DOGANLYK, MUHABBET, DOSTLUK, ALLA ÜÇIN SÖÝMEK
(last modified Thu, 29 Nov 2018 16:32:33 GMT )
Nov 29, 2018 21:32 Asia/Ashgabat
  • DOGANLYK, MUHABBET, DOSTLUK, ALLA ÜÇIN SÖÝMEK

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Köpräk dost tutunyň. Sebäbi siziň Rebbiňiz kerimdir, utanç-haýa eýesidir. Ol kyýamat gününde öz bendesine dostlarynyň arasynda azap bermäge utanar».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim musulman doganyna dostluk nazary bilen seretse, kalbynda hem oňa hiç hili kine-öýke bolmasa, göz-açyp ýumasy salym içinde Allatagala onuň ähli günälerini bagyşlar».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Kimiň ýakyn dosty bar bolsa, oňa azap berilmez. Seret, Allatagala jähennem barada näme habar beripdir: «Biziň indi ne şepagatçymyz bar, ne-de ýakyn bir dostumyz».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dost, şu üç zatda, ýagny başyna kyn iş düşende, gybaty edilende we ölüm wagtynda dostuny goraýança hakyky dost hasaplanmaz».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň iň ejizi ― dost tutunmakdan iň ejiz bolanydyr. Dostlaryň iň ejizi ― dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir».

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: — Musulman doganyň kalbyndaky üç zat onuň saňa bolan dostlugyny subut edýär:

Saňa salam bermegi;

Oturşykda saňa ýer bermegi;

Iň gowy atlar bilen ýüzlenmegi.

 

* * *

Mümkin boldugyça dost sanyn köp et,

Olar kyn günüňde hemaýat, kömek.

 

Ýene azdyr – dostuň bolsa müň ynsan,

Emma köpdür saňa ýekeje duşman.

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Dostluk bilen kalplaryň söýgüsini gazanyň. Çünki kalp şaýatdyr, ol para kabul etmez».

 

* * *

Ibn Arafa şeýle diýipdir:

 

Dostluga tutunýan kalbyň päk şaýat ,

Sebäbi ol adyl, ýeke-täk şaýat.

 

* * *

Bir adam dostuny wasp edip, hat ýazyp: «Sen meniň bedenimiň sag tarapynyň agzalarysyň, meniň şübhesiz we dogry pikirlerimsiň» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dost — ýok wagty hem saňa dost bolýandyr».

 

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men bir gezek Halylyň ýanyna bardym. Ol kiçiräk düşegiň üstünde oturan eken. Soň Halyl meniň geçip ýanynda oturmagymy haýyş etdi.

Men oňa:

— Men seniň ýeriňi daraldan-a däldirin? — diýdim.

Onda ol:

— Goýsana, hakykatdan hem dünýä iki sany öýke-kinelä giň bolmaz. Emma iki sany ýürekdeş dosta welin, bir garyş ýer hem giň bolar — diýip jogap berdi».

 

* * *

Halyl şeýle diýipdir: «Dosty bolmadyk adam, sagy bolup, çepi bolmadyk beden ýalydyr».

 

* * *

Bir adam Ibn Mukaffaga:

— Meniň dostum maňa doganymdan hem has ýakyn — diýipdir.

Onda Ibn Mukaffag:

— Dogry aýdýarsyň. Dost ruhy taýdan ýakyn. Dogan bolsa diňe beden taýdan ýakyn — diýipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Aly Bakyr bir gezek ýanyndakylardan:

 — Siz gerek wagty dostuňyzyň eşiginden dinar, dirhem ýaly gerek zatlaryňyzy alýarsyňyzmy? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Ýok, almaýarys — diýip jogap beripdirler.

Onda ol: 

— Onda siz dost däl ekeniňiz — diýipdir.

 

* * *

Kätip şeýle diýipdir:

 

Dostuň üç waspy bar, diňlegin bizi,

Olar saňa göýä Jöwza ýyldyzy.

 

Utarutdyr görer her zady doly.

Dem alýan howasam seniňki ýaly.