Owganystandaky millionlarça adam ynsanperwer kömegine mätäç
Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi (OÇA) 2025-nji ýylda Owganystanda 23 milliona golaý adamyň ynsanperwer kömegine mätäçdigini habar berdi.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi (OÇA) hasabatynda: 2025-nji ýylda Owganystanda takmynan 22,9 million adama ynsanperwer kömegine mätäç boljakdygyny mälim etdi.
Hasabata görä, suw çeşmeleriniň guramagy sebäpli maşgalalaryň 39 göterimi suw ýetmezçiligine duçar bolýar we owgan ilatynyň 23 göterimi henizem arassa bolmadyk suw çeşmelerini ulanýar, bu diýseň howply ýagdaý.
Hasabatda şeýle hem Owgan ilatynyň 28% -iniň saglyk ýagdaýy erbet, bu keselleriň ýaýramagyna sebäp bolýar diýip getirilendir.
OÇA şeýle-de bu agyr ýagdaý gyssagly çäreleri we ynsanperwer kömegini talap edýär diýip yglan etdi.
OÇA-nyň baha bermegine görä, Owganystanyň suw, arassaçylyk we saglygy goraýyş hyzmatlary boýunça bu krizisleri çözmek üçin 264 million dollar gerekdir.
Mundan ozal Bütindünýä azyk maksatnamasy Owganystandaky millionlarça maşgalanyň gyş wagtynda azyk ýetmezçiligine duçar boljakdygyny duýdurypdy.