Eýranda Yslam ynkylabynyň ýeňşiniň 47 ýyllygy mynasybetli giň gerimli ýörişleriň geçirilmegi
22-nji Bahman ýol ýörişleri Eýranyň häzirki taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan syýasy we jemgyýetçilik wakalarynyň biridir. Bu ýöriş Yslam ynkylabynyň ýeňşiniň 47 ýyllygyna gabat gelip, ýurduň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Tähran şäherinde hem giň gerimde geçirildi.
Halkyň dürli gatlaklarynyň – ýaşlaryň, ýaşulularyň, zenanlaryň we erkekleriň – işjeň gatnaşmagy bu çäräniň umumymilli häsiýete eýedigini görkezdi.
Bu ýöriş diňe bir taryhy senäni ýatlamak bilen çäklenmän, eýsem halkyň öz gymmatlyklaryna, ynkylap maksatlaryna we milli bitewiligine bolan ygrarlylygyny görkezýän möhüm pursat hökmünde çykyş edýär. Gatnaşyjylar ýurduň garaşsyzlygyny, milli özygtyýarlylygyny we döwlet gurluşyny goldaýandyklaryny açyk beýan etdiler. Şeýle hem olar ynkylabyň esaslandyryjysynyň we häzirki ýolbaşçylygyň öňe süren ýörelgelerine wepaly boljakdyklaryny nygtadylar.
Ýöriş dowamynda edilen çykyşlarda 22-nji Bahmanyň “milletiň güýjüniň we abraýynyň görkezilýän güni” hökmünde häsiýetlendirilmegi bu çäräniň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy. Halkyň köpçülikleýin gatnaşmagy ýurduň içerki durnuklylygynyň we jemgyýetçilik jebisliginiň alamaty hökmünde görkezildi. Şeýle giň gerimli çykyşlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dürli garaýyşlaryna garamazdan, ýurduň içinde jemgyýetçilik goldawynyň dowam edýändigini görkezýär diýen pikir öňe sürüldi.
22-nji Bahmanyň ýörişi Eýran halkynyň taryhy ýadyny täzeleýän we ýaş nesli ýurduň soňky onýyllyklardaky ösüş ýoly bilen tanyşdyrýan medeni çäre hökmünde hem ähmiýetlidir. Bu gün ýaş nesiller ata-babalarynyň gatnaşan taryhy wakalaryny ýatlap, özleriniň ýurduň geljegindäki ornuny duýýarlar. Şeýlelikde, ýöriş diňe bir syýasy çäre bolman, eýsem milli özboluşlylygyň we jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň dowamlylygynyň nyşany hökmünde çykyş edýär.
Mundan başga-da, ýörişde öňe sürlen şygarlarda ýurduň garaşsyzlygyny goramak, daşary täsirlere garşy durmak we milli bähbitleri öňe sürmek ýaly pikirler aýratyn orun aldy. Gatnaşyjylaryň pikiriçe, halkyň jebisligi ýurduň howpsuzlygynyň esasy daýanjydyr. Birleşen jemgyýet daşarky basyşlara garşy has berk durup bilýär diýen garaýyş öňe çykaryldy.
Umuman aýdanyňda, 22-nji Bahmanyň ýörişi Eýranda diňe bir taryhy senäni bellemek däl, eýsem halkyň jebisligini, syýasy işjeňligini we milli bitewiligini görkezýän möhüm jemgyýetçilik wakasydyr. Bu çäre ýurduň häzirki syýasy gurluşyna bolan goldawy görkezmek bilen bir hatarda, onuň geljegine bolan ynamy hem beýan edýär. Şeýle çäreler Eýranyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeläp, ýurduň içindäki we daşyndaky synçylaryň üns merkezinde bolýar.