Nowruz geldi ülkäme
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i2219-nowruz_geldi_ülkäme
Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýramy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 17, 2018 12:24 Asia/Ashgabat
  • Nowruz geldi ülkäme

Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýramy.

Ony şahyrlarymyz uly hyjuw bilen wasp edipdirler. Omar Haýýam „Nowruznama“ eserinde, „Şeýdip dünýäniň taryhy başlandy“ diýip ýazsa, Magtymguly atamyz:

 

                        Gökde ýyldyz hormaty,

                        Ýerde Nowruz hormaty,

                        Gije- gündiz hormaty

                        Günähim güzeşt eýle!

 

diýip, milli baýrammyza uly hormat goýýar.

Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir.

Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Awestada“ ol täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Şonuň üçin bolsa gerek „Ýylyk nähili boljakdygy  Nowruszdan görüner“ diýen pähim öňden bellidir. Nowruzyň öňi syrasynda ot üakylyp, ondan obanyň ilatynyň ählisi böküp geçip, günälerini ýuwupdyrlar. Nowruzda esasan ösümliklerden taýýarlanylan tagamlary iýipdirler. Et we süýjilikler goşulan tagam uly gazanlarda bişirilipdir. Baýramçylyk saçaklarynyň başyna, şol gün öýe gelenleriň ählisi geçipdirler.

 

Nowruzda ähli günäler unudylýar. Adamlar birek-birege myhmançylyga baryp, hoş dilegler edýärler, gülüşip-degişip,  bir-birlerine şatlyk paýlaýarlar. Täze lybslar geýip, göwünlerini galkyndyrýarlar. Hiňňildiklerde uçyp ýagşy arzuwlar edýärler.

 

Ir wagtlar ýigitler öz halaşýan gyzlary bilen aç-açan gürleşip bilmänsoňlar, ondan çykalga gözläpdirler. Gyzlaryň bolýan öýleriniň depesine çykyp, tüýnikden öz magşuklaryna sowgatlaryny sallapdyrlar. Gyzlar sowgaty kabul edip, yzyna, şol sallanan ýüpe öz sowgatlaryny- tahýa, ýaglyk, ahltajyk,... ýaly ýadygärlik sowgadyny dakyp göýberipdirler.

 

Ylmy-tehnologiki ösüş döwründe, ýagny biziň döwürdeşlerimiz , pederlerimiziň däbine eýerip Nowruz baýramyny has giň, has şowhunly bellemäge başladylar. Ol güler ýüzliligiň, şadyýanlygyň, sahylygyň alamatyny özünde jemleýär. Halklary biri-birine golaýlaşdyrýar.

Biziň ülkämizde Nowruz baýramy has giňden bellenilýär. Obalarda, şäherlerde, ýörüte meýdançalarda hiňňildikler dikilýär. Hiňňildigem, onuň töweregem, her köçe, her jaý bezelýär. Al-elwan bolup duran meýdanda hoş owazly gyz-gelinler, basan ýeinden ot çykyp duran ýigitler bezelen geýinişip, owsun atyp ýöriş edýärler, aýdym aýdyp, saz çalýarlar, tans oýnaýarlar. Folkýor toparlarymyz giňden çykyş edip, gadymy däp dessurlarymyzy ile ýaýýarlar. Monjuk atdy oýnaýarlar.

 

Nowruz geldi, ýaz geldi,

Garga gitdi, gaz geldi.

Oturan adamlara,

Bilbilden owaz geldi.

 

Geldi täze Nowruzlar,

Seýrana çykdy gyzlar.

Ýaryň gyýa bakyşy,

Ýürek bagrymy duzlar.

 

Noeruz geldi bu gije,

Gije atarlar bije.

Kimiň bijesi çyksa, 

Baýragy horaz-jüýje.

 

        Milli Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!