seljuklar taryhy barada
Atsyz ylym-paýhas taýdan örän meşhur bolupdyr. Onuň pars dilinde ýazan örän köp şygyrlarydyr, rubagylary miras galypdyr. Ol merdanalykda we batyrgaýlykda beýlekilerden tapawutlanýardy. Ol Soltan Sanjaryň hyzmatynda bolup, adatdan daşary uly derejä ýetýär we şol bir wagtyň özünde hem gulluk borçlaryny hem doly berjaý edýär.
Aşakdaky getirilýän hekaýat şu sözleriň şaýadydyr:
Takmynan, 420-nji ýylda Soltan Sanjar Tamgaç hanyň gozgalaň turzany üçin Mawerannahra tarap hereket edip, Buhara geldi. Şol döwürlerde, bir gün Sanjar aw-şikarda wagty, täzelikde onuň hyzmatyna gelen hyzmatkärleriniň bir topary, onuň janyna kast etmek üçin onuň garşysyna gizlin dildüwşük gurnaýarlar. Şol gün Atsyz awa-şikara gitmändi. Ol günorta wagty ukudan oýanyp, howlukmaç Soltanyň gözlegine atlanýar. Soltan bolsa şol pursatda haýynlaryň arasynda kyn ýagdaýa düşüpdi hem-de dildüwşüjileriň isleginiň hasyl bolmagyna az pursat galypdy. Atsyz ol haýynlaryň üstüne topulýar we Soltany halas edýär. Soltan ondan soraýar:
— Meniň hal-ýagdaýymy nädip aňdyň?
Atsyz jogap berýär:
— Soltanyň awda bir waka duçar bolanyny düýşümde gördüm. Şol sebäpli-de çalt siziň ýanyňyza geldim.
Bu hadysa soňra Atsyzyň dereje almagynda uly ähmiýete eýe bolupdy. Günbe-günden onuň şan-şöhraty artyp ugraýar. Soltanyň goldamagy bilen ol has kuwwatlanýar. Şol bir wagtda bolsa Atsyza garşy köşkdäki emirleriň we wezirleriň göripçiligi artýar. Şol göripçiligiň, esasynda Soltana ýakyn adamlar hile bilen onuň daşyna tor gurýarlar. Soltan 5291-njy ýylyň boş aýynda Bähram şanyň gozgalaň turzany üçin Gazna gidýär. Indiki ýylyň baýram aýynda Balha ýetýär. Bu saparda hem Atsyz onuň ýanyndady. Çünki Atsyz görip emirleriň gurýan dildüwşüklerinden habarlydy. Ýöne Soltandan gorkýardy. Haçanda ol Soltanyň hyzmatyndan gitmek üçin ondan rugsat alanda, Soltan töweregindäki adamlara we ýakynlaryna şeýle diýýär:
— Bu adamyň ýene bir gezek ýüzüni görmek miýesser etmez.
Jemagat aýdýar:
— Eger ol barada şeýle pikir edýän bolsaňyz, näme üçin oňa gitmäge rugsat berdiňiz we ony ezizlediňiz?
Soltan jogap berýär:
— Onuň biziň öňümizde uly haky bar. Biziň şular ýaly derejämizde we kerem-merhemetimizde onuň ýaly adama azar bermekligimiz gadagandyr.
Atsyz Horezme gelenden soň, boýun egmezlik we gozgalaň etmek ýoluna düşdi. Iki tarapyňam gorkusy günbe-günden artýardy. Bu howatyr şeýle bir derejä ýetdi welin, hatda Soltan Sanjar 5332-nji ýylyň aşyr aýynda Atsyza jeza bermek üçin Horezme ýola düşýär. Atsyz şanyň leşgerleriniň garşysyna harby güýçleri taýýarlady, emma urşa başlamady. Ol Soltan Sanjaryň harby güýçleriniň köpdügini bilýärdi. Özüniň oňa güýjüniň ýetmejegine göz ýetirenden soň, Atsyz gaçmagy ýüregine düwýär. Atsyzyň ogly Atlygy ele salýarlar we ony Soltanyň huzuryna getirýärler. Ol şol pursatda ony ikä bölmekligi buýurýar hem-de Horezm emirligini öz doganoglany Muhammediň ogly Soltan Süleýmana bagyşlaýar we Horasana gaýdýar.
Atsyz bu wakadan soňra, Horezme dolanyp gelýär. Soltan Süleýman ondan gaçyp, Soltan Sanjaryň ýanyna ýetýär. Atsyz entegem başbozarlygyny we boýun egmezligini dowam edýär.
Soltan Sanjar Hytaý urşunda, ýagny 5361-njy ýylda Samarkant şäheriniň derwezesine gelip ýeňilýär we gaçyp Balha gelýär. Bu hadysa taryhda örän meşhurdyr.
Atsyz dörän ýagdaýdan peýdalanyp, Merwe zarba urýar hem-de köp gyrgynçylyk we talaňçylyk edýär. Soňra Horezme dolanýar.
Bu ýerde Hekim Hasan Kattan bilen Reşit Watwatyň arasyndaky, hususan-da, Hasan Kattanyň Merwde ýiten kitaplary we olary Watwat alandyr öýdüp edýän şübheler dogrusynda ýazylan hatlary getirýäris:
«Aýdylýan gürrüňlerden we Horezme gelip-gidýänleriň dilinden eşitdim. Biziň hojaýynymyz (goý, Hudaý onuň pähimini uzak etsin!) her wagt, özüniň şahsy möhüm işlerinden we ylym öwretmek wezipelerinden boşaşan wagtyndaky üýşmeleňlerinde, ganyma teşne bolup, meniň adyma köp erbet sözleri aýdýarmyşyn hem-de öz kitaplarynyň talaňçylyk bilen alnandygy baradaky töhmeti maňa ýapýarmyşyn. Meniň hormatymy syndyrmak bilen şerim-haýa perdesini ýyrtýarmyşyn. Eýsem, paýhaslylygyň we batyrgaýlygyň ýoly şunuň ýalymydyr? Juwanmertlik2 äleminde ýürek agyrdyjy sözleri we töhmetleri ýöňkemek mynasyp zatmydyr?! Heý-de, musulman doganlaryňyza ýalan sözleri aýtmak bolarmy?!
Hudaýa kasam bolsun! Ol wagt – kyýamat gününde, haçanda ýene bir gezek jansyz tenimize täze ruh berilýän wagty, çüýrän jesetden süňkleriň ýene bir gezek dirilik lybasyny geýen wagtynda, Perwerdigäriň bendeleriniň magşar meýdanyna üýşüp, her ynsanyň amal depderçesi açylyp, her adamyň eden amallary barada soralyp başlananda, çekeläp dowzaha tarap alnyp gidilýän betpygyl adamlaryň we perişdeleriň egninde behişte ugradylýan ýagşyzadalaryň kimdigi aýan bolýan gününde, hiç kim meniň synymdan ýapyşmaz. Biri gelip, kişiniň malyny talapdyr, puluny ogurlapdyr, biriniň ganyna galypdyr ýa-da biriniň syryny paş edipdir, ýa hak zady nähak edipdir diýse, näme jogap bereýin! Bu zatlardan başga-da, Perwerdigär maňa halal girdeji nesip etdi, ýagny ol ýerden bir müň jilde ýakyn nepis kitaplary we gymmatly ýygyndylary ýygnadym. Men yslam dünýäsinde döredilen ähli kitaplar hazynasynyň (goý, Alla olaryň ömrüni uzak etsin) musulmanlaryň peýdalanmaklary üçindigini bilýärin. Şeýlelikde, şeýle garaýşy özünde jemlän adam, bütin ömrüne ýyrtyk waraklary ýygnan beýik alymlaryň öňbaşçysynyň kitaplaryna hüjüm etmegi özüne nädip kabul edip biler. Ýogsa, ol ýyrtyk waraklary deri jiltleri bilen bilelikde bazarlarda satsalar-da, ol bahalar bilen saçak-da, hatda pes hilli nahar hem taýýarlap bolmaz.
Hudaýa pena! Hudaýa pena!
