doganlyk, muhabbet, dostluk, alla üçin söýmek hakynda
https://parstoday.ir/tk/radio/uncategorised-i735-doganlyk_muhabbet_dostluk_alla_üçin_söýmek_hakynda
Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Ýigrimi günlük dostluk — garyndaşlykdyr». Bir adam Daýgam Abyda: — Men seniň bilen duşuşyp durar ýaly ýakynragyňdan jaý satyn aljak — diýipdir. Onda Daýgam oňa: — Duşuşygyň azlygy zerarly kem bolan dostluk keseldir — diýipdir.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 17, 2017 17:24 Asia/Ashgabat
  • doganlyk, muhabbet, dostluk, alla üçin söýmek hakynda

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Ýigrimi günlük dostluk — garyndaşlykdyr». Bir adam Daýgam Abyda: — Men seniň bilen duşuşyp durar ýaly ýakynragyňdan jaý satyn aljak — diýipdir. Onda Daýgam oňa: — Duşuşygyň azlygy zerarly kem bolan dostluk keseldir — diýipdir.

Bir adam dostuna hat ýazyp şeýle diýipdir: «Salamdan soň, eger meniň ynamdar dostlarym köp bolsa, sen olaryň ilkinjisisiň. Eger ynamdar dostlarym az bolsa, sen olaryň iň ynamdarysyň. Eger ýeke bolsa, onda ol sensiň».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim dostuny gowy görýän bolsa, muny oňa bildirsin».

 

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Ot tüssäniň nämesi bolýan bolsa, dost hem dosta şonuň ýalydyr».

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Sen alyp barýan işiňde dostuň kimdigini aýt, men saňa ol işiň netijesini aýdyp bereýin».

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Dostluk öňküleriň arasynda galdy, tereke mirasdüşerleriň».

 

* * *

Eger oduň içinde bolsa hem dostlugyňa wepaly bol.

 

 

* * *

Bir adam dostundan duşuşyga gijä galyp gelendigi üçin, ötünç sorapdyr. Onda ol adam: «Seniň wagt üçin bahanaň giňdir. Emma muhabbetim üçin bahanaň örän dardyr» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Adamyň ruhy dünýäsi onuň nähili adamdygyndan habar berýändir».

 

* * *

Dostunyň jebir-jepasyny çekýän adama: «Pylany dostlugyň ajylygyny ýuwdup-ýuwdup içýär we özüniň süýjüligi bilen suwlaýar» diýýärler.

 

* * *

Akyldardan sorapdyrlar:

— Dost näme?

Ol jogap beripdir:

— Ol sensiň, senden başga hiç kim däldir.

 

* * *

Mamun şeýle diýipdir: — Dostlar üç zat ýalydyr:

Aç üçin azyk; 

Hassa üçin derman;

Beden üçin dem.

 

* * *

Mugtez Billäh şeýle diýipdir:

 

Dostuň haky bardyr aşmaga seniň,

Garyndaşlyk çägin ýar-u-ýakynyň.

 

* * *

Hurmuz şeýle diýipdir[1]: «Dostlugyň esasy şerti hem onuň senden mal-mülküni gysganmazlygydyr. Eger ol senden malyny gysgansa, onda onuň özünden zadyny gysgandygydyr».

[1] Hurmuz - sasanly döwletiniň 6-njy hýkümdary Hurmuz Ferzana.