Türkmenistanda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň duşuşygynyň başlangyjy
Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň ýokary derejeli duşuşygy, Eýranyň wekiliniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolmagy bilen başlandy.
IRNA habar gullugynyň beren habaryna görä, "Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň" ýokary derejeli ýygnagy, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligiň hukuk we halkara meseleler boýunça orunbasary Kazem Garibabadiniň gatnaşmagynda çarşenbe güni Aşgabatdaky ildyldiz myhmanhanasynda işe başlady. Bu ýygnak penşenbe we anna günleri dowam eder.
Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitaraplyk dostlary topary halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, parahatçylyga abanýan howplaryň öňüni almak we ýok etmek we agressiw hereketleri basyp ýatyrmak üçin täsirli köpçülikleýin çäreleri görmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň teklibi bilen döredildi we şu wagta çenli bu topara 25 ýurt goşuldy.
Eýran Yslam Respublikasy 2022-nji ýylyň 9-njy maýynda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bitarap dostlar toparynyň agzasy boldy.