Hakyky dost müňlere hem satylmaz
Mutenebbi şeýle diýipdir: Dostdur-u-ýaran bolup, ikimiz ýaradyldyk, Çagalygy ýada sal, indi bolsa ulaldyk. Hesret çekdirýän ýeri kalbymyzda – garrylyk, Aýra düşürdi bizi, bir-birege zar galdyk.
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men siziň içiňizde maňa iň söýgüli bolany we kyýamat gününde meniň ýanymda iň ýakyn oturjak bolany habar bermäýinmi? Olar ahlaklary gowy bolanlar, biri-birlerine goldaw berip, dost bolanlardyr».
* * *
Geçen alymlar şeýle diýipdirler: «Dostuňdan ganyňy we malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma».
* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Keseki adam – hiç hili dosty bolmadyk kişidir».
* * *
Akyldardan sorapdyrlar:
— Ynsanlardan iň uzak sapara çykan kimdir?
Ol:
— Salyh dostuň gözlegi üçin ýolagçylyga çykan — diýip jogap beripdir.
* * *
Mälik ibn Dinaryň bir iti bar eken.
Ondan:
— Eý, Abu Ýahýa bu näme? — diýip sorapdyrlar.
Ol hem:
— Bu erbet ýoldaşdan haýyrlydyr — diýip jogap beripdir.
* * *
Fuzaýl ibn Yýaz Sufýan Söwrä:
— Maňa ýanynda oturyp syr döküşer ýaly bir ýoldaş salgy ber ― diýipdir.
Onda Sufýan Söwri:
— Onuň ýaly dost ýitendir, indi ony tapyp bilmersiň — diýip jogap beripdir.
* * *
Amr ibn Meýmun şeýle diýipdir: «Biziň ýanymyza sahaba Mugaz ibn Jebel geldi. Men ony gowy görýärdim. Ony muhabbet bilen garşy aldym we tä Şamyň topraklary onuň üstüne gömülýänçä, onuň ýanyndan aýrylmadym».
* * *
«Diňe agyr günde däl-de,
Parahatlyk döwründe hem.
Bolmaň ikiýüzli» diýip
Eýäm berdi nesihat:
«Boluň — diýdi: – Dost-dogan»
Diýdi: «Hemmäni söýüň!».
* * *
Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Erbet dostdan daş dur. Ol göýä daşy owadan görünýän gylyç ýalydyr. Onuň ýetirýän zeperi erbetdir».
* * *
Şygyr:
Ýagşy ahlakly dost, göýä, ýagyş suwy bilen garylan hurma ýaly lezzetlidir.
Dostlugyň at-abraýy, dostuňa yhlas siňdirmek, onuň hak-hukuklaryny goramak ynsanyň ömrüni artdyrýandyr.
* * *
Jawert Abdy şeýle diýipdir: «Bahreýn hökümdary Resulallanyň ýanyna jezime taýpasyndan bir ilçi toparyny iberdi. Jezime taýpasynyň ýolbaşçysy yslamy kabul edipdir we şeýle diýipdir:
Araňyzda Ýasripde, bolmasa öý-jaýymam,
Siz bilen bilelikde ýaşamaga taýynam.
Tanaýan dost-duşmany, men muňa göz ýetirdim,
Öýke-kineli wagtym düýne sowgat getirdim.
* * *
Mugawyýa ibn Abdylla ibn Japar özüniň dosty Ýezit ibn Mugawyýa barada şeýle diýipdir:
Dostuň wepalysyn tanajak bolsaň,
Dostuň hormatlysy Ýezitdir bilseň.
* * *
Lukman Hekim şeýle diýipdir: — Üç zat, diňe üç zatda bilinýär:
Ýumşaklyk gazapda;
Batyrgaýlyk gorkuda;
Dostluk mätäçlikde.
* * *
Basraly bir adam Basranyň kazysyna:
— Pylan dostuň saňa töhmet atýar — diýipdir.
Ol hem:
— Dostumyň dogruçyllygy kalbymyň onuň erbet häsiýetlerini kabul etmegine perde bolýar — diýipdir.
Bu habar halypa Mamuna baryp ýetende ol:
— Bu wepadarlygy aňladýar — diýipdir.