22-nji Bahmanyň ýol ýörişine gatnaşyjylarýň “Imam Hameneýden hemaýatlary"
Pars Today – Eýranyň dürli şäherlerinde geçirilen 22-nji Bahman umumymilli ýörişine gatnaşyjylar jemleýji beýannama kabul edip, häzirki wagtda meýdan bilen diplomatiýanyň sazlaşykly hereket etmeginiň zerurdygyny nygtadylar we iki ugurda hyzmat edýänleriň hem milletiň perzentleridigini hem-de halk tarapyndan doly goldanylýandygyny mälim etdiler.
Ýol Ýörişe gatnaşan millionlarça adam Yslam ynkylabynyň 47 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp, “Allahu Akbar, Hameneýi lider” diýen şygarlar bilen öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Kabul edilen beýannamada halkyň Yslam ynkylabynyň esasy maksatlaryna, şeýle hem onuň esaslandyryjysy Imam Homeýniň ýoluna we häzirki ýolbaşçynyň görkezmelerine ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.
Beýannamada halkyň milli bitewilige, howpsuzlyga we ýurduň ösüş ýoluny dowam etdirmäge berk ygrarlydygy bellenilýär. Şeýle hem häzirki çylşyrymly sebit we halkara şertlerinde ýurduň durnuklylygyny saklamagyň möhümdigi nygtalýar.
Gatnaşyjylar “Eýranyň lideri milletimiziň janydyr” diýip yglan edip, ýolbaşça garşy ediljek islendik hormatsyzlygyň milletiň mertebesine garşy hökmünde kabul ediljekdigini aýtdylar. Şeýle hem jemgyýetde jebisligiň, özara düşünişmegiň we agzybirligiň içerki we daşarky howplara garşy iň esasy güýçdigi nygtaldy.
Beýannamada ýurduň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Ynkylap goragçylarynyň, goşunyň, hukuk goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk gulluklarynyň hyzmatlaryna ýokary baha berildi. Şeýle hem käbir daşary ýurt gurluşlarynyň resmi harby düzümleri barada eden çykyşlary ýazgaryldy.
Şeýle-de ýörişe gatnaşyjylar sebitdäki ýagdaýlar barada çykyş edip, käbir döwletleriň alyp barýan syýasatlaryny tankytladylar hem-de Palestinanyň halkyna goldawlaryny beýan etdiler.
Beýannamanyň başga bir bölüminde häzirki ýagdaýda diplomatiýa bilen meýdanyň sazlaşykly hereket etmeginiň zerurdygy nygtalyp, ýurduň abraýy we milli bähbitleri esasynda alnyp barylýan gepleşikleriň goldanylýandygy bildirildi. Gatnaşyjylar iki ugurda hyzmat edýänleriň hem milletiň perzentleridigini we halk tarapyndan doly goldanylýandygyny aýtdylar.
Şeýlelikde, 22-nji Bahman ýörişi diňe bir baýramçylyk çäresi bolman, eýsem halkyň syýasy pozisiýasyny, milli jebisligini we döwlet gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygyny görkezýän möhüm jemgyýetçilik waka hökmünde çykyş etdi.