Eýranyň Özbegistana oba hojalygynda hyzmatlary bermäge taýýarlygy
Eýranyň Oba hojalygy Jihad ministri Özbegistanyň Tährandaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda, beýleki taraplar bilen alyş-çalyş etmäge mümkinçilikleriň biri hökmünde Eýranyň tehniki-injinerçilik hyzmatlaryny, haýwanlary köpeltmek we basyşly suwaryş hyzmatlaryny bermek ukybyny sanap geçdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Oba hojalygy ministri Golamreza Nuri Özbegistanyň ilçisi Fariduddin Nasriýew bilen Tähranda duşuşyp, iki ýurduň prezidentleriniň bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjy üçin minnetdarlygyny bildirmek bilen, Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy medeni, dini we taryhy bähbitleri göz öňünde tutsak, ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi we iki ýurduň arasynda söwda alyş-çalyş mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy aýratyn möhümdir diýdi.
Nuri, Eýranyň oba hojalygynyň tehnologiýalary we gözlegleri ösdürmekdäki mümkinçiliklerini sanap, Eýranyň tehniki hyzmatlaryna dünýä derejesinde baha bermek bilen, Özbegistana hödürlenip bilinjek hyzmatlaryň arasynda arzan bahaly teplisa gurmak, oba hojalygy önümleri üçin ammar we sowuk ammar gurmak, öwrülişik we goşmaça pudaklar we oba hojalyk önümlerini dezinfeksiýa tehnologiýasy bar diýip yglan etdi.
Özbegistanyň Tährandaky ilçisi hem eýranlylaryň myhmansöýerligine ýokary baha bermek bieln Özbegistanyň Oba hojalygy ministrligi oba hojalygy pudagynda Eýran Yslam Respublikasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýyndyr diýip aýtdy.