Feb 12, 2021 14:46 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Baýden döwleti syýasaty barada entek jemleýji netijä gelmedi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Baýdeniň döwleti syýasaty barada entek jemleýji netijä gelmedi, ýöne Eýranyň syýasaty gaty düşnükli we aýgytlydyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň penşenbe güni agşam beren habaryna görä, "Muhammet Jawad Zarif" Hytaýyň Feniks habarlar ulgamy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde: ABŞ-nyň täze administrasiýasy bilen ýadro ylalaşyk bilen baglanyşykly soňky meselelerde, Eýran ilkinji ädim ätmez, ilki bilen ýadro ylalaşygyna ygrarlydygyny Amerika görkezmelidir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Amerikalylar ýadro ylalaşygy barada haýsydyr bir çäre görmezden ozal Eýranyň olaryň hereketlerine edýän reaksiýalaryndan habarly bolmalydyrlar diýip beýan etdi.

Zarif Waşington ýadro şertnamany berjaý etmekde ilkinji ädim ätmejekdigini aýtdy, Tähranyň pozisiýasy nähili diýip? Feniksyň habarçysynyň beren soragyna jogap hökmünde, Amerikalylaryň syýasatlarynda entek jemleýji netijä ýetmändigine şonuň üçin Ak tam Baýdeniň pozisiýasyny birnäçe gezek üýtgetmeli boljakdygyna ynanýaryn diýdi.

Zarif şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyndan çekilendigi doly aýandyr we düzgün bolşy ýaly, şol bir ýurt ýadro şertnamasyny bozýan syýasatlary togtatmaly we sanksiýalar syýasatyny ýatyrmalydyr diýip yglan etdi.

Tags