Biziň ýolbaşçymyz maňa eden töhmeti üçin ýamanlyga duçar bolmawersin hem-de kyýamat güni eden günäsinden saplanawersin diýip Hudaýdan dileg edýärin. Şäriksiz we ýeke-täk Alladan gorksun. Dogruçylyň öz dogruçyllygy üçin sylag aljak we ýalançynyň bolsa öz ýalan sözleri üçin jeza aljak gününi, ýagny kyýamat gününi ýatdan çykarmasyn. Wessalam!».
Her niçik-de bolsa, Soltan Sanjar hakynda aýdylan bu kemsitme[1] Atsyzyň gomparmagyny we burnuna ýel çalmagyny artdyrdy. Bu hadysa barada Reşit Watwatyň şeýle kasydasy bar. Ol şeýle başlanýar:
Patyşa Atsyz mülk tagtyna geldi,
Seljuk neberesi ýer-ýegsan boldy.
Watwatyň şuňa meňzeş kasydalary örän köpdür. Soltan Sanjar bu nälaýyk hereketden ar almak üçin 5381-nji ýylda Atsyzyň garşysyna onuň bilen söweşmek üçin Horezme ýola düşýär. Ol şäher derwezesiniň öňünde düşleýär we manjanyklary2 ýerleşdirmeklige buýruk berýär. Şol wagt taraplaryň söweş baýdaklary göterilýär. Horezmiň boýun egdirilmegine we Atsyzyň öldürilmegine sähelçe pursat galanda Atsyz sowgat-serpaýlar ýollap, Soltandan öz günäsiniň geçilmegini isleýär. Soltan oňa rehim edýär we ýaraşykdan soňra yzyna dolanýar. Ýöne Atsyz özüne mahsus bolan duşmançylykly hereketini ýene-de dowam etdirýär. Soltan Edip Sabyry adatdan daşary ilçi edip, onuň ýanyna iberýär. Ol birnäçe gün Horezmde galýar. Şu aralykda Atsyz Horezmiň iki sany tüpbozaryny, ýagny hudaýsyzlaryň ýörelgelerine laýyklykda aldap, olaryň ruhuny ele alyp, duýdansyz ýagdaýda Soltany öldürmek üçin iberýär. Edip Sabyr bu erbet maksatdan habarly bolýar hem-de şol iki adamy suratlandyryp, Soltana hat ýazýar. Haty hem bir kempiriň köwşüne gysdyryp, Merwe iberýär. Hat Soltana gowşan badyna, ol şol iki adamy agtaryp tapmaklygy buýurýar. Gullukçylar olary harabaçylykdan tapyp öldürýärler. Atsyz bu wakany eşidip, Edip Sabyry derýa oklaýar.
Soltan 5423-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň dördünji aýynda ýene-de Horezmiň üstüne goşun sürýär. Ilki Hazarasp obasyny iki aýlap gabaýar. Mälim bolşuna görä, bu oba mongollar zamanynda we olaryň ýörişlerinden soň, suwuň düýbüne gidipdir.
Bu ýörişde şahyr Enweri hem Soltanyň hyzmatyndady. Ol Hazarasp galasyna bagyşlap, bir rubagy ýazýar we Soltan Sanjara hödürleýär. Soltanyň buýrugy boýunça bu rubagyny bir oka gysdyryp, Hazarasp galasynyň içine zyňýarlar. Haty okdan alyp, Horezmşa Atsyza görkezýärler. Rubagynyň mazmuny şeýledi:
Eý, şahym, jahanyň mülki seniňki,
Döwlet, ykbal, jahan kesbi seniňki,
Bu gün Hazaraspy eýele – ertir,
Horezmde ýüz müň ýylky seniňki.
Şol wagtda Hazarasp galasynda Atsyzyň ýanynda bolan Reşiteddin Watwat dessine Enweriniň bu rubagysyna şeýle jogap ýazýar:
Şahym, ýagyň Rüstem bolup gelse-de,
Zor boldugy, eşek alyp bilse-de.
