Türkmenistan döwleti Hindistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak islegini bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i22892-türkmenistan_döwleti_hindistan_bilen_gatnaşyklary_çuňlaşdyrmak_islegini_bildirdi
Aýry-aýry hatlarda Türkmenistanyň prezidenti Hindistanyň prezidentini we premýer-ministrini Hindistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlap, Nýu-Deli bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ünsi çekdi.
(last modified 2023-08-16T11:59:19+00:00 )
Aug 16, 2023 16:59 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan döwleti  Hindistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak islegini bildirdi

Aýry-aýry hatlarda Türkmenistanyň prezidenti Hindistanyň prezidentini we premýer-ministrini Hindistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlap, Nýu-Deli bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ünsi çekdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň  prezidenti bilen Halk Mamaslahatynyň başlygy Serdar Bardimohamedow we Gurbanguly Bardimohamedow aýratyn habarlarda Hindistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen bu ýurduň prezidentini we premýer-ministrini gutladylar.

Türkmenistanyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Hindistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini aýtdy we özara hormat, düşünişmek we ynam esasynda dostlukly we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy hem iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga oňyn baha berdi we bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halkynyň bähbitlerine laýyklykda yzygiderli ýokarlanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.