Şahymerdandan
Şahymerdandan
dördünji halyf, Muhammet pygamberiň doganoglany we ogullygy, giýewi (Patmanyň adamsy). Onuň doly ady Aly b. Abu Talyb Aby-l- Hasan al-Myrtada (ýogalan wagty 661-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 21-i). Yslam dini ugrunda edermenlik we batyrgaýlyk bilen göreşenleriň naýbaşylarynyň we Muhammet pygamberiň ýakyn egindeşleriniň biri. Yslamdaky şaýylar hereketiniň başlanmagy onuň ady bilen baglydyr.Musulman halklarynda Alynyň ady, onuň gylyjy, aty – Düldüli bilen baglanyşykly rowaýatlar saklanýar. Rowaýatlarda Aly «Alla ýaramly», «Allanyň peleňi», «Keramatlylaryň şasy» diýen at bilen ýatlanýar. Aly Muhammetden miras galan gylyjy bilen söweşlerde aýratyn edermenlik görkezýär, kabir ýerlerde onuň ady bilen gudratlylyk baglanyşdyrylýar. Mysal üçin rowaýatlara görä Aly kesilen elleri bejeripdir, eýmenç ýolbarslary, aždarhalary gaçyp gider ýaly edipdir.VII asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalarynda Arap halyflygynda Osmanyň hökümdarlygyna garşy hereketler başlanypdyr. Halyflygyň ilaty Alynyň batyrlygyna, akyl-paýhaslylygyna, ugurtapyjylygyna, galyberse-de Muhammet pygambere iň ýakyn adamlaryň altysynyň biridigine bil baglap, Osmanyň ornuna Alynyň halyf bolmalydygy barada çykyş edipdir. Alynyň halkyň öňünde söz sözlemäge, ynandyryjy geplemege gaty ökde bolandygyny, «söz gudratyny» ulanmaga ussatlygyny hem aýtmalydyrys. Alynyň köp sanly nebereleri häzirki wagtda musulman dünýäsiniň dürli ýurtlaryna ýaýrandyr.Magtymgulynyň döredijiliginde Hezreti Ala mynasyp orun berlipdir. Beýik akyldarymyz goşgularynda Alynyň adyny «Aly», «Hezreti Aly», «Şahymerdan», «Murtuza» görnüşinde 50-den gowrak ýerde ýatlaýar. Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur atynyň, zülpükär gylyjynyň bolandygy mälim. Görogly kyn güne düşende elmydama özüniň piri Hezreti Alydan — Şahymerdandan goldaw isleýär.