hem jogapkärdirler . her bir ynsan öz işleri hakynda daýaw bolsa başgalara peýda ýetirip biler . mysal üçin bir içeri maşgalada ene atasyna hamrak bolup işlerde olara arka bolýan her bir ýaş oglan ýa-da gyz başgalara kömek etmekde hem daýaw bolýar . jogapkärçiliklerde tapylyp başgalardan berekella alynjak bolsa hökman zähmet çekip tagalla edilmeli . ýalta bolmak ýaşaýyşyň äpetidir . ýalta bolýan adam hiç haçan jogapkärçiliginde dogry tapylyp başarmaz , tagalla edip jogapkärçiliklerde ýeňiş gazanmagyň syrlarynyň birsi ; men başarýaryn diýen gürrüňdir . men başarýaryn diýip gorkmany çemeleşmek ýeňiş gazanmagyň syridir . alymlaryň birsi şeýle diýýär : ýaşaýyşy rahat tutup na-umyt bolmasaňyz , rahatlygyňyz we asudalygyňyz hem köpeler .