-
Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy
Apr 07, 2023 09:212023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi.
-
Jemgyýetçilik we döwlet işlerinde türkmen zenanlarynyň ornuna bagyşlanan çäre geçirildi
Apr 07, 2023 09:012023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmen zenany – jemgyýetçilik we döwlet işinde göreldelik nusga” atly medeni çäre geçirildi.
-
Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Apr 05, 2023 17:45Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabat şäherine bir günlük iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
-
Türkmenistanyň we Britaniýanyň DIM-leri Owganystan boýunça özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Apr 05, 2023 12:092023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Päkistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi.
-
Türkmenistanyň täze parlamentiniň birinji mejlisi 6-njy aprelde geçiriler
Apr 04, 2023 10:40Türkmenistanyň täze mejlisiniň wekilleri 6-njy aprelde ýygnanyşarlar.
-
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk
Apr 04, 2023 06:102023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy
Apr 01, 2023 09:11BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň zyňyndylaryň derejesini nola çenli azaltmak boýunça ýokary derejeli ýygnagy geçirildi. 30-njy martda geçirilen maslahata, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
-
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler barada
Mar 31, 2023 20:582023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
-
Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli ýygnagyna gatnaşar
Mar 29, 2023 13:23Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 2023-nji ýylyň 30-njy martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyna sapar bilen barar. Bu ýerde ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen zyňyndylaryň derejesini nola çenli azaltmak boýunça geçirilýän ýokary derejeli ýygnaga gatnaşar diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan habar berildi.
-
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemleri jemlendi
Mar 29, 2023 06:262023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy.