Ruhani: ABŞ ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmek üçin ilkinji ädimini ätmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10240-ruhani_abŞ_ýadro_ylalaşygyna_gaýdyp_gelmek_üçin_ilkinji_ädimini_ätmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň yza çekilmegini we ýadro ylalaşygynda Ýewropa ýurtlarynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezligini Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçnamalaryny kem-kemden azaltmagyna sebäp bildi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Feb 09, 2021 21:51 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ABŞ ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmek üçin ilkinji ädimini ätmeli

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň yza çekilmegini we ýadro ylalaşygynda Ýewropa ýurtlarynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezligini Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçnamalaryny kem-kemden azaltmagyna sebäp bildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Tehranda daşary ýurt ilçileriniň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümi mynasybetli gutlag dabarasynda eden çykyşynda Yslam rewolýusiýasynyň 42 ýyl mundan ozal şu ​​güne çenli çagyryşynyň parahatçylykdygyny, dürli ýurtlar bilen dostlugy gazanmak üçin gepleşikleriň durnuklydygyny belläp Eýran Yrakda we ABŞ-nyň ykdysady urşunda iki gezek uruşda ýeňiş gazandy diýdi.