Amir Abdollahian: Sionist režimi syýasy we jemgyýetçilik kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüzdir
(last modified Fri, 07 May 2021 11:52:16 GMT )
May 07, 2021 16:52 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Sionist režimi syýasy we jemgyýetçilik kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüzdir

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Sionist režimiň syýasy we jemgyýetçilik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup durandygyny nygtady.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi "Huseýn Amir-Abdollahian" penşenbe güni agşam Eýranyň ikinji teleýaýlymyna beren interwýusynda soňky ýyllarda sionistler, köp gatlakly krizisler sebäpli BAE bilen Bahreýniň sionistler bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagyny gaty ulaltdylar diýip beýan etdi.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi şeýle-de bu söhbetdeşlikde Netanýahuň, Eýranyň ýadro meselesini ulaltmak bilen we Eýranyň atom bombasyny gurmak isleýändigini aýtmak bilen öz kemçiliklerini basyrjak bolup tagalla edendigini aýtdy.

Eýran sionist režiminiň köp isleýjiliklerine we çozuşlaryna garşylygy özüne ýörelge hasaplaýandyr diýip Amir Abdollahian aýtdy.

Amir Abdollahian şeýle hem, Eýran, palestin meseläniň demokratik çözgüdi höküminde hakyky palestinalylaryň, şol sanda musulmanlaryň, ýewreýleriň we hristianlaryň arasynda referendumyň geçirilmegini teklip etdi diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Eýranyň Siriýa, Yrak we Liwan ýaly köp arap ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň gaty gowydygyny aýtmak bilen Eýran-Arap gatnaşyklary iň gowy derejededir diýdi.