nowruz
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i2175-nowruz
Özüniń başlangyjyny asyrlaryń jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz türki dilli halklaryń arasynda gińden bellenilip geçilýär. Nowruzyń eziz diýarymyza gelşi özge ýerlere garanyńda başgaçadyr.
(last modified 2025-12-07T05:53:55+00:00 )
Mar 12, 2018 12:17 Asia/Ashgabat
  • nowruz

Özüniń başlangyjyny asyrlaryń jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz türki dilli halklaryń arasynda gińden bellenilip geçilýär. Nowruzyń eziz diýarymyza gelşi özge ýerlere garanyńda başgaçadyr.

 Gül-güläleklere bürenen baýyrlaryń, gum adyrlyklaryń, seleń sähralaryń, ýaşyl baglaryń.... gözel keşbi ýürekleri joşa getirýär.2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyń adamzadyń maddy däl medeni mirasynyń sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylda bolsa, BMG-niń Baş Assambleýasynyń 64-nji mejlisinde ýörüte Rezolýusiýa kabul edilip, onda her ýylyń 21-nji marty Halkara Nowruz Baýramy diýlip, yglan edildi. Milli bahar baýramy baý medeni mirasy özünde jemleýär. Ata-babalarmyz Nowruzy döwletliligiń, bagtyń, berekediń gözbaşy hasaplapdyrlar. Ol terligiń, täzelenişiń, açykgöwünliligiń, asudalygyń, agzybirligiń baýramydyr.Her bir halk, şol sanda türkmen halky hem bu ajaýyp baýramy ýurt möçberli dabaralara besleýär. Her ýylyń ýaz aýynda Milli bahar baýramyny gińden bellemek bilen gadymy Nowruz baýramynyń şatlyk-şowhunyny äleme ýaýýan türkmen halky Berkarar döwletimiziń bagtyýarlyk döwründäki şanly wakalaryń hataryny uzaldýar.Halkymyzyń dünýä medeniýetiniń hazynasynda ebedi orun tutan, milletimiziń umumadamzat bähbitli ýörelgelerini gińden ýaýýan medeni gymmatlyklarynyń biri hem ajaýyp Milli bahar baýramydyr" diýip bellemek bilen, Milli bahar baýramynyń - Nowruz baýramynyń ähmiýetini düşündirýär.Nowruz - Gün senenamasy boýunça gije bilen gündüziń ýazky deńleşýän döwrüdir. Gije-gündiziń ýazky deńleşmesinden soń, tebigatda janlanma we ösüş başlanýar. Häzirki wagtda Türkmen döwletiniń sözüń doly manysyndaky ösüşi we täzelenişi başdan geçirýändigi üçin bu baýramyń has-da dabaraly bellenilýändigini aýtmalydyrys.Öz döwründe Nowruz hakynda Omar Haýýamyń " Nowruznama" atly eser ýazandygy hem bellidir. Mundan başgada X asyrda ýaşap geçen alym Abu Reýhan Biruniniń "Gadymy halklardan gelen ýadygärlikler" atly eserinde Nowruz hakynda gymmatly maglumatlara duş gelmek bolýar