Gaty sözleşme
Hudaýtagala duşmanyna pygamber iberende «Gaty sözleşme» diýdi. Biz asylara Ezraýyl perişdäni jan almaga iberende oňa: «Bendämi gaty tutma, oňa ýumşaklyk et» diýse rowa dälmi? Ýene Allatagala: «Eý, Musa! Pyrgaun size gaty sözlese, siz: «Lä ilähe illalla» diýiň. Eger ol batyl dawasyndan ýanyp, dogry ýoly kabul etse, siziň pygamberligiňiziň rastlygyna kaýyl bolsa, men oňa üç zady keramat ederin. Ol üç zat bu älemde hiç kime miýesser etmez. Birinji, Men oňa täzeden ýigitlik bereýin; ikinji, ony Günb
Musa alaýhyssalam bu kelamy eşidip, Tur dagyndan düşüp, Safuranyň ýanyna geldi. Görse, ýagmyr dynypdyr. Safura ýeňillik bilen dogupdyr. Ol goýunlary bakyp durupdyr. Onuň hemme işleri ýerbe-ýer bolupdyr. Musa alaýhyssalam Hudaýtagala şükür etdi. Daň atdy. Olar Müsür tarapyna göçüp, ýola rowana boldular.
Şol gije Harun düýş gördi. Oňa bir kişi: «Seniň Musa atly doganyň gelýär. Onuň öňünden çyk» diýdi. Ol şol wagt oýandy. Şäherden çykdy. Musa alaýhyssalam egnine çäkmen, aýagyna bolsa çaryk geýip gelýärdi. Ol Harun alaýhyssalama ýolukdy. Harun alaýhyssalam ony tanamady. Musa alaýhysalam ony tanady. Harun alaýhyssalam ondan: «Sen kim bolarsyň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam oňa: «Men gulduryn» diýip jogap berdi. Harun alaýhyssalam: «Sen kimiň guly bolarsyň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Men Allatagalanyň guludyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Allatagala kimdir?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam aýtdy: «Ol seni, meni we hemme älem-jahany ýaradandyr» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Taňrynyň sypaty nähilidir?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Ol – özünden başga hudaý bolmadyk Alladyr. Ol gizlin we äşgär zatlary bilijidir. Ol çäksiz mähribandyr we möçbersiz rehimdardyr» diýip aýtdy. Harun alaýhyssalam: «Sen nireden gelýärsiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men Medýenden gelýärin» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Medýen ilinde Musa atly bir kişini görmediňmi?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Ol nähili kişidir?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Ol uzyn boýly, owadan ýüzli we dili peltek kişidir. Ol beni Ysraýyldan garyplyk sebäpli ol ýere düşendir. Ol Şugaýp pygamberiň goýun çopanydyr» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen ol garyndaşyňy görseň tanarmyň?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Hawa, men ony görsem tanaryn» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Hany seniň tananyň? Men Musadyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam ýyglap turup, onuň bilen görüşdi we oňa: «Seniň hatynyň bilen goýunlaryň nirede?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Olar beýewanda. Men olary Hudaýtagala tabşyryp geldim» diýdi.
Musa alaýhyssalam Müsüre gadam goýanda, onuň hasasyndan başga hiç zady ýokdy. Bu wagt ýassy namazynyň wagtydy. Ol Müsüre girip, enekesiniň işigini kakdy. Onuň enekesi Batşaýyg çykyp: «Sen kimsiň?» diýdi. Ol: «Men myhmandyryn» diýdi. Enekesi içeri girip ýagdaýy onuň enesine aýtdy. Enesi oňa: «Işigi aç» diýdi. Ol işigi açdy. Musa alaýhyssalam garaňkyda otyrdy. Şol wagt Harun ýokdy. Harun gelenden soň çyra ýakdylar. Olar tanyşdylar. Musa alaýhyssalam hemmesi bilen görüşdi. Ol on ýylyň içinde bolan wakalary birin-birin beýan etdi.
Ondan soň Musa alaýhyssalam Harun alaýhyssalama: «Men Tur dagynda Allatagala bilen sözleşdim. Ol seni maňa şärik etdi. Ol ikimizi Pyrgauna ilçi edip iberdi. Biz ertir Pyrgaunyň ýanyna baryp, oňa Hudaýtagalanyň emr-u-permanyny ýetireli» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Pyrgaunyň leşgeri köpdür. Biz ikimiz onuň ýanynda ejizdiris. Biz muňa näme alaç ederis?» diýdi. Ol ikisi: «Eý, Taňrymyz! Biz onuň bilen niçik barabarlyk ederis?» diýip mynajat etdiler. Allatagaladan: «Eý, Musa we Harun! Siz hiç gorkmaň. Sizi saklaýjy mendirin» diýen owaz geldi. Harun alaýhyssalam: «Eger ol bizden keramat talap etse, biz näme ederis?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Meniň bu hasam bilen elim ikisi-iki keramatdyr» diýip olary Harun alaýhyssalama görkezd