Eýranyň Hindistanda korona wirusyna garşy göreşmk ugurda kömek bermäge taýynlygy
(last modified Sun, 25 Apr 2021 16:40:21 GMT )
Apr 25, 2021 21:40 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Hindistanda korona wirusyna garşy göreşmk ugurda kömek bermäge taýynlygy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Eýranyň Hindistana korona wirusyna garşy göreşmk ugurda kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri Said Namaki ýekşenbe güni Hindistanyň saglyk ministri Haraş Ward Hana hat ýazyp, “kovid 19” pandemiýasynyň dolandyrylmagynyň diňe ähli ýurtlaryň duýgudaşlygy we hyzmatdaşlygy bilen mümkindigini aýtmak bilen Eýranyň “korona” -nyň öňüni almak üçin bu ýurda tehniki, bilermen we enjam kömegi bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Namaki, Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrine ýazan hatynda, hindi raýatlarynyň kovid-19 keseli bilen kesellmegi hem-de bu kesel arkaly ölmegi babatly gynanýandygyny aýtmak bilen bar bolan pandemiýany dolandyrmak, diňe adalat kölegesinde ähli ýurtlaryň duýgudaşlygy, hyzmatdaşlygy we kömegi, we sanksiýalary ýok etmek bilen mümkin bolar diýdi.

Hindistan korona wirusy sunami bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bilermenleriň pikiriçe, lukmançylyk edaralarynyň azlygy ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny çökmek howpuna salýar.

Şu wagta çenli Hindistanda 16 million 600 müň adama korona ýokaşdy we 345,000 adam öldi.

Tags