Türkmenistan
  • ÝHHG-niň Aşgabatda gurnan seminary

    ÝHHG-niň Aşgabatda gurnan seminary

    Oct 17, 2017 11:38

    Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar.

  • GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

    GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

    Oct 16, 2017 12:03

    Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine bardy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär

  • Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy

    Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy

    Oct 14, 2017 11:32

    Sergi merkezinde Nuriddin Niýazowyň „Döredijilikde filosofiýa“ atly üstünlikli geçen özbaşdak sergisi çeperçilik sungatynyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Nuriddin Niýazow döredijilik usuly Günbatar Ýewropa žiwopisiniň ýörelgelerinde kemala gelen nakgaş.

  • Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

    Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

    Oct 14, 2017 11:16

    Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä 2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy.