BMG: 23 million owgan ynsanperwer kömegine mätäç
(last modified Tue, 11 Mar 2025 07:42:05 GMT )
Mar 11, 2025 12:42 Asia/Ashgabat
  • BMG: 23 million owgan ynsanperwer kömegine mätäç

BMG-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili 2025-nji ýylda Owganystanyň ilatynyň 50 göteriminden gowragy ýa-da takmynan 23 million adam gumanitar kömege mätäçdirler emma bu kömekler çalt azalýar diýip yglan etdi.

Bu bir ýagdaýdadyr welin, Trump administrasiýasynyň bu halkara guramanyň işini sorag astyna almak isleýän wagtyna gabat gelýär.

BMG-nyň Owganystandaky ýörite wekili we BMG-nyň Owganystandaky kömek missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa, Owganlar onýyllyklaryň dowamynda uruş, çuňňur garyplyk, howanyň üýtgemegi, ilatyň çalt köpelmegi we gorag töwekgelçiliginiň esasanam aýallar we gyzlar üçin ýokarlanmagy netijesinde agyr ynsanperwerlik krizisine duçar bolýarlar diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Otunbaýewa sözüniň dowamynda kömek maliýeleşdirmesiniň azalmagy häzirki wagtda owgan halkyna ep-esli derejede täsir edýär we bu täsirler dowam eder diýdi.

BMG resmisi sözüniň üstüni ýetirdi: Soňky bir aýda Owganystanda 200-den gowrak saglyk öýi ýapyldy we takmynan 1.8 million adama täsir etdi.