dürli mazmunly yrymlar
Ir säher turup, Allatagaladan dileg etseň, dilegleriň kabul bolarmyş, çünki şol wagtlar hem ikindinara Biribaryň dergähleri açylarmyş. * * * «Nal asman bilen zemin arasyndaky baglanyşygy saklaýar» diýlen ynanç bar. Nal göz degmekden gorap saklaýar. «Nal aýagyň aşagynda bolsa-da, bagt depäňde bolsun!» diýilýär.
Gündeşlik azabyndan jepa çekenleriň gözýaşynyň her damjasy derýa bolup, dowzah oduny öçürermiş.
* * *
Arçany çapmak külli günä, akyp ýatan çeşme suwy peseler.
Agşamara süýt, şeker, ýumurtga ýaly ak zatlary goňşy-golamdan almaly däl, eger alnaýsa-da, beren adam onuň üstüne kükürt çyzyp bermeli.
* * *
Söwdagär, daýhan, beýleki hünärdäki adamlar öz görýän peýdalaryny, yrym edip, diňe ýagşy zatlara ulanmaly.
* * *
Dogry sözli, ýüregi päk, halal adamlaryň sanan puly hem, çeken harydy hem dogry çykarmyş.
* * *
Betgüman adamlaryň edýän işleri şere eltýändir. «Güman imandan aýrar» diýilýär.
* * *
Köwüş tersine düňderilip dursa, ony beýlesine öwürmeli, şonda eýesine alkyş aýdarmyş. Eger ters duran bolsa, ýaman dilegler edip durarmyş. Munuň bilen baglanyşykly bir rowaýat hem bar[1].
* * *
Suwa, külüň üstüne buşukmaklyk gowy görülmeýär.
* * *
Çäýnegiň jürnügini çaý äberilýän adama bakdyryp goýmasaň, ara tow düşermiş.
* * *
Bir ýere baranyňda işigiň agzynda çommalyp oturmaklyk gowy görülmeýär. Garyplyga eltermiş.
* * *
Jaýa gireniňde, boş jaý hem bolsa salam berip girmeli. Öýüňem eýesi barmyş.
* * *
Gün ýaşyp barýan wagty ýatmaklyk gowy görülmeýär. Şol wagt ýatsaň, kelleagyry hem peýda bolarmyş. Şol wagtlar saç daramak, tikin tikmek, kir ýuwmak oňlanylmaýar.
* * *
Egniň çekse, görüşjeksiň, biri geler ýa-da sen myhmançylyga gidersiň.
* * *
Aýagyň aşagy gijese, gezjeksiň. Ýol ýörärsiň, oňa-muňa gezelenje gidersiň.
* * *
Diliň gijese, biri bilen gaty-gaýrym söz aýdyşjaksyň.
* * *
Sag eliň aýasy gijese, pul düşjekdir, çep eliň aýasy gijese, pul sowjaksyň.
* * *
Gözüň çekse, ýa gynanjaksyň, ýa begenjeksiň. Eger-de kimiň ýyly halal haýwan bolsa, onda sag gözi çekse, begener, ýyly haram haýwan bolsa, onda çep gözi çekse, begener.
* * *
Eşigiň ýyrtylsa, egniňdekä tikmeli däl, gowulyga ýorulmaýar. «Akylyňy hem bile çatarsyň» diýilýär.
* * *
Sübsäni ýatyryp goýmaly, dik goýulsa, öýde agzalalyk bolarmyş. Käbir ýerlerde bolsa, «garyplyga eltermiş» diýilýär. «Eger-de sübsäni ýatyryp goýsaň, duşmanyň başy aşak bolarmyş, baş galdyryp bilmezmiş» hem diýilýär.
* * *
Ýuwluk gören adamynyň elinden suw akytdyryp, şol suwuň sarkyndysyny içmelimiş. Şol suwy içen adam ýuwluk görermiş.
