PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(1)
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i3052-parzy_kifaÝa_bolan_ylmyŇ_beÝany(1)
PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(1)
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 02, 2018 10:56 Asia/Ashgabat
  • PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(1)

PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(1)

Haýsy ylmyň haýsy parza degişli edilýändigini tapawut­landyrmak ylymlaryň toparlara bölünişini bilmezden mümkin däldir. Ylymlar biziň maksadymyza görä ikä, ýagny şerigat ylym­laryna we şerigata degişli bolmadyk ylymlara bölünýär. Şerigat ylymlary diýip pygamberleriň (goý, olara Beýik Taň­ry­nyň ýalkawy bolsun!) öwreden ylymlary göz öňünde tutulýar. Şerigat ylymlaryna hasap ylmy ýaly akyl bilen, tebipçilik ýaly tejribe bilen, dil bilimleri ylmy ýaly diňlemek bilen ýetilmeýär. Şerigata degişli däl ylymlar oňlanylýan, oňlanylmaýan ylymla­ra we mubah[1] bolan ylymlara bölünýär. Oňlanylýan ylymlar dünýä işleri bilen baglanyşykly tebipçilik, hasap ylymlary ýaly zatlardyr. Bu ylymlar hem öz gezeginde parzy kifaýa bolan zatlara, sogaply bolan zatlara we parz däl zatlara bölünýär.

Emma parzy kifaýa bolan ylymlar barada aýdylanda, onda oňa dünýä işlerini ýola goýmak üçin gerekli bolan her bir ylym degişlidir. Meselem, tebipçilik ylmy. Çünki, bu ylma adamlar bedenlerini salamat saklamak üçin mätäç bolýarlar. Ýa-da hasap ylmy oňa degişli edilýär. Çünki, bu ylym adamlaryň öz­ara gatnaşygynda, wesýet edilen, miras galdyrylan ýa-da başga zat­laryň hasabyny etmekde zerurdyr. Eger bir şäherde parzy kifaýa bolan zady bilýän bir adam bar bolsa, onda ony bilmek parz hökmünde beýleki adamlaryň boýnundan düşer. Biziň: «Tebipçilik we hasap ylymlary parzy kifaýadyr» diýen sözü­miz­de hiç hili geň galarlyk zat ýokdur. Çünki, olaryň döreýşi we asyllary parzy kifaýadyr. Daýhançylyk, dokmaçylyk we sy­ýasat ylymlary hem bu jähetden edil şunuň ýalydyr. Şäherde gan aldyrmak ylmyny bilýän bir adam bolsa ýeterlikdir. Çünki, derdi beren Taňry onuň dermanyny hem berýär, dermany we ony ulanmaklygyň ýoluny hem görkezýär.

Ylmyň artyk taraplaryny parzlyk däl-de, eýsem oňa içgin girişmek kesgitleýär. Meselem, hasap ylmynyň syrlaryna çuň­ňur aralaşylmasa, tebipçilik ylmynyň hakykaty bilinmese, olar­dan geljek peýda az bolar. Bu ylymlary höwesli adamlar içgin öwrenýärler.

Oňlanylmaýan ylymlara jadyçylyk,[2] tilsim-dogagöýlük,[3] gözbagçylyk,[4] pal atmak ylymlary degişlidir.

Emma mubah ylymlarda ýerliksizlik ýokdur. Olara taryh we başga ylymlar degişlidir. Şerigat ylymlary barada aýdy­lan­da aslynda olaryň hemmesi oňlanylýan ylymlardyr. Emma olar­da hem säwlikler, şübheler goýberilýär. Bu sebäpden ola­ryň arasynda hem oňlanylmaýanlary bolýar. Bu ýerden şerigat ylymlary hem oňlanylýan we oňlanylmaýan toparlara bölünýär.

Oňlanylýan şerigat ylymlary usulyýet,[5] pudaklaýyn ylym­lar,[6] girişler,[7] soňlamalar[8] diýen toparlara bölünýär. Olar dört görnüşli bolar: Birinji görnüş usulyýetdir. Oňa beýik Taňrynyň dört sany kitaby, Pygamber alaýhyssalamyň sünneti, ymmatyň ijmagy we sahabalaryň işleri. Ijmag sünnete daýanýar. Bu ýer­den ijmag özüniň ähmiýeti bo‏ýunça üçünji derejeli bolýar. Sa­ha­balaryň işleri hem sünnete salgylanýar. Çünki, sahabalar (goý, Beýik Taňry olardan razy bolsun!) Hudaýtagaladan owaz gelşiniň we aýatlaryň inişiniň şaýady boldular, başgalaryň gör­medik zatlaryny gözleri bilen gördüler. Bu sebäpden alymlar olara uýdular, olaryň işlerini esas edindiler. Munuň hem anyk­lanan ýollary we ýörite şertleri bar. Ýöne bu ýerde olar bilen meşgul bolmak wagt alar.