Köp kynçylykdan soňra, Soltan Hazaraspy alýar. Onsoň Soltanyň ýadyna Watwat düşýär. Bu rubagy hem-de şuňa meňzeş başga wakalar Soltanyň güýçli gahar-gazabyny getiripdi. Soltan eger ony gola salaýsa, ýedi bölek etjekdigine kasam edýär. Jarçy yzyna jarçy gygyrdyp, Watwatyň adyny gaýtalaýardy, ony yhlas bilen gözledýärdi. Watwat hem her gije bir mekandan başga bir mekana we her gün bir sähralykdan başga bir sähralyga gaçýardy. Ahyry ol gaçmaklyk bilen azatlyga ýetip bilmejekdigine düşünýär hem-de gizlinlikde döwletiň abraýly adamlaryndan hemaýat gözleýär. Ýöne Soltanyň gutarnyksyz gahar-gazabyndan çekinip, hiç kim arada durmaga milt edip bilmeýärdi. Şu kitabyň ýazarynyň babasynyň babasy, Müntejibeddin Bedig Kätip (goý, rehmet ýagşy onuň gubruna ýagsyn!) bu möhümi bitirmegiň ugruna çykýar. Ol patyşanyň hat-petek diwanynyň başlygy we onuň nedimi1 eken. Ol her gün irden namaz wagty ýaşululardan, diwan adamlaryndan öňürti patyşanyň ýanyna gelip, namaz okalandan soň, gülküli hekaýatlary, pentdir nesihatlary aýdyp bererdi. Soňra Soltan ýurt meseleleri barada onuň bilen geňeşerdi. Haçanda gürrüň Reşit Watwatyň üstünden baranda, Müntejibeddin hormat bilen ýerinden turup, Soltana ýüzlenýär:
— Bu bendäniň bir arzy bar. Arzymy kabul edersiňiz diýip sizden umyt edýärin.
Soltan oňa söz berýär. Müntejebeddin:
— Watwat bir kiçijik guşdur, onuň ýedi bölek bolmaga gurbaty ýokdur. Eger rugsat bolsa, ony diňe ikä bölmeklige perman beriň!
Soltan bu aýdylan sözlere hezil edip gülýär hem-de Watwatyň günäsini geçýär.
Soltan Horezmiň derwezesine ýeten wagty Keýikderili atlandyrylýan bir derwüş (onuň iýmiti we geýimi keýigiň etinden we derisinden bolupdyr) onuň huzuryna gelýär. Ol ýagşy wagyzlardan soň, şäheriň adamlarynyň günäsiniň geçilmegini haýyş edýär. Atsyz hem ilçiler bilen birlikde sowgat-serpaý hem iberýär. Soltan üçünji gezek onuň günäsini geçip, geçirimlilik edýär. «Atsyz derýanyň kenaryna gelsin we Soltana hormat-sylag etsin» diýlip karar edilýär. 5432-nji ýylyň aşyr aýynyň on ikisine hoşgüni Atsyz gelýär. Ol ata münüp duran ýagdaýynda Soltana hormat edýär. Heniz Soltan atyň jylawyny yzyna döndermänkä, Atsyz yzyna gaýdýar. Soltan onuň şeýle derejede özüne hormat goýmaýandygyna gaharlanýar. Ýöne, hernäme-de bolsa, ony bagyşlandygy üçin gahar-gazabyny ýuwudýar. «Gazaplaryny ýuwudýan adamlaryň hatalaryny bagyşlaýan kişiler takwalardyr»[2] diýlen aýatyň pazylaty bilen ol öz öňki ýagdaýyna gaýdyp geldi. «Alla beýle ýagşylyk edýänleri söýýär»[3].
Soltan Horasana ýetende Atsyza sowgat we serpaýlar ugradyp, oňa ilçilerini iberýär. Atsyz ilçilere hezzet-hormat edýär we köp sowgat-serpaýlar bilen yzlaryna gaýtarýar.