* * *
Iki adam tirkeşip barýan bolsa, öňünden agaç çyksa, hersi bir tarapyndan geçmeli däl, ara tow düşermiş.
* * *
Ertir irden aýna seredeniňde «Bissimilla» diýip seretseň, görküňe görk goşularmyş.
* * *
Ýerden bir zat tapsaň «kimiňki?» diýip, üç gezek gygyrmaly. Adam bolmasa-da, gygyranyňy ot-çöpler eşidip, şaýat bolmalymyş. Hiç kim jogap bermese, şol zat saňa halal bolýar.
* * *
Çaýyňda boýçy görünse, «myhman gelýär» diýlip, çak edilýär. Bir boýçy bolsa, bir myhman, iki bolsa iki myhman geler. Eger boýçy ýumşak bolsa, aýal maşgala, gaty bolsa, erkek adamdyr.
* * *
Hamyr edip otyrkaň, hamyryň syçrasa, şol gün myhman gelermiş.
* * *
Saç daranyňda, daragyň eliňden gaçsa, öýüňe myhman geler.
* * *
Gijesine pul berilse, gowy görülmeýär, şol adam bilen ara töw düşmegi ahmalmyş.
* * *
Öýde sykylyk atmak gowy görülmeýär. «Öý boşarmyş» diýilýär.
* * *
Gije aýna seretseň, sypatyň şöhlesi gaçarmyş.
* * *
Agşamyna süýt, çal, süzme, umuman, ak zatlar başga öýe berilse, sygra ýaramaz täsir edermiş.
* * *
Ýatanyň üstünden ätleseň, boýy kelte bolarmyş.
* * *
Agzyň bilen çöp dişleseň, akylyň kem bolarmyş.
* * *
Baldyry tüýlek adam bagtly bolarmyş.
* * *
Kimiň eliniň aýasynda üç çyzyk bolsa, ol adam gysyk bolarmyş, çyzyk kän bolsa, onda ol adam sahydyr.
* * *
Gije külüň üstünden geçseň, «Al-arwaha uçrarsyň» diýilýär. Eger geçmeli bolsa, onda sagyňa-soluňa üç gezek tüýkürmelimiş.
* * *
Damak ganyň üstünden ätleseň, gözüň gyzyl bolarmyş.
* * *
Üstüňden baýguş uçup geçse, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Hiç kime görkezmän, düýäniň ýüňüni, doňzuň dişini dakynsaň, doga kär etmezmiş.
* * *
Gök daş daksaň, göz degmezek bolarmyş.
* * *
Iňňe bergili bolmaly dälmiş, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Ýagyş ýaganda ýagşa ýüzüňi tutsaň, ýüz gün, eliňi tutsaň, elli gün ýagarmyş.
* * *
Sadaka müňde bir belany gaýtararmyş.
* * *
Saçyna saçbagy örýän zenanlar agşam ýatanlarynda saçlaryny çözüp ýatmasalar, durmuşynda düwün galarmyş.
* * *
Düşen saçy ýüzärligiň düýbüne gömmek sogapmyş. Ýakmak, suwa akdyrmak, zyňmak günä bolýar. Saç onda-munda dagap ýatsa, garaguş agyry keseline uçrarsyň. Eger-de saç ýakylsa, saçyň eýesiniň ýogalan çagasy bolsa, «ejemiň ysy gelýär» diýermiş.
* * *
Adam düşen saçyň üstünde ýatsa, basyrganarmyş.
* * *
Nätanyş adamynyň öýünde saç darasaň, saç utanyp düşýärmiş.
* * *
Saça göz monjugy, alaja, altyn-kümüş, garaz bir bezeg şaýlaryny daksaň, saç çalt ösýärmiş.
* * *
Gün batanda saçy çözüp, daşary çykmaly däl, «ýasa ýaýyldymmykam» diýip, saç perýat edip düşermiş.
