Öwgi hudaýa mahsusdyr
Öwgi hudaýa mahsusdyr
لَهُ الْحَمْدُ,ýagny Öwgi Oňa mahsusdyr we minnetdarlyk Oňa bildirilmelidir. Diýmek, nygmatlar Onuňkydyr, Onuň hazynasyndan gelýändir. Onuň hazynasy bolsa müdimidir. Ynha, ýokardaky söz şuny buşlaýar:
Eý, adamzat! Nygmatlardan jyda düşdüm diýip, gam çekme. Çünki, rahmet hazynasy tükeniksizdir. Lezzet gutarýandyr öýdüp, alada galma, dady-perýat etme. Çünki, ol nygmat tükeniksiz miwesi bolan rahmetiň ýekeje miwesidir. Agajy baky dursa, miwesi gitse-de, ýerine başgasy biter. Nygmatyň lezzetini dadyp, bu lezzetden ýüz esse köp lezzetli rahmetiň saňa bolan yssy nazary üçin şükür etmeli we bu hakda pikir etmeli, ana, şonda nygmatyň lezzeti ýüz esse artar. Meselem, mertebesi belent patyşanyň sowgat beren almasy saňa ýüzlerçe, hatda müňlerçe almadan hem has lezzet berer. Sebäbi, şol ýekeje alma saňa patyşanyň hoşamaýlygyny, merhemetini duýdurýar. Şonuň ýaly-da,لَهُ الْحَمْدُsözüni aýtmak bilen, ýagny hamd we şükür etmek, nygmaty beýik gudratyň eçilendigini duýmak, Münimi (nygmat berijini) tanamak we Onuň nygmatlarynyň yzynyň kesilmejekdigini pikir etmek bilen, nygmatyň maddy babatda berýän lezzetinden müň esse köp ruhy lezzetden ganmaga mümkinçilik döreýär.
* * *
(„Mesnewi-Nuriýe“ eserinden)
Eý, eziz doganym, şuny bil! Haktagala seni ýokdan bar etdi, barlygyň islendik başga bir görnüşini bagş etmän, eýsem, barlyklaryň iň çürbaşynda duran musulman, ynsan keşbini bagş etdi. Barlyk bolup herekete başlan ilkinji nokadyňdan tä soňky giren keşbiň aralygynda başdan geçiren öwrülişikleriň, aşan menzilleriň, ähli hal-ýagdaýlaryň we her pursatyň saňa degişli nygmatlar depderinde bellige alnandyr. Bu jähetden seretsek, seniň ömür zynjyryňda gymmatbaha nygmatlar düzülendir. Ol nygmatlar zynjyry edil boýna dakylýan monjuga ýa-da nygmatlar sanawy ýazylan depdere meňzeýär.
Şonuň üçin, bar bolan her pursatyň we her halyň üçin „Bu nygmata nädip gowuşdyň, nädip muňa laýyk bolduň, bularyň şükürini etdiňmi?“ diýip soraga çekilersiň. Çünki, bolup geçen her bir hal-ýagdaý soraga tabyndyr. Emma amala aşman, niýet hökmünde galan hal-ýagdaýlar sowala tabyn däldir. Başdan geçirenlerimiz – bolyp geçen hadysadyr, gelejekde başyňa geljekler bolsa – näbellidir, heniz ýoklukdyr. Şol sebäpli, bar bolan zat üçin sorag bardyr. Ýok zadyň soragy bolmaz. Onuň ýaly bolsa, geçmişde şükürini etmedik nygmatlaryň şükürini kaza etmegiň gerek.
* * *
Hawa, ýaşaýşyň bar edilmeginiň maksady we netijesi ebedilik ýaşaýyşdyr. Şonuň ýaly-da,ýaşaýşyň bir miwesi-de ony eçilen Haýý we Muhiý bolan Biribara şükür etmekdir,Oňa gulluk etmekdir,Oňa hamdy-sena etmekdir we Ony söýmekdir. Bularyň barysy ýaşaýşyň miwesi bolşy ýaly, älemiň hem ýaradylmagynyň maksadydyr.
Onuň ýaly bolsa, ynha, şuňa göz ýetir:
“Bu ýaşaýyş adama keýpi-sapa çekmek, rahat durmuşda, özem hiç zadyň aladasyny etmän, dünýäniň hözirini görüp ýaşamak üçin berlipdir” diýýän nadanlar, müňkürler, hatda küpüre girenler, bu örän gymmatly ýaşaýyş nygmatynyň, aň sowgadynyň we akyl yhsanynyň gymmatyny pese gaçyrýarlar, erbet gadyrbilmezlik edýärler.