Hekaýat
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i56-hekaýat
Abu Bekr Syddygyň halypalygynyň il­kin­ji döwürlerinde Tulaýha ibn Hüweýlit atly adam gozgalaň edýär. Ol ilki mu­sulman bolup, soňra mürtet bolýar, pygamberlik da­wa­syny edýär we arap mürtetlerine goşulýar
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 22, 2017 19:43 Asia/Ashgabat
  • Hekaýat

Abu Bekr Syddygyň halypalygynyň il­kin­ji döwürlerinde Tulaýha ibn Hüweýlit atly adam gozgalaň edýär. Ol ilki mu­sulman bolup, soňra mürtet bolýar, pygamberlik da­wa­syny edýär we arap mürtetlerine goşulýar

 Çarwa araplarynyň hem­mesi mürtet bolýarlar. Olar Pygamberimiziň wepat bolandy­gyny eşidip, Abu Bekriň ýanyna goşun iberýärler we oňa:

– Biziň saňa boýun bolmagymyz üçin bizden zekaty aýyr – diýýärler.

Sahabalar Abu Bekre:

– Medinede leşger ýok. Olaryň gozgalaň öze­ni gyrylar ýaly olara sowgat ibermek we zekaty olaryň boýnundan aýyr­mak gerek – diýýärler.

Abu Bekr olaryň diýenine üns bermän:

– Alladan kasam bolsun, eger olar py­gamberimiziň döw­rün­däki zekat diýip berýän zatlaryndan birje düýe dyzbendini kem ber­seler-de, olara garşy gylyç bilen söwe­şe­rin – diýýär

Şeýdip, Abu Bekr Medinäni berkidýär. Bu şäheriň üç der­wezesiniň hersinde sahaba­la­ryň emirlerinden birini goýýar. Ol bir derwezede möminleriň emiri Hezret Alyny, ýene bi­rinde Zübeýr ibn Awamy[1] we üçünjisinde Talha ibn Abdyllany go­ýup, işleri doly eline alýar we daş-töweregi berkidýär. Ähli mür­tet araplar Tulaýha goşulýarlar. Şeýdip, olar hem güýçlen­ýär. Möminleriň emiri Abu Bekr Usamany Şamdan çagyrýar. Ol Şamda köp ýagşy işler edip, buýruk boýunça yzyna do­lan­ýar. Möminleriň emiri Abu Bekr Halyt ibn Welidi emir belläp, oňa leşger berip, söweşe iberýär. Ol Tulaýha garşy söweşip, on­dan üstün çykýar we ähli mürtetleri dargadýar. Olaryň ählisi boýun bolup, zekat bermegi kabul edýärler. Soňra Halyt ol ýerden Ýemama[2] barýar.

Müseýlime[3] kezzap pygamberlik dawasyny edip, her hili aldawlar we hilegärlikler bilen bir topar adamy ýoldan azaşdy­ryp­dy hem-de ep-esli adam onuň daşyna üýşüpdi. Halyt oňa gar­şy güýçli söweşler alyp barýar. Ahyrynda Hemzäni öldüren Wahşy[4] özüniň şol naýzasy bilen ony öz bagynda ýaralaýar we jähenneme ýollaýar. Halyt oňa şeýle diýýär: «Neneň täsin sen, eý, Wahşy, kapyr wagtyň ynsanlaryň iň gowusyny öldürdiň we musulman wagtyň adamlaryň iň erbedini jähenneme ýolladyň».

Müseýlimäniň şer işleriniň özeni gyr­lyp, yslam baýdagy beýige galýar. Bu gys­gaça aýdan wakamyzy giňişleýin beýan etsek, ol uzaga çekjek. Biz halypalaryň taryhyny beýan etmek­de gysgaça aýtmagy şert edindik. Bu taryhlaryň anyk beýany jahan bezeýji patyşa aýandyr.

Jeziräniň[5], Übülläniň[6], Medaryň, De­ljä­niň, Keşiň[7], Se­wa­dyň[8], Eýranşähriň[9], Aý­nut­temriň[10] alynmagy we Döwmetil Jendeliň[11] hem-de beýleki şäherleriň basylyp alyn­magy Halyt ibn Welidiň (goý, Alla ondan razy bolsun!) edermenligi we merdanalygy bilen amala aşansoň hem-de ajamlaryň onuň haýbatyndan gorkýandyklary hemmä belli bolansoň, bu waka­lary diňe bir yşarat etmek bilen çäklenýäris. Onuň bilen on bi­rin­ji hijri[12] ýylynyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň on ikisine, Başgüni halypa hökmünde ähtleşilýär. Ol on üçünji hijri[13] ýylynyň Dört tirkeşiginiň dördünji aýynyň gutarmagyna sekiz gün galanda Başgüni wepat bolýar.