şükür hakda
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i3056-şükür_hakda
şükür hakda
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 02, 2018 11:06 Asia/Ashgabat
  • şükür hakda

şükür hakda

بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ

 [36]وَ اِنْ مِنْ شَيْءٍ اِلاَّ يُسَبِّحُ بِحَمْدِهِ  

Halyky-Rahman mugjyzawy beýan ediji Kuranda اَفَلاَ يَشْكُرُونَ ٭ اَفَلاَ يَشْكُرُونَ ٭[37] وَسَنَجْزِى الشَّاكِرِينَ[38] ٭ لَئِنْ شَكَرْتُمْ َلاَزِيدَنَّكُمْ [39]٭ بَلِ اللّهَ فَاعْبُدْ وَ كُنْ مِنَ sالشَّاكِرِينَ[[40] diýip, bendesinden berlen nygmatlara şükür etmegini talap edýär. Şüküranalyga ähmiýet berýändigini gaýta-gaýta nygtaýar. Şeýle hem, Furkany-Hakim şükürana bolmagy ündäp, muňa örän ähmiýet berýär.  “Rahman” süresinde bolsa فَبِاَىِّ آلاَءِ رَبِّكُمَا تُكَذِّبَانِ[41] diýip, şükür edilmedik ýagdaýynda, nygmatlaryň nygmatdygyny we olary Allanyň ýaradandygyny ýalana çykarmak, inkär etmek bolýandygyny beýän edýär. Bu aýaty şol bir süräniň özünde otuz bir gezek gaýtalap, berk duduryş berýär.

Hawa, Kurany-Hakim ýaradylyşyň esasy maksadynyň şüküranylykdygyny görkezýär. Ägirt uly Kuran hökmündäki şu älem-jahan hem ýaradylyşyň iň möhüm sebäbiniň şükürdigini görkezýär. Äleme üns bilen syn etseňiz, ony düzýän barlyklaryň her biri üçin Allatagala şükür edilmelidigine we ähli zadyň şükür etdirtmek üçin ýaradylandygyna göz ýetirersiňiz. Hawa, bu ýaradylyş daragtynyň iň möhüm miwesi, bu fabrigiň öndürýän iň ýokary hilli önümi – şükürdir.

Älemiň gurluşyna bir serediň, ondaky barlyklar ýaşaýşyň töweregine aýlanyp, halka emele getirýändir. Barlyklaryň hemmesi ýaşaýşyň hyzmatyndadyr. Ony gerekli zatlary bilen üpjün edýärler. Diýmek, älemi ýaradan Biribar ýaşaýşa gaty ähmiýet berýän eken.

Ýa-da bolmasa, janly-jandarlara syn ediň! Olar hem adamzadyň daşynda halka emele getiripdirler. Göýä, jandarlar adam üçin ýaradylan ýaly. Çünki, ähli jandarlar oňa hyzmat edýärler. Olar adamyň tabynlygyna berlipdir. Adama janly-jandarlaryň üstünden hökmürowanlyk etmäge rugsat berlipdir. Diýmek Halyky-Züljelal adamzada ähmiýet berilmegini isläpdir.

Indi bolsa, adam bilen haýwana üns berip göreliň! Olar hem ryskyň töweregine üýşüp, halka emele getiripdirler. Hamana adam, hatda haýwan hem ryskyň yşgyna düşen ýaly görünýär. Olaryň hemmesi ryska tabyn. Rysk olaryň üstünden hökümini ýöredýär. Hawa, Allatagala rysky ägirt uly hazyna meňzedip ýaradypdyr. Bu hazynanyň nygmatlary asla tükenmeýär. Hatda ryskyň tükeniksiz görnüşlerinden diňe biriniň tagamyny tapawutlandyrmak üçin dilde şol tagamlaryň sanyça göze ilmeýän birgiden duýgur damarlar goýlupdyr. Diýmek älemde iň üýtgeşik, iň baý, iň geň, iň şirin, iň mazmunly, iň ajaýyp hakykat ryskdadyr.

Görşümiz ýaly, herki barlyk ryskyň töweregine çugdamlanyp, oňa labyryny atypdyr. Edil şonuň ýaly-da, ryskyň ähli görnüşleri hal we dil bilen edilen şükürleriň netijesinde dowamat tapýar. Şeýdip, “şükür” miwesi  ýetişýär. Herki rysgal şükür etmäge çagyrýar. Çünki, ryska bolan işdä-de, ony arzuw etmegem tebigy şükürdir. Ryskdan lezzet almak hem şükürdir. Bu görnüşdäki şüküri haýwanlarda görmek bolýar. Diňe adamzat azgynçylyga, küpüre baş goşup, özüniň şükür etmek üçin ýaradylandygyny unudýar. Şükür etmegiň deregine, şirk goşýar.

