Sazyň ynsanyň kalbynda dürli duýgulary oýaryjy görnüşleri
Sazyň üç görnüşi bar. Sazyň birinji görnüşi adama lezzet berýär, kalbynda ýakymly, ajaýyp we köşeşdiriji duýgyny oýarýar. Gözel keşbiň gözümize ýakymly bolup görnüşi ýaly, saz hem biziň gulagymyza hoş owaz bolup eşidilýär.
Sazyň ikinji görnüşi höwes döredýär, köňülde joşgun oýaryp, aňymyza dürli zatlaryň keşbini getirýär. Bu saz adamyň kalbynda belli bir pikirleri döredip, olary amala aşyrmaga itergi berýär. Şeýle saz ajaýyp suraty we heýkeli gören ýaly täsir ýetirýär. Bu görnüşli sazlaryň käbiri ýakymly tomaşany, başga birleri bolsa haýsydyr bir duýga bolan ymtylyşy aňladýar. Dogrudan hem, ökdelik bilen çekilen surata seretmek ýakymly. Çünki, surat haýsydyr bir zadyň ýa-da jandaryň häsiýetini, hereketini we ukybyny görkezýär. Meselem, gadymy adamlar butuň keşbini döredip, öz hudaýlarynyň hereketlerini, häsiýetlerini, güýç-kuwwatlaryny aňladypdyrlar. Olar ýeke-täk Allatagalany däl-de, eýsem öz hudaýlaryny hormatlapdyrlar, onuň bilen durmuşlaryny baglanyşdyrypdyrlar. Şeýle butlary görendigi barada tebip Jalinus[1] hem ýatlap geçýär. Biziň günlerimizde hem şeýle butlar Hindistanyň uzak etraplarynda bar.
Sazyň üçünji görnüşi ynsanyň hyýaly duýgularyny oýarýar. Sazyň bu görnüşi joşgun, hyjuw görnüşinde ruhy halymyzy aňladyp, owaza gelýär. Ynsana hem, haýwanlara hem ses berlip, olar şatlykly ýa-da gaýgyly ýagdaýlaryna görä, özlerine mahsus sesleri çykarýarlar. Sesleriň kömegi bilen adam sözleri düzýär. Sözlerden bolsa sözlem emele gelýär. Haýwanlaryň sesleri adamyň many aňladýan sözlerindäki seslerinden we nagmalaryndan tapawutlanýar. Bu ýerde gürrüň haýsydyr bir duýgynyň astynda haýwanlardan çykýan gykylykdaky we adamyň döredýän aýdymyndaky sesler hem nagmalar barada barýar. Ynsanyň ýa-da haýwanyň duýgusyna görä çykarýan sesi, meselem, olar şadyýan wagtlarynda ýa-da howsala düşenlerinde, ýa-da gorky astynda bolanlarynda dürli-dürlüdir. Adamyň sesi ruhunyň düşen beýleki hallaryna hem baglydyr. Ses gaýgyny, näzikligi, gahar-gazaby we başga duýgulary hem aňladyp biler. Sesler we nagmalar diňleýjide hem şonuň ýaly duýgulary we ruhy haly döredip, ruhlandyryp, köşeşdirip ýa-da rahatlandyryp biler.
Haýsydyr bir sazy diňlän wagtymyzda lezzet almagymyzyň sebäbi duýýan we kabul edýän zadymyzyň sebäbi bilen birmeňzeşdir. Çünki, şatlanmak ýa-da gynanmak kabul edilýän duýgynyň kämilligine ýa-da kämil däldigine baglydyr. Bu meseläni derňän Fisagorisiň[2], onuň şägirtleriniň we fizikleriň göz öňünde tutan maksatlaryna ýetendigini öňde subut edipdik. Adam dürli sesleri çykarmak bilen göwnüne teselli bermäge ymtylýar, hyýaly hyjuw onda maksada ýeten haly döredýär. Bu hyjuw öz-özünden ýitýär. Çünki, ol hyýaly ymtylyşyň netijesinde emele gelipdi. Bu ýa-da onuň ornuny tutjak maksat gazanylaýsa-da, ol ýok bolýar.
Adamyň ruhy tarapdan belli bir hala düşýändigi we şol ýagdaýyna laýyk sesi çykarýandygy mälimdir. Ruhy ýagdaýda çykarylýan sesleri eşitmek hem oňa miýesser bolýar.
Joşgunyň çykaran sesleri we olaryň döredýän täsirleri onuň ornuny tutýar. Ruhy ýagdaýyň miwesi bolan joşgunyň netijesinde çykan sesler we nagmalar aňda hyýaly şöhlelenmäni döredýär we pikiriň peýda bolmagyna getirýär.
Ýokarda sazyň üç görnüşiniň bardygyny belläpdik. Olaryň birinjisi lezzet berýär; ikinjisi joşguny oýarýar; üçünjisi bolsa hyýalymyza täsir edýär. Tebigy saz adatça ynsanyň şu üç duýgusyna täsirini ýetirýär. Kämil saz eserleri adamlaryň hemmesiniň ýa-da köpüsiniň şol duýgularyň täsirine düşmeklerine mejbur edýär.
Ýakymly duýgulary oýaryjy sazy biz dynç alýan wagtymyzda diňleýäris. Ol ruhy galkynyş duýgusyny döredýär. Göçgünlilik we joşgunlylyk oýarýan saz ruhy aýratyn bir hala düşürýär. Hyýaly duýgulary oýarýan saz dilewarlyk bilen sözlenen söz ýaly peýda berýär. Şygryýet bilen goşulanda sazyň täsiri has güýçlenýär.
Ýakymly duýgulary oýaryjy sazyň birinji görnüşi ruhy joşguny we hyýaly duýgyny döredýär. Goşgynyň sözleri ýakymly nagmalar bilen goşulyşanda, diňleýjiniň ünsüni has-da özüne çekýär. Çeper şygyr bilen ýakymly heň goşulanda täsiri güýçli bolýar. Sazyň üç görnüşi bir saz eserinde gabat gelse, onda bu eseriň kämil, ýakymly we örän peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir. Diýmek, has ajaýyp we has netijeli saz onuň üç görnüşini hem özüne birleşdirýän, şygryýet bilen goşulyşan saz eseridir. Şeýle ýagdaýda saz eseri hemme tebigy hillere eýe bolýar. Bu ýerde gürrüň diňe adam sesiniň çykarýan owazy barada barýar. Gurallar bilen çalynýan saz üçin bu hilleriň käbiri häsiýetlidir. Heňler diňe adam sesiniň kämilligi bilen kämil bolýar.