-
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygynyň talaplaryna beren jogaby
Mar 27, 2025 11:45Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretaryÝewropa Bileleşigi Günbatar Aziýa sebitindäki durnuklylyk we howpsuzlyk barada hakykatdanam alada edýän bolsa, Gaza zolagyndaky genoside we Sionist režgimiň Liwana we Siriýa garşy yzygiderli agressiýasyna we bu iki ýurduň territoriýalaryny basyp almagyna goşulyşmaly diýdi.
-
Oraza baýramy namazny Yslam Rewolýusiýasynyň lideri alyp barar
Mar 27, 2025 11:21Eýranyň juma ymamlarynyň Syýasat kabul ediş geňeşiniň metbugat sekretary oraza baýramy namaz dabarasy Tähranda, Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň ýolbaşçylygynda beýik Ymam Homeýniniň (RA) ybadat zalynda dürli gatlaklardan bolan adamlaryň höwes bilen gatnaşmagy bilen geçiriler.
-
Aragçi: Goňşular Amerikanyň pitneçi hereketlerinden ägä bolmalydyrlar
Mar 25, 2025 13:16Eýranyň Daşary işler ministri Yrakly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde amerikan resmileriniň Eýrana basyş etmek baradaky aýyplamalaryna salgylanyp goňşy we dostlukly ýurtlar Amerikanyň pitneçiliginden we bölünişiginden ägä bolmalydyrlar diýdi.
-
Eýran bilen Russiýa bilelikdäki ykdysady komissiýa döretmäge taýýarlanýar
Mar 25, 2025 12:17Eýranyň Moskwadaky ilçisi bilen Russiýanyň energiýa ministriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň 18-nji bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 2-nji Aprildan 6-njy April aralygynda Moskwada geçirilmegi barada ylalaşyldy.
-
Aragçi: Türkiýanyň özgerişleri bu ýurdyň içerki meselesidir
Mar 25, 2025 12:05Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýanyň içerki özgerişlerini bu ýurduň içerki meselesi hökmünde häsiýetlendirdi.
-
Bagaýi: Nowruzyň Eýran siwilizasiýasynda gadymy kökleri bar
Mar 25, 2025 11:54Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Nowruzyň türk dilli adamlar üçin baýram güni bolandygyny aýdýan Türkiýäniň prezidentiniň aýdanlaryna salgylanyp bu sözler Nowruzyň asylly sargydynyň çuňlugynyň we baýlygynyň alamaty diýdi.
-
Aragçiniň Saud Arabystanyndaky we Müsürdäki kärdeşleri bilen maslahatlaşmalary
Mar 23, 2025 11:40Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki soňky wakalary, esasanam sionist režimiň Gaza zolagynda genosidiniň möwjemegini ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Eýran Nigerde ybadat edýänlere garşy terrorçylykly hüjümi ýazgarýar
Mar 23, 2025 10:52Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nigeriň günorta-günbataryndaky Kokoro sebitindäki metjide edilen terrorçylykly hüjümi we netijede onlarça agyz bekleýän adamyň öldürilmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan hereketi berk ýazgardy.
-
Admiral Tangsiri: Sepahyň Harby deňiz güýçleriniň strategiýasy, global ulumsylyga garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmakdyr
Mar 23, 2025 09:36Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi 1404-nji ýylda esasy strategiýamyz, global ulumsylyga garşy göreşmek üçin söweş ukyplaryny ýokarlandyrmakdyr we Yslamyň batyr söweşijileriniň güýçli erk-islegi bilen bu ýeňiş hökman bolar diýdi.
-
Gaty şarpyk; Eýran halkynyň Amerikanyň zalymlygyna bejek jogaby diýip Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň beýan etmekleri
Mar 21, 2025 21:351404-nji ýylyň birinji gününde Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneý, dürli gatlaklardan bolan müňlerçe adam bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Amerikanyň howplaryndan gorkmaýandygyny we Eýran halkyna ýamanlyk etseler,olara gaty şarpyk çalarlar diýdiler.