Şeýle hem, daşky gözellik, hoşboý ys, süýji tagam ýaly rysklara, nygmatlara üns çekýän, ine, bu unsurlar janly barlyklary şükür etmäge çagyrýar. Olary heýjana getirýär we nygmata bolan söýgini, hormaty artdyrýar.  Bu bolsa, şükür ornuna geçýär. Hawa, nygmatlaryň gözellikleri, yslary we tagamlary akylly barlyklary ünsli bolmaga çagyrýar. Bular nygmata hormat goýulmagyny, sarpaly garalmagyny isleýär. Aňly barlyklary dil we hereket arkaly şükür etmäge çagyrýar, muny başarýaram. Netijede, şüküranalykdaky iň süýji, iň datly lezzeti oňa datdyrýar. Ýagny datly nygmatlar, wagtlaýyn bolmagyna garamazdan, şükür arkaly hemişelik sapany, hakyky eşreti, çäksiz lezzeti özünde jemleýän rahmany hoşamaýlygy gazandyrýar. Başgaça aýtsak, dünýädäki nazy-nygmatlaryň üsti bilen rahmet hazynalarynyň keremli Mäliginiň özüne üns berýändigini, hoşamaýlyk görkezýändigini bilip, çäksiz lezzet alar. Heniz bu dünýädekä ruhunda jennetiň baky lezzetini belli bir derejede duýýar. Ine, haçan-da şükür edilende, ryskyň gymmaty şeýle artýandyr, şeýle gymmatly hazyna öwrülýändir. Eger şükür edilmese, onuň gymmaty ýitýändir.

„Altynjy sözde“ beýan edilişi ýaly, adamyň tagam duýujy agzasy  herhaçan tagamlara Haktagala üçin ýönelse, ýagny şükür etmek üçin olary datsa, ana, şonda ol Allanyň soňsuz rahmetiniň çäksiz aşhanasynyň şükürini we öwgüsini ýetirýän belent mertebeli derňewçi hökmünde bolar. Eger nebsiň aladasyny edýän bolsa, ýagny rysgaly bereni ýadyna salmaýan, şükür etmeýän bolsa, diňe rysgalyň özüni maksat edinýän bolsa, onda ol hälki belent mertebeden düşer, gara bokurdagyň sakçysyna öwrüler. Hatda  aşgazanyň – malýatagyň  gapysyny goraýan ýaly bolar.

Ine, rysgalyň bu hyzmatkäriniň şükür etmeýändigi üçin mertebesi peselişi ýaly, beýleki hyzmatkärleriňem mertebesi peselýändir. Rysgalyň hem hakyky manysy gizlenýändir. Şol hyzmatkärlerem iň belent mertebeden iň pes mertebä düşýärler. Olaryň bu ýagdaýy bolsa älemiň Halygynyň hikmetiniň tersine gitmek bolýandyr.

Kanagatlylyk,tygşytlylyk,kaýyllyk hem minnetdarlyk bildirmek şüküranalygyň alamatlarydyr. Harsydünýälik,zaýaçylyk,nygmata gadyrbilmezçilik etmek, haram-halaly saýgarman  symyşlamak näşükürligiň alamatlarydyr.

Hawa, kanagatsyzlygyň näşükürligi aňladyşy ýaly, ol mahrumçylyga-da alyp barýandyr. Üstesine, mertebäň depelenmegine-de sebäp bolýandyr. Hatda topar bolup ýaşaýan mübärek garynjalaram, göýä rysklary ugrunda çensiz hars urýandyklary üçin, aýak astynda ezilýän ýaly. Aslynda, garynjalar ýylyň dowamynda birnäçä bugdaý dänesi bilen hem oňup biljekler. Emma bire-ikä kanagat etmän, hinlerini müňläp-müňläp däneden doldurýarlar. Mübärek arylar bolsa, kanagatly bolansoňlar, depämizde uçuşyp ýörler hem Allanyň emri arkaly adamzady bal bilen bakýarlar.

Hawa, Mukaddes Biribaryň özüne mahsus Alla diýen iň beýik adyndan soňra, Rahman diýen iň beýik ady rysgal bilen baglanyşyklydyr. Rysgalyň şükürini ýetirmek bilen oňa ulaşmak bolýar. Rahmanyň iň açyk manysy Rezzak (rysky beriji Alla) diýmekdir.

Şeýle hem, şükür etmegiň görnüşi kändir. Namaz şüküranalygyň many-mazmunyny özünde jemleýändir.

 Şeýle hem, şükür etmek sap-arassa imanyň görkezijisidir. Şükür etmek – çyn ýürekden towhydy – Allanyň birligini yglan etmekdir. Meselem, almany iýensoň „Elhamdulillah“ diýip, şükür edýän adam bu nygmatyň Allanyň hut özüniň gudrat eli bilen sowgat edýändigine hem-de Onuň rahmet hazynasyndan gelen serpaýdygyna ynanýandygyny yglan edýär. Ýagny her bir zadyň, uly-kiçi tapawudy ýok, Onuň gudrat eli bilen ýaradylandygyny jar edýär. Her zatda rahmetiň ýalkymyny görýändigini bildirýär. Eýsem şükür etmek arkaly sap imanyny hem towhyd ynanjyny beýan edýändir.

Emma gapyl adam Allatagallanyň eçilen nygmatlaryny äsgermezçilik etmeginiň netijesinde, köp bähbitden mahrum bolýar: Meselem, süýji tagamy iýen adam şükür etse, iýen nygmaty nura öwrüler. Ahyretde jennetiň bir miwesi bolar. Nygmaty dadyp görüp, ony Haktagalanyň rahmetiniň hödür-keremidigine göz ýetirip, Onuň eseridigini ýadyna salyp,  tükeniksiz lezzet alar. Hawa, bu nygmatyň şüküri ýetirilenden soň, onuň özeni – ruhy bölegi  belent mertebelere çykar, maddy galyndysy, ýagny wezipesini ýerine ýetiren bölegi bolsa, aslyna – elementlere öwrüler. 

Emma adam şükür etmese, nygmatyň wagtlaýyn lezzeti geçerem welin, yzynda ünji, ahmyr galar. Maddasy-da zyňynda öwrüler. Almaz daşyň gymmatyndaky ol nygmatyň kömürden parhy bolmaz. Şüküri ýetirilende bolsa, ol nygmat zaýa bolmaz, gaýtam, müdimi lezzeti dadyrar we miwesi baky bolar. Ýöne şüküri edilmedik ýagdaýynda, ol nygmatyň owadan görnüşi bedroýlaşar. Çünki gapyl adamyň garaýşyna görä, rysk wagtlaýyn lezzet berenden soňra, zyňynda öwrülmeli.

Hawa, rysgalyň özüne bendi ediji tarapy bardyr. Ol hem şüküranalyk arkaly görünýär. Gaflatdakylar we Hak ýolundan azaşanlar bolsa, rysgalyň bu tarapyny görüp bilmeýärler. Olaryň rysgala imrinişleri haýwanlaryň imrinişi ýalydyr. Ynha, indi azgynlaryň we gaflat ukusyndakylaryň nämelerden mahrum bolýandygyny özüňiz oýlanyp görüberiň.

Janly-jandarlaryň arasynda ryskyň iň köp görnüşine adam mätäçdir. Haktagala adamy ähli atlaryny özünde jemleýän aýna; rahmet hazynasyndaky nygmatlaryny derňäp, tanap biljek agzalary bolan gudratly mugjyza; bütin atlarynyň ýalkymyny hem sungatynyň inçeliklerini görüp biljek gurallary bolan Ýeriň halyfy hökmünde ýaradypdyr. Şonuň üçinem oňa çäksiz mätäçlik beripdir,ýagny Alla adamy rysgalyň maddy we ruhy görnüşlerine mätäç edip ýaradypdyr. Ynha, şeýle ýasawdaky ynsanyiň belent mertebä – ahseni-takwime çykarjak amal bolsa şükürdir. Adamzat şükür etmese,iň pes mertebä – esfeli-safiline düşer,gaty uly zulum eder.

Mahlasy: iň beýik we iň kämil ýol bolan ubudiýet we mahbubiýet (gulluk arkaly Allanyň söýgüsini gazanmak) ýolunyň dört ýörelegesinden iň ulusy şüküranalykdyr. Ol dört ýörelge, ynha, şeýle beýan edilýär:

„Der taryky-ajz-mendi lazym amed çar çiz:

ajzi-mutlak, fakry-mutlak, şewki-mutlak, şükri-mutlak, eý, aziz![42]

 

[43]اَللّهُمَّ اجْعَلْنَا مِنَ الشَّاكِرِينَ بِرَحْمَتِكَ يَا اَرْحَمَ الرَّاحِمِينَ

سُبْحَانَكَ لاَ عِلْمَ لَنَا اِلاَّ مَا عَلَّمْتَنَا اِنَّكَ اَنْتَ الْعَلِيمُ الْحَكِيمُ[44]

اَللّهُمَّ صَلِّ وَ سَلِّمْ عَلَى سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ سَيِّدِ الشَّاكِرِينَ وَ الْحَامِدِينَ وَ عَلَى آلِهِ وَ صَحْبِهِ اَجْمَعِينَ آمِينَ[45]

وَ آخِرُ دَعْوَيهُمْ اَنِ الْحَمْدُ لِلّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