-
“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etdi
Jun 17, 2021 05:052021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.
-
Türkmenistandan Owganystana energetika we ulag taslamalary üçin iş sapary
Jun 12, 2021 06:15Türkmenistandan Owganystana energetika we ulag taslamalary bilen bagly gepleşikleri geçirmek üçin ýokary derejeli sapar guraldy
-
Türkmenistanda BMG-niň Taslama Hyzmatlary Boýunça Dabaraly Çäre
Jun 12, 2021 06:07Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
-
Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini açmaga goldaw bermegi maksat edinýär
Jun 11, 2021 09:4610-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Wekilhanasy işe başlady
Jun 11, 2021 09:422021-nji 10-njy iýunynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
-
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy- parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahat
Jun 11, 2021 09:372021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy - parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy guraýjylary bolup Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty çykyş etdiler.
-
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI PETERBURG HALKARA YKDYSADY FORUMY 2021-E GATNAŞDY
Jun 05, 2021 16:152021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy.
-
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy bilen duşuşdy
Jun 03, 2021 08:072021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy.
-
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI«MIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
May 30, 2021 13:032021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy.
-
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA BOÝUNÇA ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
May 28, 2021 18:092021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi.