Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15-türkmenistanyň_daşary_işler_ministrliginde_türkmen_owgan_gepleşikleri_geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä 2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy.
(last modified 2022-02-07T07:37:43+00:00 )
Oct 14, 2017 14:46 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä 2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 7-nji Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýan ugurlaryň giň çygry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, taraplar olary geljekde ösdürmekde tagallalary utgaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýykdyn edýändigini beýan etdiler. Şunlukda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda türkmen-owgan Hökümetara toparynyň orny bellenilip geçildi. Sebitleýin ykdysady integrasiýa daşary syýasatyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, Türkmenistanyň energetika we ulag ulgamlaryndaky ykdysady häsiýetli taslamalara gatnaşýandygyny we hemmetaraplaýyn olary goldaýandygyny türkmen tarapy belledi.

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň sebitde durnukly ösüşi we asudalygy gazanmakda esasy alamatlaryň biri bolup durýandygyny belläp, taraplar şu ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak RECCA VII taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly meselelere seretdiler. Pikir alyşmalaryň çygrynda taraplar ykdysady häsiýetde beýleki parallel çäreleri geçirmek barada tekliplerini öňe sürdiler.