hakyky dost
hakyky dost
Dostuňy daş tutgun biwepalykdan,
Aja – süýji, süýjä – ajy diýmekden.
Ol dostlukly günleriniň günäsin,
Duşmanyna eden ýaly, sanasyn.
* * *
Zeberkan ibn Bedr (Amr ibn Ahtam Munkyrydan hem diýdiler) şeýle diýipdir:
Şeýle Amr bilen dostlugymyz biziň,
Hatda tilkiler-de ýetirdi gözün.
Dostlugymyz bagly bakylyk bilen,
Göýä, älem onuň haýrany bolan.
* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dostuň bahylçylygy dostlugyň keselligindendir».
* * *
Bir adam şeýle diýipdir: «Eý, Allam, ynamdarlaryň belalaryny menden aýyr, eý, Allam, meni dostumdan gora!».
* * *
Halyt ibn Safwan Şebip ibn Şebibe barada şeýle diýipdir: «Bu adamyň gizlin dosty we açyk duşmany ýok».
* * *
Akyldardan sorapdyrlar:
— Nähili hazyna haýyrly?
Ol aýdypdyr:
— Elbetde, Allatagaladan gorkmakdan soňra, salyh dost. Meniň üçin iň haýyrly dost, meniň peýdam köp degýän dostumdyr.
* * *
Halyt ibn Safwandan sorapdyrlar:
— Saňa dostuň ýagşymy doganyň?
Ol hem:
— Dost bolan dogan ýagşydyr — diýipdir.
* * *
Eger dostuň seni aldasa, ony duşman hasapla.
* * *
Ruh ibn Zenbagdan[1] sorapdyrlar:
— Dostuň manysy näme?
Ol hem:
— Ol manysyny düşündirip bolmaýan şeýle bir ajaýyp sözdür — diýipdir.
* * *
Abraýly dost dostuň dostuny hem söýýän dostdur.
* * *
Tamakinçilik esasyna gurlan dostlugyň soňy umytsyzlykdyr.
* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Zatlaryň täzesini saýla, dostlaryň könesini».
* * *
Ymraul Kaýs şeýle diýipdir:
Dostumdan razy, ol – «gözüm nury»,
Diýýän adam gelsin, ýanyma – bäri.
Atadan ant içýän, tutunmadym hiç
Adamdan dost-u-ýar şu çaka deňeç.
Sebäbi gelýärin bile-bile men,
Haýyn kimin edýän erbet gylygyn.
* * *
Kagp ibn Zuheýr şeýle diýipdir:
Bir wepaly dost duşar, öýde-öýde garaşma,
Kimdir biri sataşsa, ynan gaýta, garaşma.
* * *
Zuhrynyň ussady bolan Abdylla ibn Utbe ibn Mesgut[2] şeýle diýipdir:
Eger wepadar dost gözleýän bolsaň,
Azdyr, ýöne hökman duşjagyn bil sen.
* * *
Ynsanlar Kumeýt bilen Tarmahyň[3] hallary ýaly geň zat görmediler. Kumeýt adnan taýpasyndan, şaýylygyň galyýa mezhebinden bolup, kufalylaryň tarapdary bolupdyr. Tarmah kahtanyýe taýpasyndan, haryjylygyň safryýe mezhebinden[4] şamlylaryň tarapdary bolupdyr. Olaryň arasyndaky dostluk we ülpetlik henize çenli başga iki kişiniň arasynda bolmandyr. Olaryň arasynda öýke-kine, dawa-jenjel bolup görmändir.
Olardan:
— Sizi näme dostlaşdyrdy? — diýip sorapdyrlar.
Olar hem:
— Bu iki tarapdarlaryň biri-birlerine duşmançylygy — diýipdirler.
* * *
Şeýle-de olar ýaly Seýit Hamyry[5] hem Binti Fejata[6] öýlenipdir we ömür boýy agzybir ýaşaşypdyrlar.
* * *
Halyt ibn Safwandan sorapdyrlar:
— Nähili dost gowy?
Ol hem:
— Kemçiligimi doldurýan, ýalňyşymy ötýän, ötünjimi kabul edýän dost — diýipdir.