Hekaýat
Haçanda Pygamberimiz bakylyk älemine ýerleşip, sahabalar oňa hyzmat etmek bagtyndan mahrum galanda, onuň wepat bolandygy baradaky habar aýan bolmazyndan öň, möminleriň emiri hezreti Omar münbere çykyp şeýle diýdi: «Muhammet ölüpdir diýmäň. Her kim Muhammet ölüpdir diýse, men onuň dilini keserin».
Ol bu söz bilen «Muhammet pygamber Allanyň kömegi, sylagy arkaly diri» diýmegi niýet edipdir. Bu şol Allatagalanyň: «Allanyň ýolunda wepat bolanlara hergiz öli diýmäň, olar öz Perwerdigärleriniň ýanynda[1]... diýen sözleri ýalydyr. Tabarynyň «Taryhynda»: «Muhammet alaýhyssalamy Isany göterişleri ýaly asmana göterdiler, ol ýene-de gaýdyp geler» diýilýär. Bu söz batyldyr we ony möminleriň emirine ýöňkemek dogry däldir. Ol ýöne pitne oduny söndürmek üçin, göçme manyda Muhammet ölenok diýipdir.
Möminleriň emiri hezreti Abu Bekr bu sözi eşidip, Mustapanyň otagyna girýär. Pygamberimiz öz mübärek düşeginde ýatan eken. Ol Pygamberimiziň ýemeni donuny çykaryp, onuň ýaňagyndan ogşap aglaýar, soňra ýüzüni ýapýar hem-de derrew metjide barýar. Şol wagt Omar münberde: «Her kim Muhammet öldi diýse, men onuň el-aýaklaryny keserin» diýip duran eken. Abu Bekr oňa:
– Eý, Omar, aýdýanyň näme? Bu dünýäde ýaýradyp ýören zadyň näme? – diýýär.
Omar bu sözi eşidip, münberden düşýär. Abu Bekr münbere çykýar we betbagtlyk zerarly ot çabraýan sözleri bilen hutba aýdyp, soňundan bolsa:
– Eý, musulmanlar, her kim Muhammede ybadat edýän bolsa, onda Muhammet öldi. Emma her kim Muhammediň Perwerdigärine ybadat edýän bolsa, onda ol hiç wagt ölmejekdir we diridir. Panylyk tozany onuň beýiklik çadyrynyň etegine ýetmez – diýýär. Şeýle diýip, ol şu aýaty okaýar: «Muhammet diňe bir pygamberdir. Ondan öň hem köp pygamberler geçdi»[2].
Omar:
– Men bu aýaty Abu Bekrden eşidenimde, edil şol wagt eşidendirin öýtdüm we öň hergiz eşitmedik ýaly boldum. Şonda Abu Bekriň menden artykmaçdygyny aňdym – diýýär.
Soňra Abu Bekr:
– Eý, musulmanlar, eger iki dünýäniň hem bagtyýarlygyny gazanaýyn diýseňiz, onda takwalygy öz şygaryňyz edinip, yslam dinini beýige galdyrmak üçin elde baryňyzy ediň – diýýär.
Ol bu sözleri aýdyp münberden düşjek bolanda, hezreti Omar ýerinden turup, onuň bilen ähtleşýär we ony halypa bolanlygy bilen gutlaýar. Şol gün ähli medineliler onuň bilen ähtleşipdirler.
Hekaýat
Hezreti Mustapa ahyret älemine göç etmezinden öň Usama ibn Zeýde[3] leşger hem baýdak berip, Şama gitmegini we öz kakasynyň aryny almagyny hem-de ol ülkäni basyp almagy buýurýar. Pygamberimiz ajal düşeginde wagty Usama Medineden çykypdy, emma heniz ugramandy. Abu Bekr halypa bolansoň, ilki bilen Usamanyň Şama gitmegine rugsat berýär. Sahabalar oňa şeýle diýýärler:
– Eý, möminleriň emiri, araplar mürtet[4] boldular we tabynlyk halkasyndan baş boşatdylar. Bu ýerden Şama çenli ýol uzak. Leşgeri Medineden daşlaşdyrmak dürs däldir – diýipdirler.
Şonda Abu Bekr:
– Beýik Allatagala bize ýardyr we ýardamçydyr. Men hezreti Mustapanyň beren buýrugyny bozup bilmen – diýip, jogap berýär.
Şeýdip, Usamany goşun bilen ugradýar. Usama ugramazdan öň möminleriň emiri Abu Bekriň ýanyna hoşlaşmaga gelýär. Möminleriň emiri öýünden çykýar. Onuň atyny getirýärler. Ol ata münmän, pyýada ýöreýär. Şol wagt ondan:
– Eý, möminleriň emiri, näme üçin atyňa münmeýärsiň? – diýip soraýarlar. Ol:
– Men Hudaýyň ýolunda turan tozan meniň aýagyma siňsin diýýärin. Sebäbi men hezreti Mustapanyň: «Her kimiň aýagyna Alla ýolunda tozan siňse, Hudaýtagala onuň tenine dowzah oduny haram eder» diýenini eşitdim – diýip, jogap berýär.
[1] Gurhanyň 3-nji (Ymranyň öýi) süresiniň 169-njy aýaty.
[2] Gurhanyň 3-nji (Ymranyň öýi) süresiniň 144-nji aýaty.
[3] Usama ibn Zeýt – ol Pygamberimiziň ogullygy Zeýdiň ogludyr.
[4] Mürtet — musulman dinini kabul edip, ýene ondan ýüz dönderen kişi.