Orazanyń hikmetleri we peýdalary
Alla Tagaлаnyń her buýrygynda bolşy ýaly orazada-da biziń üçin birnäçe hikmetler we peýdalaryń barlygy bir hakykatdyr. Oraza tutmaкda esasy maksat Allanyń yrzasyny gazanmak bolmalydyr. Şonuń bilen birlikde orazanyń öz içine alýan şu aşakdaky peýdalaryny-da göz öńünde tutmak biziń üçin haýyrly bolar. Orazanyń esasy peýdalary şulardyr:
1. Oraza ynsany erbetliklerden gorar.
Orazanyń parz edilşi bilen baglanşykly aýatyń sońundaky: "Belki erbetliklerden goranarsyńyz” (Bakara 2/183) дийен sözi, orazanyń bu hikmetine biziń ünsümizi çekýär. Alla Tagala her derde bir derman berişi ýaly, erbetliklerden goranmagyń hem ýollaryny görkezipdir. Ynha orazanyń bir aýratynlygy hem onuń erbetliklerden goraýan bir ybadat boluşydyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty sada bir dil bilen şeýle düşündiripdir: “Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap “men orazaly” diýsin” (Buhârî, Sawm, 8). Oraza ynsany dińe bir erbetliklerden goramak bilen çäklenmän, eýsem ony jähennem azabyndan hem gorar. Çünki ynsany jähenneme sokýan zat, erbetlikdir. Erbetlikden uzaklaşan, jähennemden-de uzaklaşar. Her erbetligiń başy-da Allany unutmakdan we borçlulyk duýgusyny ýitirmekden meýdana gelýar. Oraza bolsa bize elmydama Allany ýatladýar we borçlulyk duýgusyny has hem berkidýar. Bir aýlap dowam edýän bu magnawy terbiýäniń netijesinde Alla gorkusy ýüreklere ýerleşip ynsany dürli erbetliklerden uzaklaşdyrýar.
2. Oraza ahlagymyzy bezär.
Oraza, belli bir wagtyň içinde ýönekeý bir aç galma hereketinden ybarat däldir. Ony dińe bu tarapy bilen häsýetlendirmek örän ýalńyş bolar. Çünki oraza düýpli bir arzuw-hyýal terbiýesidir. Ynsany erbet endiklerden, gödek hereketlerden tämizläp, ýagşy häsýetler gazandyrýan bir ahlak terbiýesidir. Çünki dinimiz orazaly kişiniń bütin erbetliklerden uzak durmasyny emredýär. Hezreti Pygamberimiz bu barada şeýle diýýär: "Kim-de kim ýalan geplemegi we ýalan bilen işlemegi taşlamasa, Alla Tagala onuń iýip-içmegi taşlamasyna ähmiýet bermez.” (Buhârî, Sawm, 8). Bu manydaky hadyslardan birinde bolsa şeýle buýrulýär: "Köp oraza tutanlar bardyr welin, olar üçin tutan orazalaryndan dińe açlyk bilen suwsuzlykdan başga peýda ýokdur. Köp gijeläp ybadat edenler bardyr welin, bu ybadatlaryndan olar üçin dińe bir ukusyzlykdan başga peýda ýokdur.” (İbn Mâce, Syýam, 21). Bu hadyslarda-da bellenilşi ýaly orazanyń esasy hikmeti gündizleri aç galmakdan ybarat däl, eýsem asyl maksat erbetlikleri emreden ynsan nebsini jylawlamak, terbiýelemekdir.
3. Oraza ynsan saglygyna peýdalydyr.
Orazanyń ynsanyń beden we ruhuna edýan ońat täsirleri we beden saglygyna berýän peýdaly netijeleri, medisina ylmy tarapyndan hem aýdyńlaşdyrylan bir hakykatdyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty şeýle dile getirýär: “Oraza tutuń, saglyk taparsyńyz.” (Keşfü'l-Hafa, c.2, s.33). Medisina alymlarynyń, orazanyń saglygy ýerinde bolan kişilere hi1-ir zyýanynyń ýokdugyny, tersine bedene peýdasynyń barlygyny nygtapdyrlar. Sińdirme organynyń, bagryń 8-16 sagatlap dynç almagynyń özi hem uly bir peýdadyr. Orazanyń beden üçin peýdaly bolan bir berhiz tarapy hem bardyr. 11 aýlap bedende ýygnanan zyýanly ýaglary eredip, ynsany semizlikden we süýjülik, damaryń gatamagy, ýürek agыry, gan basyşynyń artmagy ýaly semizligiń sebäp bolýän kesellerinden gorar. Orazanyń peýdalary dińe bir bedenimiz bilen çäklenmeýär, eýsem ol biziń ruhumyza we damar sistemamyza-da diýseń ońat täsir edýär.
