Hindistan, Eýranyň Çabahar porty bilen söwdany giňeltmegi nygtaýar
(last modified Tue, 02 Mar 2021 14:01:07 GMT )
Mar 02, 2021 19:01 Asia/Ashgabat
  • Hindistan, Eýranyň Çabahar porty bilen söwdany giňeltmegi nygtaýar

Hindistan döwleti, Eýranyň Çabahar porty bilen söwdany giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

 

 

  Hindistanyň Portlar we Gämi ministrligi ,bu ýurduň Jawaharlal Nähru porty we Dindial porty, Eýranyň Çabahar porty arkaly söwdany giňeltmek maksady bilen harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin ýük daşaýan kompaniýalara arzanladyş berjekdigini habar berdi.Hindistanyň Portlar we Gämi ministrliginiň hasabatyna görä, Çabahar portuna ýük akymy yzygiderli dowam edýär we Owganystandan harytlaryň üstaşyr geçmegi ýokarlanýar.

Bu habara görä, 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli Çabaharyň Şahid Beheşti portuna takmynan 123 gämi geldi.2016-njy ýylda Hindistan, Eýran we Owganystan arasynda Hindistanyň maýa goýumlary arkaly Eýranyň Çabahar portuny ösdürmäge gönükdirilen halkara demirgazyk-günorta transport koridoryny döretmek barada üç taraplaýyn şertnama gol çekildi.

 Ylalaşyga görä, Hindistan döwleti, Çabaharyň ösüşine 500 million dollar, şeýle hem Eýran we Owganystan bilen üç taraplaýyn şertnama laýyklykda birnäçe ýol we demir ýol gurmak üçin 1,5 milliard dollar wada berdi.

 Çabahar porty, Eýrandaky Bandar Abbas porty bilen deňeşdirilende Owganystanyň merkezine 90 km we Pakistandaky Karaçi portuna 700 km ýakynlykda ýerleşýär we harytlaryň her bir konteýnerini bu ugurdan geçirmek üçin çykdajy 500 $ -dan 1000 $ çenli arzanlanýar.  Birnäçe aý mundan ozal Hindistanyň ýük daşaýyş ministrligi Eýranyň Çabahar portuna ýüklere 40% arzanladyş möhletini bir ýyl uzaltmagy gün tertibine girizdi, bu Hindistanyň Eýran bilen söwda hyzmatdaşlygy kuwwatyny giňeltmäge çemeleşmeginiň alamatydyr.

Çabahar portuny ösdürmekde ,Eýranyň we Hindistanyň beýleki hyzmatdaşy bolan Owganystan, bu ugurdaky iki hyzmatdaşynyň hereketlerine esaslanyp, portuň kuwwatynyň artdyrmagyny garşy alýar.

Geografiki taýdan Owganystan deňiz kenaryndadyr we beýik deňizlere girip bilmeýär. Soňky ýyllarda owgan hökümeti daşary söwdasyny ýeňilleşdirmek üçin dürli alternatiw usullary gözlemäge synanyşdy. Bu makro syýasaty alyp barmak bilen Owganystanyň hökümeti harytlaryň girmegi we çykmagy üçin Pakistanyň gury ýer we deňiz serhetlerine garaşlylygyny azaltmaga synanyşýar. Bu nukdaýnazardan, Owganystanyň hökümeti haryt eksporty we importy üçin Çabahar portuny Pakistandaky Gwadar porty bilen çalyşmakdan başga-da sebitdäki ýurtlar, esasanam goňşular bilen demirýol transportynyň ösüşi hem dowam etmegi gün tertibindedir. Hytaýyň ykdysady bäsdeşi hökmünde tanalýan Hindistan, Eýranyň Çabahar portunyň ösüşini hindi kompaniýalarynyň sebitdäki ýurtlara eksporta girmegini aňsatlaşdyrýan gurallaryň biri hasaplaýar. “The Economic Times of India” habar berýär; "Eýrandaky Çabahar portuny ösdürmek taslamasy Hindistana Owganystan we Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurtlary bilen göni aragatnaşyk gurmak üçin mümkinçilik döredýär. ABŞ-nyň Eýrana edýän basyşyna garamazdan, Nýu-Deli henizem Çabahar portunde dürli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda işleýär. Hindistanyň sebite eksportyny giňeltmekden başga-da, Çabahar porty Hindistanyň çig nebit importyny tranzit harajatyny hem azaldyp biler.

 

 

Tags