jadyly dünýä syýahat
Köklerini uzak geçmişden alyp gaýdýan, ata-babalarymyz tarapyndan döredilip, uzak ýyllaryň paýhas eleginden geçirilip, timarlanylyp biziň eýýamymyza ýetirilen. Halkyň baý durmuş tejribesiniň, pähim-parasatynyň önümi bolan ertekilerde halk öz isleg-arzuwlaryny, geljege bolan umytlaryny, ynançlaryny beýan edipdirler.
Halkyň ruhy önümi bolan ertekilerden türkmen halkynyň geçmişini, belli-belli döwürlerdäki ýaşaýyşlaryny, gün-güzeranlaryny, meşgullanan kärlerini, hünärlerini, däp-dessurlaryny, ýaşaýyş şertlerini, hatda taryhyny hem öwrenmek bolýar.
Ertekiler boýunça taýýarlanan şu ýygyndy jadyly ertekileri özünde jemleýär. Jadyly ertekiler haýwanlar hakyndaky hem-de durmuşy ertekiler bilen deňeşdirilende juda mazmuna baýlygy, çeperligi, göwrümliligi bilen tapawutlanýar. Ertekileriň bu görnüşinde durmuş toslama, jadyly hem durmuşy wakalar bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär. Olarda köplenç adamzat bilen jadyly güýçler çaknyşýar. Meselem, «Hatam Taý», «Allaberdi wezir», «Kerem», «Akpamyk», «Şa gyzy», «Körpe ogul», «Şamar», «Kelje», «Diwana», «Gülýaka», «Adyl şa» we ş.m. ertekilerde ýagdaý şeýledir.
Jadyly ertekileriň esasy alamatlary olarda adatdan daşary hyýaly güýçleriň heňe gelmejek hyýaly ýagdaýlardaky akyla sygmajak hereketleriniň häli-şindi gaýtalanyp durmagydyr. Meselem, Symrug guşuň arkasyna münüp, («Hatam Taý») ýa-da jübä sygar ýaly zada öwrülip, göze görünmän («Şamar») arşa çykmak. Jadyly ertekileriň gahrymanlary bir görseň hala münüp uçup ýör, bir görseň hem jadyly tokmak bilen duşmanyndan («Kör garga») ar alyp ýör.
«Şamarda» adamzatdan ýylan (aždarha) dünýä inip, ol hem adamlaryň arasynda ýaşap, şa gyzyna öýlenip ýör. Şamar gije gözel ýigit, gündizine ýylan bolup adamlar bilen gürleşip, iş salşyp ýör.
Şeýlelikde, ertekileri dörediji ynsanlar görlüp-eşidilmedik täsin-täsin gahrymanlary, wakalary oýlap tapypdyrlar. Meselem, «Hatam — Taý» ertekisinde Hatamyň öz arzuwyna ýetmekde ýa-da kimdir birini arzuwyna ýetirmekde hötde gelýän işleri adam güýji ýeterden has çylşyrymly hem kyn. Hatam eger Symrug guşuň arkasyna münüp arşa çykmasa, arşdaky Gülüň mekanyna ýetip bilmezdi. Ýa-da «Şamar», ertekisinde Şamaryň ogly jadynyň, tilsimiň güýji bilen göze görünmeýän zada öwrülmezden, gizlinlikde perileriň mekanyna düşüp, perisiniň gijelerine nirä ýitirim bolýandygyna akyl ýetirip bilmezdi we mähriban kakasy bilen arşda didarlaşmazdy.
Toslama esaslanylyp döredilen çeper eseriň beýleki toslamalardan has ýokarda durýandygyny edebiýatçy alymlar belläpdirler. Aýdaly, döwsüz erteki ýok. Emma adamzada golaýlanda allaowarradan tupan turuzyp, ýer sarsdyryp, ala-galmagal bolup gelýän äpet-äpet döwler adamlardan beden güýji bilen rüstem gelse-de, akyl-parasaty taýdan olaryň döwi pes gelýär. Hatda gazabyndan, adamhorlugyndan bütin bir ýurdy howp astynda goýup, olara ot ýakdyrmaýan, ýüzläp goşuny yza serpikdirýän aždarhalar hem («Şa gyzy») iň soňunda haýsydyr bir mert ýigidiň alnynda dyza çökýär ýa-da onuň elinden gurban bolýar.
Jadyly ertekilerde wakalar hernäçe toslamalara ýugrulsalar-da, jadyly güýçler, tilsimler bilen adamlary islän zadyna öwrüp, olara tor gursalar-da, barybir ynsan hem onuň güýji, akyl-parasaty, gahrymançylygy başky orunda durýar.
Erteki gahrymanlary üçin hötde gelnip bilinmejek güýç ýok. Olaryň bary adam erkine, güýjüne tabyn bolýar. Onda ähli janly-jandar adamzada hyzmat edýär. Ertekilerdäki hyýaly zatlar, jadyly güýçler, toslamalar gahrymanlara hykykaty açmaklyga kömek edýär.