Bu wakadan soňra Atsyz ýüzüni kapyrlara öwrüp, birnäçe gezek mukaddes uruşlar edip, ýeňiş gazanýar. Ol wagtlar Jendiň häkimi Arslan han Muhammediň ogly Kemaleddindi. Onuň bolsa Atsyz bilen arasy gowudy. Haçanda 547[4]-nji ýylyň aşyr aýynda ol ýerleri eýelände hem-de Sygnaga we başga şäherlere tarap rowana bolanda, Kemaleddin bilen ylalaşyp ýöräpdi. Atsyz Jende ýeten wagtynda Kemaleddin goşuny bilen gaçýar we Rudbar tarapa gidýär. Atsyz Kemaleddin gaçansoň, akyldarlaryň hem-de görnükli alymlaryň birnäçesini onuň yzyndan iberýär we öldürmezlige söz berýär. Kemaleddin onuň ýanyna getirilýär, ol şolbada ony zyndana salmaklygy buýurýar. Zyndanda Kemaleddin aradan çykýar. Kemaleddin Reşit Watwat bilen öňden dostdular. Atsyzy Reşit Watwat Kemaleddiniň halyndan habardar bolupdyr – diýen pikire iteripdirler. Bu iş soňra Watwatyň birnäçe wagt hyzmatdan çetleşdirilmegine sebäp bolupdyr. Onuň bu ýagdaýy barada kasydalarynda we şygyrlarynda bölekler bar. Aşakdaky birki beýt şolaryň mysalydyr:
Eý, şa! Haçanda seniň şan-şöhratly eliň
meniň başymda bolmansoň,
Gahar-gazap aýagynyň astynda tenimi owdy, pelek.
Owadan sungatyň we seniň mähribanlygyň,
Älem meň bahamy kemeltdi we azabymy artdyrdy, pelek.
Maňa gowy seret, eger mende bir şekil görseň,
Alla kasam bolsun, meniň ýalyny döretmez, pelek.
Şeýle-de, aşakda beýleki şygyrlardanam birnäçe beýt getirilýär:
Otuz ýyl bäri bu bende seniň hyzmatyňda,
Men taryp ediji, sen tagt üstünde taryp isleýji.
Arşyň Hudasy bilýändir, hergiz bolan däldir,
Meniň deý taryp ediji hiç bir köşkde.
Indi seniň ýüregiň şol otuz ýyl
hyzmat eden bendäňi ýigrendi,
Ýigrenç ýürekde uzak wagtlap saklanýandyr.
Emma şeýle nakyl bardyr, hojaýyn kine etse —
Bendesinden günä gözlär, biçäre bende bolsa günäsizdir.
Şeýlelikde, Jent gozgalaňçylardan we topalaňçylardan arassalanan wagtynda Abulfath Ilarslany ol ýere iberýär we ol etrabyň emirligini oňa tabşyrýar. Şol ýylda guzlar (oguzlar) üstün çykýarlar we Soltan Sanjary tutýarlar. Olar ony gündizlerine tagtda oturdypdyrlar we gijelerine demir kapasa-zyndana taşlapdyrlar. Atsyz köňülden mülk tamakinçiligi, daşyndan bolsa nygmat beren patyşasyna hyzmat etmek bahanasy bilen Amuýa galasyna tarap goşuny bilen bilelikde ýola rowana bolýar. Olar assa-ýuwaş hereket edip, Amuýa ýetýärler. Ol dürli hileler bilen galany almakçy bolýar. Gala goraýjylar bolsa, boýun egmeýärler. Onsoň Atsyz Soltan Sanjaryň ýanyna ilçi iberip, tabynlygyny aýan etmek bilen bir wagtda Amuýa galasyny isleýändigini duýdurýar.
Soltan oňa şeýle diýip jogap berýär:
— Onuň hiç hili kynçylygy ýok. Ýöne siz ilki bilen Ilarslany ähli goşuny bilen bilelikde bize kömege iberiň! Soňra Amuýa galasyny we ondan hem köp ýeri saňa bagyşlarys.
Bu sowal-jogapda ilçileriň gidip-gelmesi iki-üç gezek amala aşansoň, Atsyz ahyry Horezme gaýdyp, ýene-de mukaddes uruş etmegi karar edýär.
