senenama: uly çille we kiçi çille
(last modified Sun, 17 Dec 2017 12:32:37 GMT )
Dec 17, 2017 17:32 Asia/Ashgabat
  • senenama: uly çille we kiçi çille

Ol halkymyz tarapyndan häzire çenli ýöredilýän müçe aý-ýyl hasaby bilen baglanşyklydyr. Her müçe ýylynda nähili howa ýagdaýynyň, alamatynyň bolýandygy barada aýdylýan dürli pikirler, rowaýatlar hem halkymyzyň arasynda saklanylyp galypdyr. Syçan işjeň hereketi we geljek günleriň goruny jemlemegi aňladýar. Şunuň ýaly ýyllaryň hemmesiniň, eli açyk sygryň, batyr barsyň, çekinjeň towşanyň, ygally we hasylly balygyň, paýhasly ýylanyň, okgunly bedewiň, oňşukly goýnuň, özboluşly maýmynyň we örän çus hor

Türkmen folklorynda ahlak ýörelgeleri we ýylyň beýleki aýratynylklary bilen baglanyşykly köp sanly dana sözleri we rowaýatlary özünde jemleýär. Ol ýylyň başyndan onuň nähii boljakdygy baradaky çaklamalary beýan edýär. Dogrusyn aýtsaň, olaryň hemmesi halkymyz tarapndan toplanan baý durmuş tejribelerine daýanýar we köp ýyllaryň dowamynda geçirilen baraglaryň, düşünjeleriň netijeleri boup durýar. Şeýlelikde, Hasabyň ilkinji syçan ýyly yssy howaly ýyl, sygyr ýyly ýagynly, otly, bars ýyly az ýagynly, towşan ýyly ýagynly, lu ( ýylan ) ýyly rysgal-bereketli, goýun, ýylky ýyllary gowy, bijin we towuk ýyllary pes hasylly, it ýyly rysgally, iň soňky doňuz ýyly ýagynly-hasylly bolýar diýen ýordumlar bar. Bu sebäpli türkmenlerde „It ýyly ek, doňuz ýyly or”ýaly aýdylýan nakyllar bar.

Soňky asyrlaryň dowamynda Uzboý derýasynyň suwunyň peselmegi bilen baglylykda Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanyň öňki ekerançy ilaty esasan maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Şu sebäpli Nowruz baýramynyň gadymy däpleri ýatdan çykarylman, olar maldarçylyk hojalygyny ýöretmegiň gadymy dessurlary bilen utgaşdyrylyp ýöredilipdir.

Nowruzdan öňdäki gyş aýlary howanyň sowuk, gar-doňakçylyk bolmagy, kä ýyllarda mallar üçin tomusda toplanylan ot-iýmiň azlyk etmegi käbir kynçylyklary döredýär. Şoňa görä-de,bu döwre halk arasynda“gara gyş” diýýänler hem bar. Günorta Türkmenistanda gyş aýlary gün senenamasy–aý-ýyl senanamasy boýunçaikä bölüp,olary “Uly çille” we “Kiçi çille” diýip atlandyrýarlar.

Uly çille dekabr aýynyň 20-sinden ýanwar aýynyň 30-yna çenli, ýagny 40gün dowam edýär. Ýeri gelende aýtsak, “çille”sözüniň sözköki hem “kyrk” diýen manyny aňladýar.

Kiçi çille ýanwar aýynyň 30-yndan fewral aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Şeýlelikde, gyş dekabr aýynyň 20-sinden fewral aýynyň 22-sine çenli, ýagny 62 gün dowam edýär. Atalarymyzdan miras galan bu senenama “Çarwa Nowruzy”, ýa-da “Türkmen Nowruzy” diýlip atlandyrylýar.

Günorta Türkmenistanda kiçi we uly çille tamamlananda, edil Nowruz baýramynyň öňüsyrasyndaky ýaly,agşamara her öýüň gapysynda ot ýakylypdyr.Çagalar, çagaly aýallar “günäler oda ýansyn” diýip üç gezek otdan böküpdirler. Bu däp çilleden soňky 3 güne çenli bellenipdir.

Öňler Nowruz baýramçylyk edilýän günleri “Ýüpek Nowruzy” diýlip atlandyrylyp, Günorta Türkmenistanda17-22-nji martda, Etek oazisinde 21-23-nji martda bellenilipdir.

Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini „Ýylyň sylagy” diýip atlandyryp, ony uly hormat bilen baýramçylyk dabaralaryna besläp garşylapdyrlar. Obanyň gurply adamlary janly soýup,uly gazanlarda etli ýarmanaharyny bişirdipdirler, toý saçagynyň başyna ähli obadaşlaryny çagyrypdyrlar. Bu nahar halk arasynda “Nowruz ýarma” ady bilen meşhur bolupdyr.

Adamlar biri-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň gowy – rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler. Nahardan soň doga okalyp, „Ýagmyr ýagsyn, bol hasyl bolsun” diýip, Beýik Biribardan dileg edipdirler. Öňler adamlar howa ýagdaýlarynyň, alamatlarynyň üsti bilen ýylyň nähili geljegini öňünden kesgitlemäge çalşypdyrlar. Şoňa görä-de, Nowruz günlerinde ýylyň gowy, ýagynly, hasylly bolmagyny dileg edip, sadaka beripdirler.

Mälim bolşy ýaly, atalarymyztarapyndan Burkut baba ýagyn-ýagmyryň, Mamaka bulutlaryň piri hasaplanylypdyr. Eger-de, Nowruz günleri ýagyn ýagman, ýyl guraksy gelse, onda adamlar, ylaýta-da, maldarlar howsala düşüp, ýagyn ýagdyrmak maksady bilen öňden gelýän däplere, ynançlara görä, Burkut babanyň ýoluna owlak, geçi gurban edipdirler hem-de ýylyň ygally-hasylly bolmagyny Beýik Biribardan dileg edipdirler.

Günbatar Türkmenistanyň käbir obalarynda öňden gelýän dessura görä, geçini açyk meýdandaky agaja2-3 günläp daňyp goýýupdyrlar. Adamlar şol günler geçiniň dyngysyz mälemesini “Ynha, geçi janawer Burkut babadan ýagyn ýagdyrmagyny diledi, indi ýagyn köp bolar” diýip geçini gurban edipdirler hem-de sadaka beripdirler.

Nowruz günleri azda-kände ýagyn ýagsa, ony gowulyga ýorup, ýylyň ygally, bereketli boljakdygynyň nyşany hasaplapdyrlar. Dagy bolmanda, ýagyş damjasy geçiniň şahyny ezse-de, ýyl rysgally-hasylly geler diýip umyt edipdirler.

Käbir taryhçylaryň pikirine görä, Burkut babanyň adynyň sözköki Bürgüdiň ady bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi Bürgüt batyrgaýlygy hem-de bulutlaryňýokarsynda uçup gezýändigi bilen beýleki guşlardan tapawutlanýar. Gadym wagtlarda adamlaryň ýaşaýan ýerlerine ýagyny–buludy sürüp getirýän keramatly guş hasaplanylypdyr.

Bu babatda halkyň arasynda „Hut, put, gowy gelsem gazan süýt, erbet gelsem kellebaşaýak üt” ýaly aýdylýan sözler bar.