4. Oraza nygmatlaryń gadyryny bilmekligi öwredýär.
Gynansakda nygmatlar heniz elimizdekä olaryń gadyr-gymmaty känbir bilinmeýär. Ynsan ogly eýe bolan nygmatlarynyń gadyryny dińe olar öz elinden gideninden sońra bilip galýär. Sońraky tüýkülik bolsa sakal ezmeýär. Oraza tutmak arkaly belli bir süreligine nygmatlardan daş düşen kişi, bularyń gymmatyna has gowy düşünýär we ynsan olary has gowy goramaklygy, isrip etmezligi we bu nygmatlary özüne beren Alla Tagala has köp şükretmekligi öwrenýär. Nygmatlara şükür etmek bolsa, olaryń has hem artmagyna sebäp bolýär. Bu babatda Alla Tagala Kuranda şeýle buýurýar: “Eger şükür etseńiz, elbetde (nygmatlarymy) siziń üçin artdyraryn.” (İbrahim 14/7).
5. Oraza sabyrly bolmaklygy öwredýär.
Sabyr, tutulan maksatda netije gazanmaklygyń iń ähmiýetli şertlerinden biridir. Eýe bolan halal nygmatlaryńa dińe orazaly bolanlygy sebäpli el degirmeýän kişi, isleglerine häkim bolmaklygy, nebsini kynçylyklara öwrenişdirip terbiýelemekligi we ýene birnäçe endik we aýratynlyklary gazanýar. Şeýdip nebsini terbiýelemekligi özüne endik edinen ynsan bolsa, durmuşda öńüne çykjak bir süri kynçylyklara sabretmegi we bulary ýeńillik bilen ýeńip geçmegi başarar. Şeýle hem agyr we gynançly ýagdaýlarda özüni sabyr-takatly alyp barar we agyrbaşlylygy elden bermez.
6. Orazanyń jemgyýete berýän peýdalary.
Orazanyń şahsa bolan bähbitleriniń ýanynda jemgyýete-de uly peýdalary bardyr. Oraza ynsanyń mähir we merhemet duýgularyny kämilleşdirip, ony jemgyýeti söýmeklige we ýardam bermeklige iterýär. Ynsan oraza tutan mahaly hakyky açlygyń nämeligini biler we jemgyýetde ýer alan pakyr-pukaranyń, ýetimiń-ýesiriń ýagdaýyna düşünip olara ýardam etme duýgusyna düşer. Hezreti Pygamberimiziń: “Gońşusy açka dok ýaşaýän kişi kämil bir mümin däldir” sözü-de bu hakykatyń açyk bir beýanydyr.
7. Orazanyń esasy peýdasy.
Oraza tutmak bilen Allanyń emrini höwes bilen ýerine ýetiren müminleriń günäleriniń bagyşlanjagyny Hezreti Pygamberimiz şeýle beýan edýär: “Her kim ýürekden ynanyp we sogabyny umyt edip Remezan orazasyny tutsa, onuń geчmişde galan günäleri bagyşlanar.” (Buhârî, Sawm, 7). Sońsuz rehimdarlyga eýe bolan Alla Tagala, biziń ýerine ýetiren ýagşylykdyr-ybadatlarymyzyń her-birine garşylyk on esse sogap berjegini bildiripdir. Orazanyń sogaby bolsa bulardan hem köp boljakdyr. Pygamberimiz aleýhisselam bu ýagdaý barada şeýle diýipdir: “Adam oglunyń her bir amalynyń sogaby gat-gat edip beriler. Bir ýagşylyk on gatdan başlap, ýediýüz gata çenli sogaplandyrylar.” Sözleri Pygambere, manysy bolsa Alla Tagala degişli bolan beýleki bir hadysda bolsa Alla Tagala şeýle buýurýar: “Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin”. (Buhârî, Sawm, 7). Diýmek orazanyń iń esasy we ähmiýetli peýdasy, ahyret ýurdy bilen baglanşyklydyr.