Şol wagtlarda Soltan Sanjaryň ýegeni Rukneddin Mahmyt bin Muhammet Bugra han esgerleriň özi bilen ylalaşyk edendigi sebäpli ol soltanyň ornuna geçýär. Ol Atsyz bilen gadymdan dost bolandygy sebäpli, bir ilçini Horasandan onuň hyzmatyna iberýär we guzlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin ondan kömek isleýär. Atsyz Şähristan[5] ýolundan gidip, Ilarslany özi bilen bile alyp gelýär we özüniň beýleki ogly Hytaý hany Horezmde özüniň naýyby edip galdyrýar. Şähristana ýeten wagtlarynda elden giden emläklerini gaýdyp almak üçin etrap emirlerini çagyrýar. Şol wagtlar «Emir Ymadeddin Ahmet bin Abubekr Kumaç müň atly iberip, Soltan Sanjar awdaka, ony ogurlap Termize getiripdir» diýen habar gelýär. Ähli adamlar bu habary eşidip şatlanýar. Atsyz şondan soň Nusaýda Mahmyt hana (Soltan Sanjaryň ýegeni) we beýleki emirlere garaşyp saklanýar. Ýöne Atsyz onuň gelmegine we haýyşyna üns bermedi. Onsoň Ezizeddin Tugraýnyny onuň ýanyna iberýär we ähti-peýman baglaşýar. Atsyz şondan soň ol etraplardan hereket edip, Habuşana Ustuwa gelýär. Rukneddin han hem Nyşapurdan ol ýere gelýär hem-de biri-biri bilen duşuşýarlar we dostluk ýoluny açýarlar. Üç aýyň dowamynda söhbetdeşlikde bolýarlar we ýurduň weýran bolan ýerlerini düzedýärler. Bir gün Atsyz baýramçylyk çäresini gurnaýar hem-de Rukneddin hany ýanyna getirýär. Olary taryp edip ýazylan öwgi sözleriniň arasynda, Watwatyň kasydasyndan şu beýt okalýar.
Bir asmanda iki parlak ýyldyzyň Aý nury bar,
Bir köşkde iki şähriýaryň
şatlykly owazy bar.
Bu wakalardan soňra, Horezmşa Atsyz ýarawsyz bolýar. Bir gün ýarawsyz ýatyrka, Gurhan okaýan karylaryň owazy onuň gulagyna gelýär. Ol muny ýagşa ýormak bilen şol owaza gulak asdy we ýaranlarynyň sesini peseltdi. Karylaryň Gurhandan okaýan aýaty «Adam nirede öljegini bilmeýär»[6] diýen ýerine ýetipdi. Ol bu sözleri eşiden wagty, ony erbetlige ýorýar. Onuň ýagdaýy has-da agyrlaşýar. Ol 551[7]-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň dördünji aýynyň dokuzy gijesi janyny tabşyrýar hem-de onuň men-menlikdir sütemkeşligi we tekepbirligi başyndan uçup gidýär. Reşideddin Watwat onuň jesediniň başynda aglap, eli bilen oňa yşarat edip şeýle diýýär:
Eý, patyşa, seniň zarbyňdan
pelek titrärdi,
Pelek saňa bendi bolmaga ymtylýardy.
Hany nazar eýesi nirede,
ol bir seredip,
Şol hasratlaryň patyşalyga degýäydigini görsedi.
1 Milady ýyl hasabynda 1135-nji ýyla gabat gelýär.
2 Milady ýyl hasabynda 1138-nji ýyla gabat gelýär.
1 Milady ýyl hasabynda 1141-nji ýyla gabat gelýär.
2 Juwanmertlik – jomartlyk, sahylyk.
[1] Bu ýerde Soltan Sanjaryň 1141-nji ýylda Hytaý urşunda ýeňlişiniň gürrüňleri göz öňünde tutulýar.
1 Milady ýyl hasabynda 1143-nji ýyla gabat gelýär.
2 Manjanyk – daş atýan gural.
3 Milady ýyl hasabynda 1147-nji ýyla gabat gelýär.
1 Nedim – ýaran.
2 Milady ýyl hasabynda 1148-nji ýyla gabat gelýär.
[2] Gurhanyň 3-nji (« Imranyň öýi») süresiniň 134-nji aýaty.
[3] Şol ýerde
[4] Milady ýyl hasabynda 1152-nji ýyla gabat gelýär.
[5] Şähristan – Nusaýedan bir parsaň demirgazykda eýerleşen şäher.
[6] Gurhanyň 31-nji («Lukman») süresiniň 34-nji aýaty.
[7] Milady ýyl hasabynda 1156-njy ýyla gabat gelýär.