Şeýlelikde, hernäçe hyýaly toslamalara baý bolsa hem, jadyly ertekiler halk durmuşyndan, geljeginden, halkyň ýaşaýyş şertlerinden, gün-güzeranyndan, isleg-arzuwyndan üzňe däl. Halkyň öz döreden zady ondan üzňe hem bolup bilmez.
Hyýaly ertekilerde halk wakalary ynsan güýjünden daşary bolan jada ýugrup, öz öňünde goýýan ençeme maksatlaryny hasyl edýär. Meselem, adatdan daşary güýçlere garşy göreşmek, ýeňmek gahrymanlarda batyrgaýlyk döredýär. Batyr, garadan gaýtmaz ýigitler haýsy döwrüň guwanjy däl. Galyberse-de ertekiler adamlarda, onda-da ýaşlarda mümkin däl zatlary, gudratlary amala aşyrmaga isleg döredýär, hyjuwlandyrýar. Her bir eýmenç, äpet güýçleri ýeňip geçip boljakdygyna ynam döredýär. Sebäbi adamzat özlerini gurşap alan älemiň nämedigine göz ýetirmeklige, gelejegi bilmeklige çalşypdyr. Belki, uçarlaryň döremeginde halk hyýalynyň, jadysynyň hyzmaty bolandyr. Uçýan halylar ýöne ýere oýlanylyp tapylan zatlar däldir. Adam aňy uzakdan görýär. Sebäbi ertekiler halkyň durmuşynda möhüm akyl ýetirijilik, özboluşly ylym-bilim bolup hem hyzmat edendir. Ynsan öz çagasyny heniz okap bilmeýärkä, ýatdan aýdylan ertekiler bilen terbiýeläpdir. Aýratyn hem haýwanlar hakyndaky hem beýleki ertekileriň üsti bilen olara halallygy, dogruçyllygy, dost sarpasyny tutmagy, enä-ata, aga-inä hormat goýmagy, ynsanperwerligi, watanperwerligi öwredipdirler. Halk döredijiligini öwrenijiler entek bir harpy hem tanamaýan adamlar üçin ertekileriň gymmabaha taryhy resminamalardygyny belläpdirler. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda gyş giželerinde üýşüp-üýşüp diňlenilýän halky eserleriň täsiri barada ýakymly ýatlamalary ýazypdyr. «Telewizoryň ýok, radionyň gyt wagtynda uzyn gyş gijelerinde, salkyn tomus agşamlarynda goňşylar bilen mesawy söhbet etmek oňat dessurlardandy. Dessan diňlenilýän, gyzykly hem pähimli rowaýatlar aýdylýan şeýle gyş gijeleri, tomus agşamlary türkmen durmuşynyň iň ajaýyp görnüşleri bolup galdy. Olar biziň üçin edep mekdebidi. Ekabyr bolýançaň, eneň eteginde oturyp, Hydyr gören aýallaryň, ekabyr çykaňsoň, ataň ýanynda oturyp, Hydyr kimin ýaşulularyň gürrüňlerini diňlemek goňşuçylykda bolup geçipdi. Bu görnüşler tebigy, ýürege ýakyn hem türkmen durmuşynyň özi ýaly pessaý owazly pursatlardy»[1].
Juda durmuşy bu ýatlama arkaly halk döredijilik eserleriniň, ertekileriň nähili derejede söýülýändigine, sarpa goýulýandygyna, olaryň adam aňyna ýetirýän täsirine iňňän aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ertekilere türkmen halkynyň jomartlyk, sahylyk, myhmanparazlyk, şahandazlyk, adyllyk ýaly milli häsiýetleriniň siňdirilmegi, olaryň terbiýeleýjilik häsiýetiniň göz öňünde tutulanlygyndandyr. Aýratyn hem toslamalara, ulaltmalara baý jadyly ertekilerde halk öz isleg-arzuwlaryny, göwün ýüwürtmelerini, oýlap tapan hyýaly hem jadyly wakalary hem gahrymanlaryň hereketleri, oý-pikirleri arkaly iňňän täsin ýüze çykarmagy başarypdyr. Adalatly şa bilen asuda, erkana, bol-elin ýaşamagy isleýän halk, şol adalatly, parasatly şany saýlamak üçin ýörite bir guşy oýlap tapypdyr ýa-da aýdaly, durmuşda, heý, düýşüň satylanyny gören-eşiden adam bolupmy? Tüýs erteki-dä, näme etseň, bolubam dur, ynanybam otyrsyň. Sebäbi onuň aňyrsynda ynsan üçin bähbitli ýagşy niýet, arzuw ýatyr.
