Aragçiniň Saud Arabystanyndaky we Müsürdäki kärdeşleri bilen maslahatlaşmalary
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki soňky wakalary, esasanam sionist režimiň Gaza zolagynda genosidiniň möwjemegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi düýn, şenbe güni Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen geçirilen söhbetdeşlikde sionist režimiň Gazadaky goragsyz palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryny ýazgardy we yslam ýurtlarynyň bu jenaýatlary duruzmak üçin gyssagly we köpçülikleýin çäre görmelidigini aýtdy.
Aragçi şeýle hem, ABŞ we Iňlis harbylarynyň Ýemene garşy agressiýasyny, bigünä aýallaryň we çagalaryň öldürilmegini, bu ýurduň infrastrukturasynyň weýran edilmegini ýazgardy we Yslam dünýäsine Ýemeniň musulman halkyny goldamak baradaky umumy jogapkärçiligini ýatlatdy.
Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan hem Ysraýylyň agressiýasyny berk ýazgarmakdaky bu ýurdunyň pozisiýasyny düşündirdi we krizisiň güýçlenmezligi üçin sebit ýurtlarynyň arasynda ýakyn utgaşdyrylmagyň we özara gatnaşyklaryň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri we Müsüriň Daşary işler ministri düýn, şenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki wakalar barada pikir alyşdylar.
Seýid Abbas Aragçi Badr Abdul-Ati bilen geçirilen söhbetdeşlikde Sionist režimiň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň täzeden başlamagyny, parahat ilatyň öldürilmegini we ýaraşyk şertnamasyny aç-açan bozup, halkara ynsanperwer kömeginiň Gazanyň içine girmeginiň öňüni aldy we sebitde Sionist režiminiň atyşygy bes etmek üçin halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly çäre görmegini isledi.
Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ we Iňlisleriň Ýemene guran hüjümlerini ýazgardy we Ýemen halkynyň daşary ýurt agressiýasyndan goramagynyň taryhyny ýatlap, Ýemene garşy söweş mümkinçiliginiň hökman puja çykjakdygyny aýtdy.
Abdul-Ati hem Gazadaky, Ýemendäki we Liwandaky ýagdaýyň möwjemeginiň aladalandyryjydygyny aýtdy we sebitdäki ýagdaýyň hasam möwjemeginiň öňüni almak üçin geňeşmeleriň we diplomatik tagallalaryň möhümdigini aýtdy.
Gazanyň Saglyk ministrliginiň hasabatyna görä, Sionist režimi tarapyndan atyşygyň bozulmagy netijesinde 2025-nji ýylyň 18-nji martyndan şehit bolanlaryň we ýaralananlaryň sany 634 adam şehit we 1,172 adam ýaralandy, bu san bilen birlikde, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagynda şehit bolanlaryň sany 49,747-e, ýaralananlaryň sany bolsa 113 213-e ýetdi.