Ikinji görnüş pudaklaýyn ylymlardyr. Ol usulyýetden al­nyp çykarylan ylymdyr. Ol sözleriň üsti bilen gelip çykýan ne­ti­je däldir, eýsem akyly manylara gönükdirýän netijedir. Onuň sebäbi bilen akyl ösdürilýär we aýdylan sözler başgalara düş­nük­li edilýär. Pygamber alaýhyssalamyň aýdyşy ýaly: «Kazy ga­harly wagty höküm bermez». Ýagny, bu kazynyň tebygy ýag­daýda däldigi, aç wagty we hassa ýatan mahaly höküm ber­mez diýen manydadyr. Pudaklaýyn ylym ikä bölünýär. Olaryň biri dünýä işleriniň nyzamy bilen bagly bolýar. Fykh kitaplary bu zatlary hem öz içine alýar we olar bilen meşgullanýanlara «fakyh» diýilýär.. Olar dünýä alymlarydyr. Olaryň ikinjisi ahyret işleriniň nyzamy bilen bagly bolýar. Ol kalbyň hallary, onuň oňlanylýan hem oňlanylmaýan ahlak nusgalary, Taňry­nyň halaýan we halamaýan zatlarydyr. Bu zatlar baradaky sö­zümiz bu kitabyň ahyrky bölüminde berler. Ylym kalba or­naş­ýan zatdyr. Kalp bolsa ylmy agzalaryň ybadatlara we adatlara meşgul bolmagyna gönükdirýär. Bu zatlar barada kitabyň birin­ji ýarymynda aýdylar. Üçünji görnüş girişlerdir. Olar ylma ýardam beriji gurallar hökmünde geçýär. Meselem, dil ylmy, nahw ylmy.[9] Bu iki ylym Allatagalanyň kitabynyň we Pygam­ber alaýhyssalamyň sünnetiniň ylmyny bilmegiň guralydyr. Şerigat hem bu iki ylma mätäç bolýar. Çünki, bu şerigat araplaryň dilinde indi. Her bir şerigat bir diliň üsti bilen ýüze çykarylýar. Bu ýerden dil bu ylmyň guraly bolýar. Ylmyň gural­larynyň biri ýazuw ylmydyr. Çünki, ymmatyň Pygamberi başda sowatsyzdy. Aň adamyň hemme eşidýän zadyny ýatda saklap bilmeýär. Şonuň ýaly ýagdaýda ýazuw ylmy zerury zat bolýar. Dördünji görnüş soňlamalardyr, ýagny öňde agzalan üç görnüş ylymlary saklaýjy ylymlardyr. Olar Gurhan ylymlaryna degişli bolup, olaryň bir bölegi kyragatlary,[10] harplaryň çykýan ýerlerini[11] öwrenmek ýaly zatlara we tefsir ýaly many bilen bagly bolan zatlara bölünýär. Olaryň beýleki bölegi bolsa hadyslar bilen baglanyşyklydyr. Çünki, diliň ýeke özüniň üsti bilen mana ýetip bolmaýar. Onuň ýene bir bölümi hökmi ýatyrylan[12] we hökmi çalşyrylan aýatlary,[13] köpmanylylygy, mah­suslygy, metn,[14] manysy aýan aýatlar, manysy ýaşyryn aýatlar, bir aýaty başga aýat bilen bile ulanmaklyk ýaly zatlary bilmek bilen bagly zatlara bölünýär. Muňa fykh ylmynyň usu­lyýeti[15] diýilýär.

Emma soňlamalar barada aýdylanda, onda olar işlerde we habarlarda gelýär. Meselem, alymlar, olaryň atlary, nesepleri, sa­habalaryň atlary, olaryň ahlak sypatlary baradaky ylym. Bu­lar hem sünnete esaslanýar. Rowaýatçylaryň dogruçyllygy ba­ra­daky ylym we olaryň hallary baradaky ylym ygtybarly hadys­lary ygtybarsyz hadyslardan tapawutlandyrmak üçindir. Olaryň ömürbeýanlary baradaky ylym habar beriji adam bilen salgy­lan­ýan adamy tapawutlandyrmak üçindir. Bu ylymlaryň hem­me­si oňlanylýan we parzy kifaýa bolan şerigat ylymlarydyr. Bel­ki, sen maňa: «Näme üçin sen fykh ylmyny dünýä ylmyna, fakyhlary dünýewi alymlara garyp-gatdyň?» diýip aýdarsyň. Men saňa: «Allatagala Adam alaýhyssalamy toprakdan ýarat­dy. Diýmek, onuň zürýatlarynyň asly toprak bolýar. Taňry onuň bilinden çykan bir damja suwdan ene ýatgysyndaky dü­wün­çegi ýaratdy, soňra ony ynsan edip dünýä inderdi, soňra gabra saldy, soňra ony dowzaha ýa-da jennete kesgitlär. Ine, bu zatlar ynsanyň başlangyjy hem ahyrydyr we geçjek menzil­le­ri­dir. Bu dünýäniň durmuşy ahyret saparyna azyk taýýarlamak üçindir. Eger adamlaryň özleri bu sapara adalat bilen taýýar­lan­sa­lar, onda fakyhlaryň geregi hem bolmazdy. Ýöne olar nebis arzuwlaryna tabyn bolýarlar. Bu ýerden günäler döreýär. Şonuň üçin kanunlaryň gerekligine mätäç bolunýar. Bu kanun­la­ry bolsa fakyh esaslandyrýar. Ol adamlary günä ýoluna düş­mek­den saklaýjy kanuny düzýän alymdyr. Bu ýerden fakyh sol­tanyň hem mugallymy we onuň halky syýasatyň üsti bilen ýola ugrukdyryjy, adamlaryň dünýä işlerinde özlerini nyzamly-tertipli alyp barmagyna ýardam beriji ussady bolar. Ömrümden kasam bolsun! Fykh ylmy dünýäniň üsti bilen dine bagşla­ny­şyklydyr. Çünki, dünýä ahyretiň ekin meýdanydyr. Din dünýä bilen kämil bolýar. Hökümdarlyk we din ikisi ekizdir. Din esasdyr, soltan goragçydyr. Esassyz zat harap, goragsyz zat zaýa bolujydyr. Hökümdarlyk we dürslük soltansyz kämil bol­maýar. Hökümdarlygy dürs alyp barmak fykh ylmynyň höküm­lerine baglydyr. Halka hökümdarlyk etmek syýasaty din ylmy üçin birinji derejeli däldir, eýsem ol dini kämil ediji gollan­ma­dyr. Şonuň üçin syýasat ýoluny bilmeli bolýar. Meselem, hajy­la­ry ýolda garakçylaryň talamazlygy üçin soltanyň goragynyň gereklidigi mälimdir. Emma haj bir zatdyr, hajyň ýolundan ýöremek ikinji zatdyr. Goragy gurnamak üçünji bir zady bil­mez­den tamam bolmaýar. Ol gorag ýollaryny, olary başarnykly gurnamaklygy bilmekdir. Gorag gurnamaklygyň kanunlary bol­sa dördünji bir zatdyr. Gepiň kelte ýeri, bu jähetden fykh ylmy syýasatyň we goragyň ýollaryny bilmekdir. Muňa şu hadys delildir: «Adamlara üç kişi pitwa berip biler, emir, bu işi buýrulan kişi we «mütekellif»[16] («fakyh»). Emir ol ymamdyr. Emirler öň pitwalary çykarardylar. Buýrulan kişi onuň orunba­sa­rydyr. Fakyh üstüne borç ýüklenen adamdyr. Sahabalar (goý, Beýik Taňry olardan razy bolsun!) ahyret we Gurhan barada soranlarynda dessine jogap berýärdiler. Emma pitwa bermek­den gaça durýardylar we bu işi biri-birleriniň üstüne ýükle­ýär­diler. Hadysdaky «mütekellif» («fakyh») sözüniň deregine kä­bir rowaýatda «muraý»[17] («ikiýüzli») diýip ýazylandyr. Sebäbi pitwa üçin ygtyýary bolmasa-da, öz-özi «taklyt»[18] (öýkünme) bilen pitwa bermäge höwesek kişiniň maksady – mal-mülk ar­zuwyndan başga zat däldigi üçin, ikiýüzlülikden başga zat däldir.