* * *
Säher bilen gün dogmanka, saç darasaň, bagtly, owadan, sagdyn bolarsyň. Saçyňy perişdeler darap berermiş.
* * *
Düşen saçyňy başga birine ýygnatmaklyk gowy görülmeýär.
* * *
Sakgal daralýan darakda saç daramaly däl, saç namys edip düşermiş.
* * *
Ýat ýerde saç darasaň, düşen saçyňy alyp gaýtmalymyş.
* * *
Saçy anna güni ýuwmaklyk sogapdyr.
* * *
Saç örülende onuň ujuny, ýagny saçbagyň düwnünden aşagyny uzyn goýsaň, doganyň ömri uzyn bolarmyş.
* * *
Bir öýde birbada telim bolup saç daralsa, gowy görülmeýär. Eger şeýle etmeli bolsa «Toýa gitjek» diýip, darap başlamalymyş.
* * *
Saç çözülgikä, adamlara görünmek aýyp hasaplanylypdyr.
* * *
Erkek adam gyz tahýasyny geýse, tahýanyň eýesiniň saçy düşermiş.
* * *
Gyz erkek adamyň tahýasyny geýse, şol gyzyň saçy düşermiş.
* * *
Saçy darap bolanyňdan soň, ýüzüňi ýuwmalymyş. Ýogsam, o dünýäde merhumlar «Saçyny darap, ýüzüni ýuwmadyklar gelýär, et iýip, elini ýuwmadyklar gelýär» diýip garşylarmyşlar.
* * *
Sübsäniň üstünden ätläp geçmeklik gowy görülmeýär. Näsaglamagyň ahmal.
* * *
Tikin tikeniňde birden sapagyňa çigin düşse, çözüp bilmeseň, «Äriň göwnüne ýetip bilmersiň» diýlip, çak edilýär.
* * *
Oturan tamyň depesi çatlasa, şol öýde agramçylyk bolarmyş.
* * *
Hydyr gören adamynyň bagty getirermiş. Hydyryň ol adamynyň ýedi arkasyna çenli haýry degermiş.
* * *
Bosaganyň üstünde oturmak, dik durmak, bosaganyň üstünde durup salamlaşmak gowulyga ýorulmaýar. Bosaga, öý-ojak keramatly hasaplanylýar.
* * *
Türkmençilikde iki bolup öý süpürilse, gowy görülmeýär. Çagalykdan «şeýle etmeli däl» diýlip öwredilýär.
* * *
Öýden myhman ugrasa ýa-da öýdäkileriň biri bir ýere ugrasa, onda onuň yzyndan öý süpürmeklik gowy görülmeýär.
* * *
Adama peýda berýän hemme zady ýygnamak, sylamak geljekde dert-bela görmezligiň nyşanydyr.
* * *
Hemme zada aýawly garamaklyk ynsanyň borjudyr, çünki hemme zatlar ynsana hyzmat edýändir. Ynsan ähli zatlary sylamalydyr, aýamalydyr, şonda döwletli bolarsyň.
* * *
Bir ýere gideniňde, ýanyňa burç alsaň, toýuň bilen ýasyň bir günde gelermiş.
* * *
Bir zadyň ýitip, tapylmasa, şeýtanyň guýrugyny düwmeli, ýagny bir ýaglygyň, mataň ujuny üç gezek düwüp «Şeýtanyň guýrugyny düwdüm» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten zadyň tapylarmyş.
* * *
Iňňäň ýitse, «Käkilik ata bir pata» diýip aýat okasaň, şol ýiten iňňe tapylarmyş.
* * *
Iňňe ýitende «Iňňe-iňňe, äriň gelýär, çaý gaýnat» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten iňňe tapylarmyş.
* * *
Aýagyň dyrnagy bilen eliň dyrnagyny bir günde alsaň, toýuň bilen ýasyň bir günde gelermiş.
* * *
Ruhgüni geýim biçseň, geýim oňmaz.
* * *
Agşam külüň üstünden geçseň, gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Haýsydyr bir zat ýitse, «Ýitigimiň ady Ýusup, şeýtan syrtyny gysyp» diýip, üç gezek gaýtalamaly-da, iňňäni ýa-da bir ýitije zady bir zada çümdürmeli.
* * *
Awa gidilende gazanyň içine tüpeňi üç gezek aýlap gidipdirler. «Şonda awuň şowly bolar» diýlip, yrym edilipdir.
* * *
Söwda edilende harydyň bir essesi bir ýarym esse bolsa, günäsi bolmazmyş.
* * *
Zärgärçilik sungatynda biriň iki esse bolsa-da, günäsi bolmazmyş.
* * *
Eşigiňi görmän çöwre geýseň, ýagşy arzuwlar etmeli, şonda arzuwyň hasyl bolýarmyş.
* * *
Suwa daş, kesek, çüýşe döwük, demir atmak bolmaýar, ol seniň kirpigiňi sanap, ömrüňi azaldarmyş.
* * *
Ýola, öýüň işigine kir suw dökmek külli günä. Al-arwahyň zeper ýetirmegi ahmal.
* * *
Ösüp oturan bagyň düýbünde gije meýdana otursaň, kakyn-silkine uçrarsyň.
* * *
Ýersiz ýere ant, kasam eden adamynyň ömri kemelermiş.
* * *
Ösüp oturan daragty, öýi bilkastlaýyn otlamagyň günäsi öwlüýäni ýykan bilen deňmiş.
* * *
Gazan gyşyk atarylsa, kimdir biri öýkelärmiş.
* * *
Işigiň agzynda zynjyr goýsaň, ýaman niýet bilen gapyňdan gelýän adamynyň ýaman pikirleri dargap gidermiş.
* * *
Öýüň töwerek-daşyna gül ekilse, örän gowy görülýär. Gözi degýän adamynyň gözi «Bä-ä, bularyň jaýlarynyň gowudygyny, bu gülleri gör-ä» diýip, güllere sereder weli, gülleriň gözelligi onuň gözüniň deggirligini aýrar» diýen ynanç halk arasynda dowam edýär.
* * *
Türkmenlerde bölek-büçek matalardan ýorgan-düşek tikilýär. Bu yrym ýagşy niýetlere gaplanan, aňyrsynda «Göz degmekden gorap saklaýar» diýlen ynanç ýatyr. Şu yrym tygşytlylygy terbiýeleýär, bölek-büçek matalary ýerleşdirip, gül ýaly ýorgan-düşek tikilýär. Şular ýaly işleri edýän zenanlara «Garyp öýüň gaznasy» diýilýär.
* * *
Täze eşik geýlende yrym edip, çalaja çümmükläp «Gutly bolsun, mydama toýa geý!» diýilýär.
* * *
Täze eşigi ilkinji gezek sähetli gün geýmeli.
* * *
Täze eşik geýlende, öňi bilen bir bölejik çörek iýmeli.
* * *
Gyz enesiniň, ene-de gyzynyň eşigini geýse, birinden biriniň ömri gysgalarmyş.
* * *
Ýeňňe-baldyz biri-biriniň eşigini geýse, agasy bilen gelnejesiniň arasyna tow düşermiş.
* * *
Iki adam birbada bir sözi bilmezlikde bilelikde aýtsa, oňat habar gelermiş. Biri beýlekisinden «Haçan arzuwym hasyl bolýar?» diýip soramalymyş. Ilki soran adamynyň arzuwy hasyl bolarmyş.
[1] Bir adam aradan çykypdyr weli, hiç hili sogaby ýokmuş. «Heý, bir sogabam tapylmazmyka?» diýip, gözläpdirler weli, ýekeje sogap tapypdyrlar. Ol hem bir gezek ters tarapyna duran köwşi beýle tarapyna agdaran ekeni.