Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i67-bu_topragyň_ogly_bolup_ýaşamak
şahyr Berdinazar Hydaýnazardan setirler
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 24, 2017 18:39 Asia/Ashgabat
  • Bu topragyň ogly bolup ýaşamak

şahyr Berdinazar Hydaýnazardan setirler

Bu topragyň ogly bolup ýaşamakÝeňil iş-ä däldir, söwer ogullar.Siziň babaňyz-a Magtymguludyr,Bilýänsiňiz, aňryňyzam oguzlar.Müň gowgany geçirendir başyndanBu topragyň dereleri, kölleri.Göroglylar, Keýmir körler bolupdyr,Bu topragyň beýik penakärleri.Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdirZakgun ýaly ajy ýaşlar, al ganlar.Umydyny size goýup gidipdir,Bu topragyň agysyny aglanlar.Bu topragyň ogly diýdirmek üçinÇabgajyk däl, siňňin ýagyş bolmaly.Awusy, agysy, namysy bolup,On iki süňňüň bilen bagyş bolmaly.A siz kim bolýaňyz, ýeri, ýigitler,Gözüňiz ýip-ýiti, sesiňiz gaty.Şunça syn etsemem tanap bilmedim,Siz kimiň perzendi, kimiň ymmaty?Älhepus, bar zady bilýärsiňiz-de,Diňe özüňizi bilýärsiňiz.Beýle naşy, beýle kiçginekäňiz,Nädip şunça goçak gürleýärsiňiz?Ýok-la sizde bu topragyň gylygy,Onuň keşbi, onuň mähri, tagmasy.Bu ýerlerde nädip peýda bolduňyz,Bagyşlaň, ýöne siz kimiň dogmasy?Haýrandyryn, başga-başga ýerlerdenGeläýen-ä dälsiňiz-dä ýerlemän?Bu toprakda gägirýäňiz — şolam bes!Bu topragyň adyndan bir gürlemäň!Eý Huda, bu niçik ahwalat boldy:Azdykmykak ýa-da aýnap ýörmükäk?Şer işlere, günälere göýdügip,Keremli toprakda ownap ýörmükäk?Öwünýäs biz arkadag bolup duranMagtymguly atly taňrymyz bilen.Ýöne haçana çen ýaşadarlarkaÖzümiz däl, diňe aňrymyz bilen?.