«Satylan düýş» atly şeýle täsirli ertekide bir garyp goja özüniň gören gowy düýşüni bir süri goýna çalşyp, ömrüniň ahyrynda bol-elin ýaşamaga çykalga tapýar. Düýşüň gudratyna ýüregi bilen ynanan sada çopan bolsa, şol ynanjy bilen şa gyzyna öýlenip, otursa-tursa hyýalyna gelmedik bagta ýetýär. Halkyň hyýaly erteki wakalarynyň serhetiniň bolmaýşy ýaly çäksiz. «Hatam Taý» atly ertekide hatda Gülüň jesediniň doňup, altyna öwrülmegi ýa-da beýleki käbir ertekilerde jadynyň güýji bilen adamlaryň doňdurylyp daşa öwrülmeginiň käbir babatda hakykat bilen baglanyşygynyň bardygyny gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde ençeme alymlar ylmyň üsti bilen tassyklapdyrlar.
«Öwez ýalta» atly ertekide iňňän geň, täsin wakalaryň üsti bilen özi ýalta, emma çaksyz halal, arassa ogluny halkyň durmuş synagyndan geçirip terbiýeleýşinde ýokary ussatlyk bar.
«Baky nebisli», «Döw» atly ertekiler-de ýokarky «Öwez ýalta» atly ertekä kybapdaş, aňyrsy-bärsi görnüp duran çaklaňja ertekiler. Emma muňa garamazdan, olaryň taglym taýdan bir dessanlyk ýüki bar.
«Öwez ýaltada» baý Öwezi talaban tutanda, onuň öňünde iki şert goýýar. Ol halal hak isleýäne bir teňňe, haram hak isleýäne ýüz teňňe töleýändigini aýdýar. Öwez ol söwdagäre bir teňňä talaban durup, bir teňňesine başga zat düşmänden soň, bir güjük bilen pişik satyn alyp, ony öýlerine ýollaýar. Ol iki jandar soňundan Öwez ýaltanyň ykbalynda ynsan hötde gelerden kyn işleri bitirip, ýigidi uly bagta ýetirýär. Onuň şa gyzyna öýlenmegine sebäp bolýar.
Jadyly ertekileriň dünýäsine aralaşdygyňça, biri-beýlekisinden täsin, gyzykly wakalaryň, biri-birine meňzeýän, şol bir wagtyň özünde häsiýetleri gapma-garşy erteki gahrymanlarynyň üstünden barýarsyň. Meselem, «Hatam Taý» ertekisinde sahylykda Gündogara meşhur bir gahryman, baýlygyny il-halka paýlap ýörkä, ikinji bir ertekiniň gahrymany Baky nebisli («Baky nebisli») sürüläp maly barka, näsag aýalynyň derdine derman gözläp (kellebaşaýak), onam ýarym mugtuna aljak bolup ýurtdan-ýurda aşýar.
Soňundan hem päli-niýeti düzüw bolmadyk, nebsi damagyny çalyp barýan Baky nebisli ertekide halkyň eline, diline düşüp, şeýle bir eýlenip, täzeden ýasalýar welin, onuň erteki gahrymanydygy ýadyňdan çykyp gidýär.
Halk Baky nebislini itiň yzyna salyp, şeýle bir gözden düşürýär welin, zehiniň, ýazyjylyk ukybyň daş ýaraýmasa, beýle meňzetmäni tapyp, açgöz-husydyň häsiýetini beýle derejede ussatlyk bilen açmak mümkin däl. Bolmanda, bazarda bir kellebaşaýagy ýarym mugtuna diläp, gözgülban bolup duran Baky nebisli mugut kelle tapar-da, itiň yzyna düşmezmi?! Ol jübüsinden puluny çykaranyndan janyny berenini gowy görýär. Onuň öýünde bolsa «owlagyň ýa-da geçiniň kellesini getirdiň» diýjek adam ýok. Sebäbi Baky nebislä maşgalasyndan belet adam barmy?! Owlajygyň kellesini göterip barýan itiňem bada ol kelläni nireden çilendigi, ogurlap alypmy ýa zir-zibiliň içinden tapypmy, belli däl. Baky nebisli bu hakda oýlanardan has ejiz, pes. Baky nebisliniň Taňrysam, dost-ýaram, maşgalasam diňe baýlyk.
It janawer rysgalany agzyndan aljak bolup söbügine münüp gelýän adamdan gorkusyna, kürsäp döwüň gowagyna girýär.
Baky nebisli üçin item gorkuly däl, döwem, janyny berjek, emma kellebaşaýagy mugt aljak. Ýöne ol bagty getirip, öz halasgäriniň üstünden düşýär. Hemişe giň, geçirimli, dözümsiz halk bu gezegem geçirimlilik edýär. Halk — «ýalkasa ýaz, gargasa gyş». Baky nebislini erteki gahrymanyna öwrüp, ony açgözlügi, husytlygy üçin gözden düşürip, ýedi gat ýere sokandan soň, ýene dözmän, onuň durmuşyny ýaza öwrüp goýberiberýär.
Halk öz döreden jadyly, hyýaly ertekilerinde zerurlyk ýüze çykanda ölüsinem direldiberýär. Ol ruhy taýdan bir wagt ölüp giden Bakysyny hem oýunda-hyýalynda ýok, garaşylmaýan